Futbol oýnunyň adalgalary

13 sagat öň
8

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Maglumata bolan zerurlyk adamynyň sosial ýagdaýyna, ýaşaýyş şertlerine, edýän işine köp derejede bagly bolýar. Zerurlyk esasynda bolsa, habara bolan gyzyklanma döreýär. Adam durmuşdaky ornuny tapmak hem-de anyk meseleleri çözmek üçin nähili maglumatlaryň gerekdigini bilýär hem-de şol maglumatlary almaga çalyşýar. Käwagtlarda bolsa ideýalary, dünýägaraýyşlary, syýasy we ahlak gymmatlyklary auditoriýa metbugat serişdeleri, teleradioýaýlymlary arkaly düşündirmeli bolýar. Dürli görnüşdäki köpçülikleýin teleradio ýaýlymlary özara birleşip bir, umumy wezipäni ýerine ýetirýärler. Bu öz kanunlary we öz gatnaşyklary boýunça ýaşaýar. Dürli görnüşli habar berş serişdelerini bir umumylyga, olaryň ählisini birmeňzeş usullary ulanýandygy birleşdirýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ylym-bilim pudagny ösdürmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleri ýurdumyzda tehnologiýalaryň, şol sanda žurnalistikanyň-da ösmegine, hem-de ondaky ulanylýan adalgalaryň-da köpelmegine getirýär.Ýurdumyzyň sport ulgamynda hem alnyp barylýan döwrebap özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän dürli derejedäki sport ýaryşlary bolsa bu ugurdan köp sanly sözleriň türkmen diline berk ornaşan, seýrek ulanylýan, şeýle hem entek ornaşyp ýetişmedik käbir adalgalaryň manysyna düşünmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Şu nukdaýnazardan-da sportuň iň bir giň ýaýran görnüşi, köpleriň söýgüli oýny bolan, futbol oýny bilen bagly adalgalaryň manysyny aýdyňlaşdyrmagy maksat edindik. Futbol iňlis dilinden terjime edilende «foot» aýak, «ball» top diýmegi aňladyp, sportuň toparlaýyn oýnalýan görnüşi bolup, onuň maksady garşydaş taraplaryň bir-biriniň derwezesinden köp top geçirmekdir. Futbol aýak bilen hem-de eliňden başga teniň beýleki agzalary bilen oýnalýan toparlaýyn oýun. Bu günki gün futbol Ýer ýüzünde, şol sanda Türkmenistanda hem sportuň iň bir giň ýaýran we iň köp tomaşa edilýän, köpleriň söýgüli oýnudyr. Biz aşakda futbol oýnuna degişli giň ýaýran käbir adalgalaryň düşündirişini okyjylarymyza ýetirmegi maksat edindik.

Rejepnur GURBANNAZAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynuň uly mugallymy.