HABARLAR

Basketbol barada gyzykly maglumatlar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bas­ket­bol oý­ny 1891-nji ýyl­da oý­la­nyp ta­py­lan spor­tuň bir gör­nü­şi­dir. «Bas­ket­bol» sö­zi iň­lis di­lin­de «bas­ket» — se­bet, «ball» — top diý­me­gi aň­la­dyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da bu oýun Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ryn­da spor­tuň iň meş­hur gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. 1891-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň Spring­fild şä­he­rin­dä­ki tür­gen­le­şik mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my, ka­na­da­ly Jeýms Neýs­mit bas­ket­bol oý­nu­ny oý­lap ta­pyp, ony şeý­le hä­si­ýet­len­dir­ýär: «Bas­ket­bo­ly oý­na­mak aň­sat, ýö­ne oňat oý­na­mak kyn». 1911-nji ýyl­da Spring­fild kol­le­ji Jeýms Neýs­mi­tiň bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin oňa «Be­den­ter­bi­ýä­niň us­sa­dy» di­ýen hor­mat­ly de­re­jä­ni ber­ýär. 1968-nji ýyl­da bol­sa kol­lej­de «Bas­ket­bo­lyň şöh­ra­ty» at­ly Jeýms Neýs­mit mu­ze­ýi açyl­ýar.

Pälwan

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýur­du­myz­da spor­tuň äh­li ugur­la­ry bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Sport­da mil­li hä­si­ýe­te eýe bo­lan türk­men mil­li gö­re­şi bu gün­ki gün bü­tin dün­ýä ýü­zün­de da­ba­ra­lan­ýar. Türk­men mil­li gö­re­şi­miz ga­dym­dan gel­ýän ata-ba­ba­la­ry­my­zyň zäh­me­tin­den, çuň­ňur ze­hi­nin­den ke­mal ta­pan sport gör­nü­şi­dir. Mil­li gö­re­şi­miz toý-baý­ram­lar­da toý­la­rymy­zyň be­ze­gi ha­sap­lan­ýar. Emma hä­zir­ki wagt­da türk­men mil­li gö­re­şi spor­tuň dün­ýä are­na­syn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Ola­ra sport­da pä­lwan däl-de tür­gen diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Gö­reş tut­ýan päl­wan­lar do­gum­ly, iri süňk­li, giň döş­li, bi­le­gi güýç­li bol­ýar­lar. Bu­la­ryň şeý­le bol­ma­gy­na sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry päl­wan­la­ry gaý­rat­ly ed­ýär.

Futbol oýnunyň adalgalary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Maglumata bolan zerurlyk adamynyň sosial ýagdaýyna, ýaşaýyş şertlerine, edýän işine köp derejede bagly bolýar. Zerurlyk esasynda bolsa, habara bolan gyzyklanma döreýär. Adam durmuşdaky ornuny tapmak hem-de anyk meseleleri çözmek üçin nähili maglumatlaryň gerekdigini bilýär hem-de şol maglumatlary almaga çalyşýar. Käwagtlarda bolsa ideýalary, dünýägaraýyşlary, syýasy we ahlak gymmatlyklary auditoriýa metbugat serişdeleri, teleradioýaýlymlary arkaly düşündirmeli bolýar. Dürli görnüşdäki köpçülikleýin teleradio ýaýlymlary özara birleşip bir, umumy wezipäni ýerine ýetirýärler. Bu öz kanunlary we öz gatnaşyklary boýunça ýaşaýar. Dürli görnüşli habar berş serişdelerini bir umumylyga, olaryň ählisini birmeňzeş usullary ulanýandygy birleşdirýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim pudagny ösdürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleri ýurdumyzda tehnologiýalaryň, şol sanda žurnalistikanyň-da ösmegine, hem-de ondaky ulanylýan adalgalaryň-da köpelmegine getirýär.Ýurdumyzyň sport ulgamynda hem alnyp barylýan döwrebap özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän dürli derejedäki sport ýaryşlary bolsa bu ugurdan köp sanly sözleriň türkmen diline berk orn

Los-Anjeles 2028

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Los-An­je­les 2028 Olim­pi­ýa Oýun­la­ry, 1932-nji we 1984-nji ýyl­lar­dan soň, şä­he­riň 3-nji ge­zek bu dün­ýä äh­mi­ýet­li sport wa­ka­sy­ny ka­bul et­me­gi­ne se­bäp bol­dy. Bu oýun­lar, hem sport, hem-de jem­gy­ýet üçin mö­hüm tä­ze­lik­le­ri we ösü­şi ge­tir­jek­dir. Los An­je­les 2028 Olim­pia­da­sy, şä­he­riň inf­rast­ruk­tu­ra­sy, sport uky­by we dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­den gel­ýän tür­gen­ler üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­ler dö­re­der.

Futbolda iň ýakymly ýatlama

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýa­kyn­da sport te­le­ýaý­lym­la­ry­nyň bi­rin­de bir söh­bet­deş­li­ge ga­bat gel­dim. On­da «Bar­se­lo­na» fut­bol to­pa­ry­nyň öň­ki fut­bol­çy­sy Kris­ti­an Tel­lo sport žur­na­lis­ti­niň so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýär­di.

Sportdaky rekordlar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 200 met­re kebelekläp ýüz­mek­de dün­ýä re­kor­dy­ tä­ze­le­ndi

Fijital sportuň kanunçylyk esaslary

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sport ulgamyny kämilleşdirmek, ylma we innowasiýalara daýanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, sportuň innowasion ugurly görnüşlerinden halkara tejribesini öwrenmek, sportuň täze görnüşlerini ornaşdyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.

Türkmeniň kalbynda orun alan milli göreş

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Pälwançylyk, göreş tutmaklyk türkmen halkynyň durmuşynda asyrlarboýy ähmiýetli orny eýeläp, ol sungat derejesine ýetirilendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sportuň göreş görnüşleriniň, esasan hem, türkmen milli göreşiniň ösmegi, giň gerimde ýaýbaňlanmagy üçin döwletimizde ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Sportuň göreş görnüşleri boýunça dünýä, yklym, sebit derejelerindäki iri ýaryşlary geçirmek hukugyna birnäçe gezek biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mynasyp görülmegi bolsa pederlerimizden dowamat-dowam bolup gelýän türkmen milli pälwançylyk ýolunyň halkara derejede ykrar edilmesidir. Ata-babalarymyz tarapyndan sungat derejesine ýetirilen türkmen göreşi barada toplan aşakdaky maglumatlarymyz hem onuň dünýäde meşhur bolýan häzirki günlerinde sizi biparh goýmaz diýip pikir edýäris.

Gyş pas­lyn­da spor­tuň haý­sy gör­nü­şi sag­ly­ga oňaý­ly tä­sir ed­ýär?

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Gyşda sportuň dürli görnüşleri saglyga we beden saglygyna oňaýly täsir edýär. Gyş möwsüminde sport bilen meşgullanmak, bedeniňi güýçlendirip, immun ulgamyny güýçlendirip we psihologik ýagdaýyňy gowulandyrmak üçin gowy mümkinçilikdir. Ýöne sportuň görnüşleriniň saglyga ýetirýän täsiri dürli-dürli bolýar.

Dünýäden ulurak ýewropadan kiçi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Islendik ugurdan berilýän uly baýraklara üns berseňiz, diňe bir hünär başarnygy däl, eýsem şol hünär bilen baglylykdaky daş-töwerege edýän täsirine hem üns berilýändir. Bu adam şahsyýetiniň esasy orunda durýanlygyndan gelip çykýan ýagdaý bolsa gerek...