Ynsan saglygy — baş baýlyk

22 Dekabr 2024
146

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy hakynda uly alada edilýär, her bir adamyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň saglyk ulgamynda durmuşa geçiren beýik işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. Ýurdumyzda bina edilen saglyk öýleri, ylmy-kliniki merkezler we beýleki maksatly desgalar dünýäniň iň ösen enjamlary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şäherlerde, obalarda sport merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Bu merkezlerde ildeşlerimiz sport bilen meşgullanyp, medeniýetli dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Munuň özi adam saglygynyň has-da gowulaşmagyna, ýaş nesilleriň sagdyn ösmegine ýardam edýär.

Mälim bolşy ýaly, 7-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän işleri, enäniň we çaganyň saglygyny goramakdaky tagallalary örän uly ähmiýete eýedir. Hut şeýle beýik işleriň, asylly başlangyçlaryň netijesinde çagalaryň röwşen geljegi üpjün edilýär, olaryň bagtyýar hem-de sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär.

Miwe BERDIMYRADOWA,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktory.