Aý­dyň mak­sat­lar — dur­nuk­ly ösüşiň kepili

25 Iýul 2024
181

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Hö­kü­met mej­li­si­niň ba­şyn­da 2024-nji ýy­lyň ýan­war — iýun aý­la­ry­nyň mak­royk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ha­sa­bat döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da gör­len çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de, je­mi içer­ki önü­miň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün edil­di. Bu gör­ke­zi­ji se­na­gat pu­da­gyn­da 3,6 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk­da 9,3 gö­te­ri­me, ulag we ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 7,3 gö­te­ri­me, söw­da­da 7,8 gö­te­ri­me, oba ho­ja­ly­gyn­da 5,8 gö­te­ri­me, hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 7,9 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, je­mi ön­dü­ri­len önüm 11,5 gö­te­rim art­dy. Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­my bo­ýun­ça bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy, ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 11,1 gö­te­rim kö­pel­di. Ýur­du­my­zyň iri we or­ta kär­ha­na­la­ryn­da or­ta­ça aý­lyk zäh­met ha­ky, 2023-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, 10,4 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Ha­sa­bat döw­rün­de aý­lyk zäh­met hak­la­ry, pen­si­ýa­lar, döw­let kö­mek pul­la­ry, ta­lyp hak­la­ry öz wag­tyn­da we do­ly ma­li­ýe­leş­di­ril­di.

Beýleki habarlar