Ylmy-usuly maslahat geçirildi

2 gün öň
32

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ylmy-usuly maslahat geçirildi. Nebitgaz toplumynyň arhiw işlerine usuly kömek bermek maksadynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi bilen bilelikde guran maslahatyna degişli toplumyň arhiwleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň pudaklaýyn arhiwler bölüminiň müdiri Azymmuhammet Ataýew, baş hünärmeni Anna Şabalina, uly ylmy işgäri Jennet Annaçaryýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň arhiw müdiri Laçyn Ýarmämmedowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň arhiwiniň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Oguljemal Gylyçdurdyýewa dagy çykyş etdi.

Sonagül HOJAMURADOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň arhiwiniň müdiri.