Asylly ýörelgelere sarpa

22 Dekabr 2024
149

Çagalara söýgi, mähir, alada bilen garamak, olarda maşgalanyň hem jemgyýetiň iň gowy sypatlaryny kemala getirmek ata-ene üçin parzdyr. Biziň ata-babalarymyz durmuş we maşgala barada örän sada hem parasatly pikirlerini aýdyp, nesilden-nesle miras galdyrypdyrlar. «Bir ýyl dok ýaşaýyn diýseň, däne ek, on ýyl bolelin ýaşaýyn diýseň, miwe ýetişdir, ýüz ýyl rahat gezeýin diýseň, perzent ýetişdir» diýýän halkymyz diňe şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem gowulyklara beslenmeginiň aladasyny edipdir.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalaryny Watana, ata-enesine wepaly, päk ahlakly, zähmetsöýer edip terbiýeläpdirler. Olaryň bilimli-ylymly bolup ýetişmekleri üçin ellerinden gelenini gaýgyrmandyrlar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýörelgesine görä, ogul-gyz ata-enesine hemişe borçludyr. Çaga gowy at dakmak, ony terbiýelemek, okatmak hem-de öýli-işikli etmek bolsa, ata-enäniň borjy hasaplanýar. Perzent ýetişdirmek maşgalanyň baş maksady bolup durýar. Maşgalada çaga terbiýelemegiň esasy maksady — çagany geljekde Watana wepaly, il-gününe halal hyzmat edýän, bilimli-ylymly, giň gözýetimli, zähmete ukyply edip kemala getirmekdir. Diýmek, ata-enäniň çaga mynasyp at dakmakdan soňky borjy ony terbiýeläp, bilimli-ylymly edip, il hataryna goşmak bolup durýar. Hawa, çaga terbiýesi durmuşda iň köp öwrenilmeli we türkmeniň bu asylly däpleri wagyz edilmeli zerur meseleleriň biridir.

Pudakmyrat NARLYÝEW,
Babadaýhan etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.