"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň ähli arzuwlary wysal boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň sarpasynyň belent tutulmagy, onuň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilmegi türkmen halkyny buýsandyrýar. Şunuň bilen bagly düýn 23-nji dekabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüni we dürdäne eserlerini, parasatly pikirlerini täzeden öwrenmekde hem-de onuň at-owazasynyň waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak çäresi geçirildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar täze ösüşlere itergi

Düýn 16-njy dekabrda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.  18-nji dekabra çenli dowam edýän «Iran Agrofood» sergisine Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Eýran ýurdumyzyň ýakyn goňşusy we ykdysady hyzmatdaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki halkyň arasyndaky doganlyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän bu sergi munuň aýdyň güwäsidir. Biz hem «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşýan Eýran Ysla

Ýurdumyzda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy

Düýn ýurdumyzda ajaýyp sazlaryň ýaňlanmagynda şadyýan körpeleriň gatnaşmagynda Watanymyzyň ýaşajyk sungatsöýer nesliniň taýýarlan sahnalarynyň, aýdymdyr tanslarynyň ýerine ýetirilmeginde arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesiniň baş arçasynyň yşyklary töwerege ýalkym saçdy. «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deň bolan beýik baş arçanyň yşyklary paýtagtymyza has-da gözellik çaýýar. Sekizburçly ýyldyz, «2025» ýazgy bilen bezelen, hem-de köp sanly dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Arça täze ýylyň ýetip gelýändiginiň alamaty bolup uzaklardan seleňläp görünýär.

Ýaş zehinli sungat ussatlarynyň sergisi

Ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde «Ýaş zehinler» atly sungat hepdeligi geçirildi. Okuw mekdebiniň surat mugallymy Gülşat Orazberdiýewanyň ýolbaşçylygynda okuwçylar şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri boýunça özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Ýaş zehinlileriň öz elleri bilen döreden sungat eserleri mekdebiň zalynda sergilendi. Bu çäräniň esasy maksady tebigatdaky zyňyndylary azaltmak, daşky gurşawy arassa saklamakdyr. Okuwçylar polipropilen galyndylaryndan, güýz ýapraklaryndan zenan lybaslarynyň dürli görnüşlerini ýasap mugallymlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Zehinli okuwçylar ýörite hünär derslerinde alan bilimlerini amaly işleriniň üsti bilen ýagny döreden eserleriniň netijesinde görkezdiler. Ösüp gelýän ýaşlary sungat ýoluna, çeper döredijilige gyzyklandyrmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmak maksady bilen geçirilen bu çäre okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny, milli sungatynyň taryhyny öwrenip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, maddy we ruhy medeni mirasymyzy geljek nesillere ýetirmek üçin, sungatyň dürli görnüşlerine degişli ýokary çeperçilikli täze eserleri döretmek üçin ähli şertler döredilýär. Geljekki ýaşlaryň kämil derejede bilim almaklary üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler bilesigeliji ýaşlaryň döredijilik ukyplarynyň  kemala gelmegind

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzda del tagamlaryň dürlüligi giňeýär

Türkiýeli meşhur aşpez Burak Özdemir Türkmenistandaky şahamçasy bolan Aşgabat şäherindäki «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde «CZN Burak Gurme» restoranyny açdy.

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Geçirilen sergä Türkiýäniň dürli ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň hem-de birleşmeleriň 70-den gowragy gatnaşdylar. Onda esasan hem tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlary, himiki we gurluşyk serişdeleri, dokma, azyk senagat önümleri, derman serişdeleri, öý hojalyk harytlary öndüriji, logistika hyzmatlar ulgamy hödürlenildi. Sergi iki ýurduň işewürleri üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Bu sergi täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança boljakdygy şübhesizdir. Çünki bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we maýa goýumlary özüne çekmäge gönükdirilendir. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze mümkinçilikleriň açary boljak bu geçirilýän sergä gatnaşýan birnäçe işewürler bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Gahryman Arkadagymyzyň täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Düýn 3-nji noýabrda Türkmenistanyň medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri bolan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, döwet galamynyň geljekde-de ýiti bolmagyny arzuw etdiler. Şeýle hem tanyşdyrylyş dabarasyndaky täsirli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň watançylyk duýgusyny artdyryp, mukaddes Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere her bir türkmenistanlynyň mynasyp zähmet çekip, şahsy goşandyny goşmalydygy baradaky çagyryşlar bilen utgaşdy. Bellenilişi ýaly, bu eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda halkymyza ýetirilmeginiň uly manysy bar.

