HABARLAR

...
Türkmenistan — BMG: ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugrudyr. Häzirki döwürde BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara hyzmatdaşlyk täze ösüş depginine eýe bolýar. Ýurdumyz sebit, ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, olary çözmegiň iň amatly usullaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik kuwwatyny dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirýär. Bu çemeleşme, şeýle-de Watanymyzyň daşary syýasy ugry Milletler Bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama eýe boldy. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda öňde boljak 79-njy sessiýanyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Mundan başga-da, ýurdumyz guramanyň abraýly düzümleriniň agzalygyna birnäçe gezek saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy köp sanly Kararnamalary, şol sanda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açdy. 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen iri halkara guramanyň ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen syýasy, ykdysady, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljekdigi nygtaldy. Bu şanly seneler biri-biri bilen berk baglanyşykly bolup, ýurdumyz BMG-niň belent maksatlaryny durmuşa geçirmekde bilelikde tagalla etmäge taýýardyr.

...
Türkmenistan durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar

Türkmenistanda köpugurly döwlet syýasaty üstünliklere beslenýär. Onuň çäklerinde amala aşyrylýan beýik işler, biri-biriniň üstüni ýetirýän şanly wakalar ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini esasy maksat hökmünde kesgitläp, durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirýär. 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütler hem öňde goýlan wezipeleriň, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Mejlisde Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk hakynda Kanunlara girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar we kabul edilen kanunçylyk namalary barada aýdyldy. Olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilendigini bellemek gerek. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagyna, ugurdaş ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. Şeýle hem deputatlaryň BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ilat gaznasynyň we Halkara Migrasiýa Guramasynyň wekilhanalarynyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary barada aýdyldy. Mejlisiň wekili Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde geçirilen çärä gatnaşmak üçin iş saparynda boldy.

...
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklary — adamzadyň mirasy

Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda ilkinji gezek kitap görnüşinde neşir edildi. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri hem-de işgärleri üçin niýetlenendir. Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar. “Nusaý”, “Köneürgenç”, “Gadymy Merw”, “Gadymy Dehistan”, “Kerki”, “Abiwerd”, “Köne Sarahs” we “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikleri bolsa ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Resmi habarlar

SAÝLAMA HABARLAR

SOŇKY BILIDIRIŞLER