Saglyk — baş baýlyk

1 gün öň
37

Gyş paslynda howanyň sowamagy sebäpli, islendik keselden, şol sanda ýiti respirator keselinden goranmak örän möhümdir. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleri bilen ähli ýaşdaky adamlar, esasan hem, kiçi ýaşly çagalar köp keselleýär. Kesel syrkawdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen ýokuşýar hem-de birmeňzeş kliniki alamatlary, ýagny gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kesel ýokuşandan soň birnäçe sagatdan 2 güne çenli wagt aralygynda ýiti başlaýar. Adatça, syrkaw birdenkä üşüdip ugraýar, ysgyndan gaçýar, gyzdyrýar. Bedeniniň temperaturasy ýokarlanýar. Şeýle ýagdaýda oňa özbaşdak antibiotik derman serişdeleri bermekden saklanmaly, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, onuň bellän bejergisini almaly.

Möwsümleýin döreýän kesellerden goranmak, keseliň öňüni almak hökmandyr. Adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan gaça durmaly. Hemişe ýanyňda çygly süpürgiçleri saklamaly. Wirusyň eller arkaly ýokuşmak howpy döredýän ýagdaýlarda elleriňi çygly süpürgiç bilen süpürmeli. Ýaşaýan jaýyň otaglaryny her gün 3-4 gezek ýelejiredip, çygly esgi bilen arassalap durmaly. Oksolin melhemini burun boşlugyna çalmaly. Sebäbi burnuň nemli gatlagy gurak bolanda, ýerli immunitet peselýär we wiruslaryň bedene aralaşmagy üçin oňaýly şertler döreýär. Keselden goranmak üçin lukman bilen maslahatlaşmaly. Her ýylyň güýz, gyş paslynda ýaýramagy mümkin bolan ýiti respirator keselinden goranmak üçin, ýörite niýetlenen öňüni alyş sanjymlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp almaly. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, ýaşaýan ýeriňi, bedeniňi, egin-eşigiňi, ýorgan-düşegiňi, gap-gajyňy arassa saklamak we dogry iýmitlenmek, işjeň hereket etmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak bilen immunitetiňi pugtalandyrmalydyr.

Aýsoltan ÝAGMYROWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji saglyk öýüniň baş lukmany.