Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

7 Sentýabr 2024
57

Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz!

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bolan bize iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, bu bäsleşigiň ýokary derejede, şowhunly hem-de guramaçylykly geçmegi babatda ýakyndan beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşan, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleri hökmünde biziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işleri ajaýyp aýdym-sazlar bilen şöhratlandyrmak, parahatçylygy, dostlugy belentden wasp etmek hem-de dabaralandyrmak, täze döredijilik üstünlikleri bilen milli aýdym-saz sungatymyza mynasyp goşant goşmak baradaky mähirli arzuwlaryňyz, Garaşsyz Diýarymyza, Watanymyzyň beýik Ogullary bolan Milli Liderimize hem-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Size bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar.