Sagdynlyk — bagtyýarlyga uzaýan ýol
«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli senenamamyzda uly orun alan birnäçe baýramçylyklarda Watanymyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän köpsanly sport desgalarynda sportuň köp görnüşleri boýunça bäsleşikleriň, köpçülikleýin bedenterbiýe we medeni çäreleriň, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň möçberli çäreleriň ýokary guramaçylykda, il agzybirliginde we jebisliginde geçirilmegi raýatlarymyzda uly ruhubelentlik duýgularyny döredýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ähli gowulyklaryň hem rowaçlyklaryň saka