Sag kenaryň bilim köşgi

12 sagat öň
21

Hojambaz etrabyndaky täze mekdepde alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet

Menzilleriň esasy ýakymy — ýürege ýakyn ýatlamalary. Türkmenabatdan 100 kilometrden gowrak ýoly geçip, Pelwert — Mekan panton köprüsi arkaly goja Jeýhun bilen salamlaşyp, Hojambaz etrabyndaky 38-nji orta mekdepde şaýat bolan gowulyklarymyz hem olary kagyza geçirmäge we hemmeler bilen paýlaşmaga imrindirýär. Çünki diňe bir paýtagtdan däl, eýsem, welaýat merkezinden hem ep-esli uzakda ýerleşýän Hojambaz şäherinde 960 orunlyk (şu ýyl ýurdumyzda açylyp, ulanylmaga berlen mekdepleriň iň ulularynyň biri) döwrebap mekdebiň gurlandygyna şaýat bolmak Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsanjyňy barha artdyrýar.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar