"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ekoulgamda hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini-de berýär. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäde ekologiýa meseleleriniň üstünlikli çözülmeginde döwletleriň hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan, daşky tebigy gurşawy goramak babatdaky halkara maslahatlarynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Saglygym — baş baýlygym!

Şah­sy gi­gi­ýe­na­nyň ka­da­la­ry­na we aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ne berk eýe­riň! El­le­ri­ňi­zi ýy­gy-ýy­gy­dan sa­byn­lap ýu­wuň we he­mi­şe aras­sa sak­laň! Da­şa­ry çy­ka­ny­ňyz­da an­ti­sep­ti­ki se­riş­de­le­ri­ni el­le­ri­ňi­ze sep­me­gi en­di­ge öw­rüň!

Ejem janyň dokan haly horjuny (Hekaýa)

Ýokary okuw mekdebinde okap alan hünärim meniň öz obamdan daş ýerlerde işlemegime sebäp boldy. Dogduk obama aýda-ýylda hem bir gezek gelip bilmeýän wagtlarym kän bolýardy. Ýöne her gezek ejemi ýatlasam, onuň tamyň kölegesinde ýüň arassalap, saýyp, daraklap taýýarlan, dürli reňkli ýüzlerçe sümeklerini bir başyndan egrip oturşy göz öňüme gelýärdi. Şol bada hem Çaryýar agam bilen ejemiň haly horjun baradaky gürrüňi gulagyma eşidilip başlaýardy. Ejemiň ýüzüniň az-kem üýtgemesi, müýnli, syrly ýylgyrşy mende täsin, nämälim duýgyny oýandyrýardy. Soňky döwürlerde horjunyň nagyşlarynda bir syryň bar bolaýmagynyň mümkindigi, ony derňäp görmek baradaky pikir meniň kellämden çykmaýardy. Haly baradaky okan rowaýatlarym, makalalarym bu hyýalymy has-da öjükdirýärdi. Şol makalalarda haly gölleriniň, nagyşlarynyň köp-köp syrlary özünde saklap bilýändigi barada aýdylýar, hatda döwrüň taryhyny hem halynyň nagyşlaryndan okap bolýar diýip ýazýarlar. Şeýle bir bolan waka barada ýazylan rowaýaty okanymda has-da haýran galdym. Ol rowaýatda bir ýerlere ýesir düşen naçar gyz dokaýan halysyna ýaşaýan ýeriniň adyny, salgysyny, oňa barýan ýollary çitýär. Üýtgeşik nagyşly, şeýle owadan halyny söwdagärler dürli şäherlerde satýarlar. Şol halylaryň biri jigisiniň nirä düşenini bilmän ýören agalarynyň eline gelýär. Jigisiniň dokmasyna belet agalary halydaky nagyşlaryň arasyna salnan salgylaryň üsti bilen öz naç

Çar ýandan oba hojalyk täzelikleri

Gurakçylyga çydamly bolar Hytaýyň «Origin Agritech» biotehnologiýa kompaniýasy gurakçylyga çydamly mekgejöweniň ösdürilip ýetişdirilişi dogrusynda synaglaryny tamamlady. Synaglaryň dowamynda ösümligiň suwsuzlyga garşy ukyplary ýüze çykaryldy. Geçirilen synaglar onuň guraklyga çydamlylygynyň adaty mekgejöweniňkiden 9,2-16,2 göterim ýokarydygyny görkezdi.

Gadyrly okyjylar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2022-nji ýylyň birinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini habar berýäris. Redaksiýanyň agzybir işgärleri hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwletli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy baradaky täsirli makalalary, habarlary we suratlary gyzgyny bilen okyjylara ýetirmäge çalyşýarlar. «Bereketli toprak» gazeti siziň ýakyn maslahatçyňyzdyr. Onuň bilen her hepdede duşuşmak üçin gazetiň abunaçysy boluň! Gazetiň abuna ýazylyşygynyň indeksi — 69508. Gazetiň ýarym ýyllygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Abuna ýazylyşyk «Türkmenpoçtanyň» ýerlerdäki kärhanalarynda geçirilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 02-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 50 — 70%.

