HABARLAR

Biologiýa dersinden bäsleşdiler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda baýramçylyk çäreleridir bäsleşikler biri-birine ulaşýar. 18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden geçirilen bäsleşik hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň tebigy zehin-başarnygyny hem-de şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we höweslendirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen ders bäsleşiginiň esasy maksady Türkmenistanda tebigy ylmy ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşik biologiýanyň ylmy we amaly meselelerini derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmekde, olaryň bu ders boýunça bilimlerini has-da artdyrmakda, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakda netijeli boldy.

Kitaphanalarymyzda ― sanly ulgam

Etrabymyzdaky orta mekdepleriň kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda mugallymlara we okuwçylara hyzmat etmegiň iň döwrebap usullary boýunça tejribeler paýlaşyldy. Maslahat etrap bilim bölümi tarapyndan guraldy. Maslahatda nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň orta mekdeplerindäki kitaphanalaryň kitap gory okuw gollanmalary we çeper eserler bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Olaryň saklanylyşynda we okyjylara ýetirilişinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasy wezipeleriň biridir. Etrabymyzdaky mekdepleriň aglabasynda sanly kitaphana ulgamynyň eýýäm ornaşdyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Şeýle mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçen okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berlen biziň orta mekdebimizde hem bar. Sanly ulgam kitaphanaçylaryň işini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Durmuşymyzyň güli, döwrümiziň guwanjy

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine we halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygy bilen milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, saglygy goraýyş, medeniýet, bilim ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine we bu ugurlar boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesliň kämil bilim derejesiniň we hünär endikleriniň binýatlyk esasy goýulýar.

Baş maksat — döwrebap bilim bermek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz belent üstünlikleri nazarlap, ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler halkymyzy, aýratyn-da, bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň ak mermerli täze binalar toplumynyň açylyşy özüniň şatlyk-şowhunly dabaralary bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň täze neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Ýürekden bir sözüm bar

Arzuwlarymyň başlangyjy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Maňa Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň birinji ýyl talyby bolmak bagty miýesser etdi. Bu ajaýyp pursat, meniň üçin diňe bir talyplyk ýoluna ilkinji gadam bolman, eýsem, ata Watanymyza we mähriban halkymyza mynasyp hyzmat etmek baradaky beýik arzuwlarymyň başlangyjydyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Üstünligiň gözbaşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini kemala getirmek wajyp wezipeligine galýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri ýokarlandyrylýar. Şeýle aladalar bolsa, bilim işgärlerine bildirilýän talaby, olaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrýar.

Bilim ulgamyndaky nusgalyk işler

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygynyň bilimdigini aýratyn nygtaýar. Bu hakykat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklere beslenýän bilim özgertmeleriniň çuňňur mazmunynda hem mynasyp beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryndan gözbaş alýan bilim özgertmeleriniň baş maksady bolsa, ýurduň daýanjy bolan ýaş nesliň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk bilim we ylym almaklaryny gazanmakdan ybaratdyr. Munuň özi berkarar Diýarymyzyň ähli ugurlarda okgunly ösüşini üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýändigini nygtamagy hem şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin milli bilim ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy b

Bilim — röwşen geljege binýat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda edilýän tagallalar barha rowaçlanýar. Şonuň bilen baglylykda, okuw maksatnamalary kämilleşdirilýär, bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar, döwrebap mekdepler gurlup ulanylmaga berilýär.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanmagy bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Çagalar baglarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmekde, bilimli, aň taýdan ösen, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmekde, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmakda, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşini kämilleşdirmekde, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda agzalan Konsepsiýanyň möhüm ähmiýeti bardyr. Konsepsiýada göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, kämil bilimli, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, hakyky watansöýüji nesliň kemala gelmegine itergi berer.

Terbiýeçilik işiniň esasy wezipesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesliň gowy bilim-terbiýe almagyna, döredijilige ugrukmagyna, Watana, halka, milli ýörelgelerimize ygrarly bolup kemala gelmegine ýardam edýär. Häzirki ösüşler, özgerişler döwründe medeni miras, milli terbiýeçilik ýörelgeleri wajyp ähmiýete eýedir. Milli däp-dessurlar we täze özgertmeler, innowasiýalar ösüşiň biri-biri bilen özara baglanyşykly iki ugry bolup durýar. Täze özgertmeler jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine almak bilen, milli ýörelgelerimizi, medeni baýlyklarymyzy gorap saklamagy, olar barada ýaşlara has giňden düşündirmegi hem öz içine alýar. Bu gün Garaşsyzlyk döwrümizde kemala gelen täze gymmatlyklar milli medeniýet bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, ýaş nesli terbiýelemek işine netijeli ornaşdyrylýar. Jemgyýetiň ruhy dünýäsiniň kämilleşmeginde halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen nusgalyk ruhy-ahlak, aňyýet gymmatlyklarynyň täze derejelere çykarylmagy ýurdumyzyň ösen döwlete öwrülmeginiň wajyp sütüni bolup durýar. Biziň milli ösüş ýörelgelerimizde jemgyýetiň medeni, ruhy binýatlarynyň berkidilmegine aýratyn orun berilýär. Biziň milli hem-de şu günki medeniýetimizde, däp-dessurlarymyzda jemlenen ahlak düzgünleri, milli gymmatlyklar bellibir

Ylym-bilimde döwrebap ýollar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem bilim özgertmeleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm resminamalardan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler hem uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mugallymlar, bilim işgärleri ylym-bilimi özleşdirýärler we ylmy esasda sapaklary, okuwlary alyp barýarlar. Şunda okatmagyň iň bir döwrebap usullaryndan peýdalanmak täze mümkinçilikleri üstünlikli durmuşa geçirmek esasy ugur bolup durýar. Sapakda okatmagyň dürli ugurlary peýdalanyp bilner, emma döwrebap, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar özüniň oňat netijesini berýär. Şonuň üçin hem ýaş mugallymlar taýýarlanylanda ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanmagy, okuwçynyň dünýägaraýşyny ösdürmegi, şeýle hem çagalaryň okuwa bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýäris. Bu babatda ylmy kitaplardan hem, okuw kitaplaryndan hem peýdalanmak möhümdir. Şonuň üçin hem okuw sapaklary guralanda ýörite meýilnamalaşdyrmak, kitapdaky maglumatlary okuwçynyň aňyna