Şygyrlary aýdym bolup ýaňlanan

Türkmen halky sözden sungat döredýän ynsanlaryna uly sarpa goýýan halk. Jemgyýetiň ruhy galkynyşynda medeniýet we sungat ussatlaryň orny uly bolup, bu gezekki dabarada-da äşgär duýuldy. Ýagny, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly duşuşyk uly ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan duşuşyga medeniýet-sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar hem-de şahyryň dogan-garyndaşlary gatnaşdylar. Halypanyň «Türkmen binasy», «Gökdepäm», «Ene ýüregi», «Aperin», «Gözleýän», «Owadan sen» ýaly şygyrlary aýdym bolup döräpdir. Haçanda şygyr kämil bolanda onuň sazy, aýdylyş äheňi bilen bile döreýär. Halypanyň ençeme goşgulary dutaryň owazy bilen bile ýaňlanýar. Duşuşyga gatnaşyjy myhmanlar gözelligiň, söýginiň, päkligiň waspçysy bolan şahyr Ilmyrat Pudakowyň goşgulary, baý döredijiligi hakynda söhbet etdiler. Meşhur döredijilik işgärleri öz çykyşlarynda täze taryhy döwrümizde türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtap, bu günki duşuşygyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy «Gujurly ýaşlar —2024» atly sergisine çagyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe sungat ojagymyz hasaplanylýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda dekabr aýynyň 2-ne «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň «Gujurly ýaşlary – 2024» atly uçurymlaryň, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergisi öz işine başlar. Serginiň esasy düzüminde şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, grafika, dizaýn, binagärlik, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungatyna degişli bolan halyçylyk we haly önümleri, gobelen, zergärçilik, keramika önümleri görkeziler. «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň talyplary we mugallymlary şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri bilen bagly kitapçalary, albomlary,  çeper bezelen senenamalary bilen gatnaşarlar. Talyplar bu sergide özleriniň döredijilikde alan bilimlerini döreden eserlerine siňdirip, zehinlerini, ukyp başarnyklaryny we gujurlaryny görkezerler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçiriljek «Gujurly ýaşlar – 2024» atly uçurymlaryň, talyplaryň we mugallymlaryň döredijilik sergisi her bir ynsanyň göwnünden turjakdygyna ynanýarys.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde tebigatyň waspy

Halkymyzyň asyrlarboýy ene topraga söýgüsi tebigat bilen sazlaşykly ömür sürmäge ruhlandyryjy güýç bolup gelipdir. Şonuň üçinem, söz ussatlarymyz tebigaty gözel baga, adamyň kalp mährini topraga, ýürek söýgüsini bolsa teşneligi gandyrýan suwa meňzedipdirler. Tebigatymyzyň owadanlygyny, gözelligini wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek. Tebigatyň mizemez owadanlygyny ýürege barýan şirin sözleri bilen şahyrana wasp eden şahyrlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragy türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň syrlaryny öz goşgularynda çeper beýan etmegi başaran, gaýtalanmajak türkmen tebigatynyň waspyny dünýä ýaýan söz ussadydyr. Şeýle-de, türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň filosofiýasy ynsanperwerlige, şol sanda, ekologiki ynsanperwerlige esaslanyp, adamda Watana bolan söýgini, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamagy hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak duýgularyny döredýär. Magtymgulynyň filosofiýasynda adam bilen tebigatyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşygyna, onda ekologiki medeniýetiň kemala gelmek meselelerine uly orun berilýär. Şahyryň döredijiliginde mähriban ülkämiziň tebigaty aýratyn orun tutýar, ol akyldaryň adamyň durmuşy  baradaky filosofiki  pikir ýöredişinde jemgyýet bilen tebigata salgylanýar. Magtymgulynyň eserlerinde tebigat gaýtalanmajak gözellik bilen sazlaşykly şekillendirilýär hem-de daşky tebigatdan alnan janly keşpler