SAGLYK — YNSAN DURMUŞYNYŇ BEZEGI

Saglygyň gadryn bilgil Magtymguly atamyzyň «Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmasdan burun» diýip, belleýşi ýaly, sagdyn ýaşamak ilki bilen, biziň özümize bagly. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Ýaramaz endiklerden daşda durup, ýagşy niýetleri ýaran edinip, maksadymyzy sogaply işlere gönükdirsek, ömrümiziň dowamlylygy artar. Çünki sogaply, haýyrly işlerde il alkyşy bar. Il aýtmyşlaýyn «Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen ýer».

Ýaz ekişine taýýarlyk işleri barha ýaýbaňlanýar

24-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işlere we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda welaýatlara guran iş saparlarynyň dowamynda sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we saparyň netijeleri barada aýdyp, bu ugurdaky işleri häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede guramak üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabyndan:

— Häzirki günde beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň iň gadymy görnüşini saklap galan dog görnüşli itleriň ýeke-täk tohumy bar. Bu gaýduwsyz, wepaly, güýçli, çydamly, akylly türkmen alabaýydyr. — Alabaýlaryň şekiljikleri we heýkeljikleri antik we orta asyr eýýamynyň harabaçylyklarynda-da duş gelýär.

Ilkinji hem ynamdar syrdaş

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orun eýelän alabaý itleri gadymyýetiň tümlügini aşyp, şu döwre geldiler» diýip belleýär. Arheologiýa ylmyndan belli bolşy ýaly, türkmen alabaý itleriniň nesliniň ilkinji eldekileşdirilip başlanan döwri hakynda alymlar tarapyndan birnäçe pikirler öňe sürülýär. Itleriň gelip çykyşyny anyklamak üçin geçirilen arheologiýa barlaglarynyň netijesinde mezolit döwrüne degişli tapyndylaryň arasynda olaryň süňkleri ýüze çykaryldy. Bu itiň süňkleri ilkinji rug jemagatynyň kowçum bolup ýaşan ýerlerinde saklanyp galypdyr. Alymlar muny şol döwürde itleriň ilkinji gezek eldekileşdirilip başlanmagynyň şertleri hökmünde häsiýetlendirýärler. Eýýäm şol döwürde adamlar itiň wepadar hem kömekçi häsiýetiniň bardygyna göz ýetirip başlapdyrlar. Şeýle-de W.M.Massonyň Jeýtun medeniýetinde alyp baran arheologiýa barlag işleriniň netijesinde itiň şekiline meňzeş heýkeljikleriň bölegi ýüze çykaryldy. Onuň pikirine görä, ol heýkeljikler dessur ähmiýetli bolup, olaryň kömegi bilen dini däp-dessurlary amala aşyrypdyrlar.

Häzirki we geljekki nesiller üçin gymmatly gollanma

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji aýynyň her bir güni taryhy wakalara beslenip, agzybir halkymyzyň kalbynda müdimilik orun alýar. Çünki täze ýyla gadam basylan ilkinji günlerden başlap, milli Liderimiz ýurdumyzyň uly ösüşlerdir özgerişlere eýe bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär. Geçen hepde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasy ösüşlerini aýdyňlygy bilen beýan edýän many-mazmuna baý kitaplar çapdan çykarylyp, agzybir halkymyzyň kitap tekjeleriniňdir kitap gorlarynyň üsti dolduryldy. «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy wakalaryň çuňňur beýany bolan kitaplaryň neşir edilip, halka ýetirilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlap alan netijeli daşary syýasat ugry bilen okyjylaryň ýakyndan tanyşmagyna döredilen giň mümkinçilikdir.

