«e-Mekdep» ulgamy — döwrebap ösüşde täze ädim

7 Sentýabr 2024
77

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylan Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda döwlet Baştutanymyza habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen, orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «e-Mekdep» platformasy işläp başlady.

Elektron mekdep dolandyryş ulgamynyň maksady «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan, «Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 4-nji martyndaky Kararyndan, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martyndaky Permanyndan, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky Kararyndan we beýleki degişli resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekden, mekdep ýolbaşçylaryna usuly kömek bermekden, olaryň iş resminamalaryny dogry ýöretmekdäki jogapkärçiligini artdyrmakdan hem-de okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ugur alýar.

(Ýörite habarçymyz).