Mi­ze­mez­dir türk­men-ga­zak dost­lu­gy

Mälim bolşy ýaly, 10-njy oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy. Türkmenistan Gazagystan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegi pugta maksat edinip, syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işleri dowam etdirmek boýunça geçirilen gepleşikler türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda uly mümkinçilikleri açar. Taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy ýüzýyllyklara uzaýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň häzirki derejesi biziň ýurtlarymyza geljek üçin öz gatnaşyklaryny ynamly ýola goýmaga, halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryny ylalaşmaga mümkinçilik berýär, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýum işinde, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň uzak möhletli meýilnamalaryny işläp düzmäge şert döredýär. Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň many-mazmuny ählumumy ösüşiň ugurlaryna özara doly düşünmek bilen şertlenendir. Türkmenistan halkara işlerde Gazagystan bilen bilelikde deňhukuklylyk we adalatlylyk, BMG-niň esas goýujy resminamalaryna berk eýermek ugrunda çykyş edýär.

Binýatly başlangyçlaryň badalgasy

10-njy oktýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh ilkinji döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi. Mongoliýanyň Prezidenti bilen paýtagtymyzda geçirilen ýokary derejeli taryhy duşuşyk ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, hususan-da, BMG-niň çäklerinde gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge itergi berdi. Mongoliýanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen hem duşuşdy. Özara söhbetdeşlikde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine üns çekildi we bu ugurda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygy bellenildi. Mongoliýanyň Baştutanynyň ýurdumyza ilkinji gezek döwlet sapary bilen gelmegi şan-şöhraty dünýä ýaýran ata Watanymyz bilen hyzmatdaşlyk açmaga meýilli döwletleriň has artýandygy baradaky hakykaty ýene bir ýola äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz bilen Mongoliýanyň Prezidentiniň arasyndaky duşuşykda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmunynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ýörelgelerine esaslanýandygyny we özara düşünişmeklige daýanýandygyny nygtadylar. Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýada Türkmenistanyň üstünliklerine gyzyklanma bildirilýändigini we özara gatnaşyklaryň ygtybarlandyrylmagyna umyt baglanýandygyny belledi.

«Halk­lar ― bir jebis maşgala...»

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:― Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr. Dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň özara baýlaşmagyna getiripdir. Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynda: «Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne» diýip, akyldar şahyrymyzyň dür suwundan dury çuňňur many-mazmunly setirlerine, sözlerine uly baha berýär. Adamlary birek-birege ýakynlaşdyrýan sözleriň, halklary biri-birine jebisleşdirýän paýhaslaryň ömri bakylyk bilen ölçelýär. Biz olary mukaddeslik mertebesine göterýäris. Saglyk, agzybirlik, abraý, parahatçylyk we ynanyşmak ýaly arzyly maksatlary özünde jemleýän öwüt-ündewlerde, pähim-parasatlarda üýtgeşik bir keramat bar ýaly duýulýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli adamzada nusgalyk mirasy hut şeýle aýratynlyklara we artykmaçlyklara eýedir.

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATAN

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir. Dünýäde parahatçylygy goramagyň, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň gözbaşlary pähim-paýhasa öwrülen çuň manyly jemgyýetçilik ýörelgelerinde jemlenýär».

Melhemler hazynasynyň täze jildi

Saglyk bagta barýan ýollaryň badalgasydyr we ahyrky jemidir. Türkmençilikde hal-ahwal soraşylanda «saglykmy?» diýilmeginiň, hoşlaşylanda: «Saglykda görşeliň!» diýlip arzuw edilmeginiň, il içinde «Sag başym — soltan başym» diýen ýaly ýörgünli pähimiň häli-şindi ulanylmagynyň hikmeti özündedir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk diýmek diňe synalaryň abatlygy däl, eýsem, ruhuň we bedeniň sagdynlyk sazlaşygyny, umuman, dogry ýaşamagyň ähli kadalaryny öz içine alýar. Doly bahaly saglyk bolsa tebigat bilen, tebigata ýakynlyk bilen mümkindir. Tebigata söýgi — Watana söýgi. Diňe Watanyny söýýän ynsan onuň ot-çöpleriniň hem diline düşünip biler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň çapdan çykmagy tebigata söýginiň, halka hyzmat etmegiň hakyky nusgasy hem-de hünär baýramçylyklaryny dabaralan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleri üçin baýramçylyk sowgady boldy.

Şanly wakalar — batly gadamlar

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän halkymyz toýly günlerde, ýagny Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde birnäçe şatlykly wakanyň şaýady boldy. 9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi.