Şa gadamy şamçyragdyr ýolumyza

Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp, ol ýerde hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew hem-de onuň hünärmeni bilen duşuşyp, söhbetdeş boldy. Şol duşuşygyň özünde galan täsirleri dogrusynda gürrüňdeş bolmak üçin biz hem bu hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew bilen duşuşdyk. — Öremyrat, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmak, didarlaşmak, gör, nähili uly bagt!

Mehanizatorlar ýerleri ekişe taýýarlaýarlar

Gowaça ekiljek meýdanlarda irki möhletlerde şüdügär sürüminiň geçirilmegini gazanmak örän möhüm daýhançylyk çäreleriniň biridir. Şundan ugur alýan Bäherden etrabynyň ekerançylary bu işe irki möhletde girişdiler. Etrabyň pagtaçy kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda meýilnama boýunça 12 müň gektar meýdana gowaça ekmegi meýilleşdirip, meýdan işleriniň gerimini has-da ýaýbaňlandyrýarlar. Ekin meýdanynda ençeme günlerden bäri alnyp barylýan şüdügär sürüminiň gerimi gün-günden giňeýär. Etrabyň tehniki taýdan hyzmat ediş kärhanasynyň sürümçileriniň toparlaýyn usulda zähmet çekmekleri iş wagtyndan örän netijeli peýdalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Mehanizatorlaryň arasynda özara zähmet bäsleşiginiň dowam etdirilmegi-de, işleriň ilerlemegine ýardam berýär. Sürüm işiniň hil derejesine ýörite hünärmenler tarapyndan gözegçilik edilýär. Bu möhüm ekerançylyk çäresini geçirmekde etrabyň Magtymguly, Şaja Batyrow adyndaky, «Zähmet» daýhan birleşiklerinde zähmet çekýän mehanizatorlar öň hatarda barýarlar.

Şüdügär sürüm — giňeýär gerim

Hormatly Prezidentimiziň Şa gadamyndan ruhlanan Mary welaýatynyň ekerançylary we olara ýakyndan ýardam edýän mehanizatorlar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny rysgal-berekede besläp, üstünlikli jemlemek üçin turuwbaşdan iş depginlerini artdyryp, ýerleri ýokary hilli şüdügärlemeklige ünsi güýçlendirdiler. Häzir sebitde bu iş güýçli depginde dowam etdirilýär. Baýramaly etrabynda hem bu agrotehniki çäre guramaçylykly amala aşyrylýar. Öz işlerine ussat, tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlardan düzülen ýörite toparlar özara bäsleşikli zähmet çekýärler. Häzir etrapda ýerleri şüdügärlemek işinde sürüm traktorlarynyň 17-sini özünde jemleýän toparlaryň birnäçesi hereket edip, her günde 100 – 110 gektar meýdanda ýokary hilli sürüm işleri geçirilýär. Şu möwsümde 18 müň 800 gektar meýdanda şüdügär sürümini agrotehniki talaplara laýyk berjaý etmegi göz öňünde tutýan mehanizatorlar zähmet öndürijiligini barha ýokarlandyrmak bilen, şüdügär sürümini wagtyndan öň tamamlamagy göz öňünde tutýarlar. Ýerleri şüdügärlemekde «Gökdepe», Agaýusup adyndaky daýhan birleşikleriniň we «Erjel zähmetkeş» daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda zähmet çekýän mehanizatorlaryň nusga alarlyk iş bitirýändiklerini bellemek gerek.

