Şüdügär sürüm — giňeýär gerim

25 Ýanwar 2022
959

Hormatly Prezidentimiziň Şa gadamyndan ruhlanan Mary welaýatynyň ekerançylary we olara ýakyndan ýardam edýän mehanizatorlar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny rysgal-berekede besläp, üstünlikli jemlemek üçin turuwbaşdan iş depginlerini artdyryp, ýerleri ýokary hilli şüdügärlemeklige ünsi güýçlendirdiler. Häzir sebitde bu iş güýçli depginde dowam etdirilýär. Baýramaly etrabynda hem bu agrotehniki çäre guramaçylykly amala aşyrylýar. Öz işlerine ussat, tehnikalara başarjaňlyk bilen erk edýän mehanizatorlardan düzülen ýörite toparlar özara bäsleşikli zähmet çekýärler. Häzir etrapda ýerleri şüdügärlemek işinde sürüm traktorlarynyň 17-sini özünde jemleýän toparlaryň birnäçesi hereket edip, her günde 100 – 110 gektar meýdanda ýokary hilli sürüm işleri geçirilýär. Şu möwsümde 18 müň 800 gektar meýdanda şüdügär sürümini agrotehniki talaplara laýyk berjaý etmegi göz öňünde tutýan mehanizatorlar zähmet öndürijiligini barha ýokarlandyrmak bilen, şüdügär sürümini wagtyndan öň tamamlamagy göz öňünde tutýarlar. Ýerleri şüdügärlemekde «Gökdepe», Agaýusup adyndaky daýhan birleşikleriniň we «Erjel zähmetkeş» daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda zähmet çekýän mehanizatorlaryň nusga alarlyk iş bitirýändiklerini bellemek gerek.

Şöhrat BEGNEPESOW,
TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň jogapkär işgäri.