Türkmen-malaý gatnaşyklarynda täze sepgitler
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, özara peýdaly, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýän Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Häzirki döwürde dürli ugurda üstünlikli ösdürilýän türkmen-malaý hyzmatdaşlygy okgunly häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 18-19-njy dekabrda Malaýziýa resmi sapary hyzmatdaşlygyň täze üstünliklerine beslendi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi. Bu resmi sapar hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa bolan ilkinji resmi saparydyr. Iki dostlukly döwletiň arasynda 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlandyr. Şondan bäri geçen döwrüň içinde iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugur boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Esasan-da, nebitgaz senagaty, bilim, syýahatçylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Bu Beýannamada energetika pudagy