Topragy magnitlendirilen suw bilen ýuwmagyň usuly

Şorlaşan ýerleri ýaramly ýagdaýa getirmegiň usullaryny kämilleşdirmek işleri suwarymly ýerleriň möçberini artdyrmagyň hasabyna täze girdeji çeşmesini döretmäge we sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Suwaryş suwuny magnitogidrodinamik ýagdaýda işjeňleşdirmek ýa-da suwy magnitlendirmek şorlaşan topraklaryň şoruny ýuwmagy çaltlandyrmak üçin amatly usuldyr. Şorlaşan ýerler magnitlendirilen suw bilen ýuwulýan wagtynda suwuň sarp edilişiniň adaty ýuwuş suwy bilen deňeşdirilende, azalýandygyny we ýuwmagyň dowamlylygynyň ep-esli gysgalýandygyny geçiren ylmy-barlag işlerimiziň netijesi görkezdi. Magnit enjamyndan geçirilen suw ýa-da magnitogidrodinamik ýagdaýda işjeňleşdirilen suw bilen ýuwuş suwy berlende, şol toprakdaky ergine täsir edip, ýagny, molekulýar güýçler arkaly topragyň bölejikleri bilen pugta baglanyşykly duz ergininiň eredijiligini güýçlendirýär, bu bolsa toprakdaky duz ergininiň çalt ýuwlup, aýrylmagyna getirýär.

Sarwanlaryň yhlasy

Hormatly Prezidentimiziň düýedarçylygy ösdürmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Sakarçäge etrabyndaky Sakarçäge maldarçylyk hojalygynyň maldarlary gyş paslyny hem hemmetaraplaýyn taýýarlykly garşyladylar. «Oty köpüň maly dok» diýen ýörelgeden ugur alýan maldarlar ýagyşly-ýagmyrly günlerde diňe bir mallaryň gowy gyşladylmagyny üpjün etmek, düýeleriň iýmitlenýän ot-çöpleriniň bol öri meýdanlaryny gyş üçin saýlap almak bilen çäklenmän, eýsem, zerur ýagdaýynda peýdalanyp bolar ýaly ätiýaçlyk ot-iým goruny hem öňünden taýýarlap goýdular. Ine, şonuň üçin hem 1172 tonna iri baldakly oty, 65 tonna ýorunja bedesini hem-de 166 tonna arpany möwsüme taýýarlan maldarçylyk hojalygynyň kärendeçi sarwanlary düýeleriň gowy gyşladylmagyny gazanýarlar. Etrabyň «Şyhmansur», «Galandar», «Hanguýy» ýaly bol ot-çöpli ýaýlalarynda bakylýan mallar özleriniň orta semizlikdäki ýagdaýyny saklaýarlar. Kärendeçi çopan toparlarynyň 19-syny özünde jemleýän hojalykda Rahym Jumanyýazow, Dörtguly Baýramow, Maksatmuhammet Jumanyýazow, şeýle hem doganlar Mekan we Tuwakmyrat Tuwakmyradowlar ýaly sarwanlaryň bakýan düýeleriniň ýagdaýlary has-da gowy.

Saglygym — baş baýlygym!

Kesellere garşy göreşmekde bedeni nähili berkitmeli? Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak işi köp bölekleýin we üznüksiz çärelerden ybarat bolup, olar özüniň oňat netijelerini berýärler. Kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgesi, bedeni taplamak we bedenterbiýäniň işjeň görnüşi bilen meşgullanmak bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar.

Bagly — barly

Türkmen halky bag ekmegi mydama sogap iş hasaplapdyr. Täze maşgala emele gelende ýaşaýşyň, gözelligiň, söýginiň, mukaddesligiň, perzent dünýä inende bolsa, bitewüligiň, müdimiligiň nyşany hökmünde ata-babalarymyz bag ekipdir. Tebigata aýawly çemeleşip, onuň bilen sazlaşykly, bitewülikde ýaşapdyr. Taryhdan mälim bolşy ýaly, siwilizasiýalaryň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri — dagdan akýan suwlary, gurply topragy, amatly howasy ösümlikleriň giň ýaýramagyna we dürli görnüşlerine baý bolmagyna, şeýle-de ekerançylygyň döremegine itergi beripdir. Türkmen halky bag ýetişdirmäge orta asyrlarda has uly ähmiýet beripdir. X asyryň taryhçysy Al-Istahry: «Merw özüniň arassalygy, ýerleşişiniň owadanlygy, jaýlaryň biçüwi we kanallaryň arasynda kwartallaryň ýerleşişleri, agaçlaryň ekilişi babatda Horasanyň başga şäherlerinden ýokary derejede bolupdyr» ýa-da «Merwiň guradylan miwelerine, ýagny, kişmiş we beýlekilere gaýry ýurtlardan isleg bildirilipdir. Merw miweleri şeýle süýji bolupdyr, hatda gawunlary dilim-dilim kesilip, Yraga äkidilipdir» diýip, Merwde miweleriň köp öndürilendigini beýan edýär.

