Bagtyýarlygyň çeşmesi

1 gün öň
42

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramaga, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasaty işjeň durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilip, guwandyryjy netijeler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Alym Arkadagymyzyň keremli topragymyzda ösýän ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanma öwrüldi. Bu ajaýyp kitaplar ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatlygyna öwren halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy.

Täze lukmançylyk edaralary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup, saglygy goraýşyň milli nusgasy döredildi. Alnyp barylýan işleriň hatarynda döwrebap saglyk öýleriniň, anyklaýyş merkezleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň halka hyzmat etmegi babatdaky döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenilmäge mynasyp. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, barlaghanalar we beýleki zerur bolan tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary keselleri anyklamakda, bejeriş-öňüni alyş işlerini geçirmekde, amaly we ylmy-barlag hem-de tejribe-önümçilik wezipelerini çözmekde öňdebaryjy usullary peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Baýramnyýaz GARAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň assistenti.