Bitaraplyk — ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde, Bitaraplyk taglymaty esasynda ösüşler gazanylýar, milli maksatnamalar durmuşa geçirilýär, halkara hyzmatdaşlyk ýaýbaňlanýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň okgunly ösüşi, türkmen döwletiniň mizemez binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady, syýasy özgertmeleriň amala aşyrylýandygy içeri we daşary syýasatyň netijelerinde aýdyň ýüze çykýar. Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamalarynyň 26-synyň kabul edilendigi Türkmenistanyň halkara hukugyň ösüşinde mynasyp goşandynyň bardygyny aýdyň şöhlelendirýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany hem kabul etdi. Munuň özi döwlet derejesindäki we halkara derejedäki işlere badalga bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty: ýaşlar syýasatynyň dabaralanmasy

Watan goýnunda ýaşamagyň, onda-da Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgelerini döredijilikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýaşamagyň özi ykbalyň ýalkadygy! Her bir gününi döwletiň, halkyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlara, täze üstünliklere, rowaçlyklara besleýän Watanyň raýaty bolup dogulmak, ýaş perzendi bolup terbiýelenmek, bilim almak, hünär öwrenmek, öz saýlan hünäriň eýesi bolup, eziz topragyňda zähmet çekmek, şeýlelikde, Watanyň nesli bolmak uly bagtdyr. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgä eýerip, baş baýramymyzyň öň ýanynda geçirilen, türkmen demokratiýasynyň özboluşly mekdebine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ähli halkymyzy bir maksadyň daşyna jebisleşdirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyny diňlän ähli halkymyzda taryha buýsanç, şu güne guwanç, geljege beýik ynam döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip, halkymyzyň z

Gurama – halk senedi

Türkmen halkynyň medeni däp-dessurlaryndan, edep-ekramlaryndan gözbaş alýan amaly-haşam sungatynyň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň arasynda asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen mata gurama işi özüniň köp öwüşginliligi we rejeli gurnalyşy bilen tapawutlanýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlas bilen owunjak mata bölejiklerini birikdirip emele getirýän taslamasy bezeg işleriniň gadymy hem naýbaşy görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Matalary ýerlikli ulanmagyň özboluşly şertleri we kadalary bar. Bu el hünäri zenanlaryň milli köýnekleriniň ýeňiniň el sapynda, begeýikde, ýakanyň iki gapdalynda we arka tarapyndaky sanjaklarynda, geýimlerde, kürtelerdir çyrpylaryň ýeňleriniň ujunda ulanylypdyr. Ondan başga-da, çaga egin-eşikleri bolan kürtekçeleriň, kirlikleriň, gulakjyndyr sümmen tahýalarynyň mata gurama usulynda bezelendigini görmek bolýar.

Magtymguly şa­ýoly

Mähriban okyjylar! Žurnalymyzyň şu sanynda biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik şahyryň adyny göterýän paýtagtymyzyň iň uly şaýollarynyň biri bolan Magtymguly şaýoly barada gürrüň etmegi makul bildik. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň gadymy we esasy ýollarynyň biri bolan Magtymguly şaýoly şu günlerki keşbine gelýänçä, taryhda birnäçe gezek adyny, keşbini üýtgedip gelipdir. Bu şaýoluň Merw adyny göterendigi hem taryhdan bellidir. Sebäbi ol şäheriň bütin içini kesip geçip, Merwe, häzirki Mary welaýatyna alyp barýan ýola birigipdir. Ol irki wagtlarda «Свобода» diýlip atlandyrylyp, şol döwürler bu ady uly şäherleriň, paýtagtlaryň aglabasynyň esasy köçelerine dakmak ýörgünli bolupdyr. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň her birinde şäherde söýüp dynç alýan ýa-da gezelenç edýän ýerleri örän köp. Şaýolda köp sanly medeni ähmiýetli desgalar ýerleşip, onda «Magtymguly» we «Aşgabat» sözleri bar. Köçäniň ugrunda ösýän taryhy ähmiýetli gür baglyklar we paýtagtyň ilkinji suw çüwdürimleri hut şu şaýolda döredi. Beýik Magtymguly Pyragynyň ilkinji heýkeli hem Magtymguly şaýoluna çykýan saýaly seýilgähde oturdyldy.