Maldarçylyk pudagy: ýüň we deri çig maly

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň maldarçylyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, mallaryň baş sanyny artdyrmakda, olaryň tohumçylyk-seçgi işlerini alyp barmakda, önümliligini ýokarlandyrmakda we ot-iýmlik binýadyny berkitmekde degişli işleri geçirmek boýunça anyk wezipeler goýuldy. Şu wezipelerden ugur alyp, häzirki wagtda dowardarçylyk pudagynda hem uly özgertmeler amala aşyrylýar. Dowardarçylyk Türkmenistanda maldarçylygyň kämilleşen we esasy pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzyň özboluşly tebigy we howa şertleri bu pudagyň üstünlikli ýaýbaňlanmagy üçin örän amatlydyr. Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda öndürilýän gymmatly çig mallaryň biri-de ýüňdür. Türkmenistanyň maldarçylyk pudagynda ýüň çig malynyň 5 görnüşi öndürilýär: garaköli, saryja, düýe ýüňi, merinos hem-de angor tipli ýüň. Ýurdumyzyň maldarçylyk we fermer hojalyklarynda hem-de hususyýetçilikde her ýylda müňlerçe tonna ýüň öndürilýär.

Ejem janyň dokan haly horjuny (Hekaýa)

Her gezek oba gelenimde irki döwürlerde gurlan bir gat, pessejik mekdebiň ýerinden salnan iki gat, iki binaly, beýik, ýagty, giň sport meýdançaly, garaz, «Täzeden okaýsam» diýdirýän mekdep muzeýiniň sergiler jaýyna baryp görýärin. Bu sergide ekerançylykda, hojalykda ulanylan gadymy zatlaryň hemmesi bar. Sergini görseň, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň yhlaslylygyna haýran galyp, köpleriň ýadyndan çykyberen köne dünýäsine aýlanyp gelen ýaly bolýarsyň. Halydyr halyçalaryň, palaslaryň, ini bir garyş uzyn guşaklaryň, bukjadyr beýleki zatlaryň arasynda hatar-hatar uşajyk nagyşly, owadan agyz bagy bolan horjuna hem gözüň düşýär. Bu horjun dokalanyna ýetmiş ýyl geçen, ejem janyň dokan haly horjunydy. Horjunyň aşagyndaky ýazgyda ejemiň suraty, ady, horjunyň dokalan ýyly ýazylgy durdy. Horjun barada gürrüň berýän mugallym horjunyň taryhy barada onuň agzyndaky nagyşlara näme üçin «Täji göl» adynyň dakylanyny, ol ýerde nämeleriň ýazylanyny dilden aýdýardy. Her gezek bu horjunyň ýanynda uzak wagtlap saklanyp, sünnälenip dokalan nagyşlaryny sypap-sypap görýärin. Şol nagyşlaryň aňyrsynda ejem janyň keşbi ýylgyryp, maňa seredip duran ýalydy. Ol göýä nagyşlaryň arasyndan çykaga-da: «Jan oglum, janlar oglum! Bal oglum, ballar oglum! Ýumşa ýaran, «gel!» diýsem, gelen, «bar!» diýsem, baran oglum!» diýip, segseniň onuny ortalan ogluny bagryna basyp, onuň çap-çal saçly başyny sypaýan ýalydy. Me