Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen Magtymgulynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy kitabyň halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmäge ýol açýan bahasyz gymmatlykdygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Oňa ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, döwletimiziň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, žurnalistler gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagta çenli Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň 40-dan gowrak diline terjime edildi. Hytaý Halk Respublikasynda çapdan çykan täze kitap bolsa şahyryň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki üçünji neşiridir. Geçen aýyň hut şu günlerinde Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bu kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahatyň geçirilendigini gazetimizde habar beripdik. Paýtagtymyzda bu günki guralan çäre-de şolaryň üstüni ýetirip, türkmen-hytaý dostlugynyň kitaply gatnaşyklar arkaly has-da berkeýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Kitabyň terjime edilmegine gönüden-göni dahylly bolan wekiller hem tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylara «Asman astyndaky ýurtdan» öz wideoýüzlenmelerini ýolladylar. Biz hem olaryň beren gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.