"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre giň gerim bilen badalga aldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli dowam edip gelýän bu çärede meýilnamalaýyn maslahatlar guralýar, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Munuň özi bolsa, ýol hereketiniň kadalarynyň doly we dogry berjaý edilmeginde örän uly ähmiýete eýedir.

Bu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.  Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesdi. Soňra paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň keşbini has-da gözelleşdirýän Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy açyldy.  Bu toplum Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümi, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýar.

Paýtagtymyzda ilkinji gezek «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi

Şu gün — 19-njy awgustda Aşgabat şäheriniň «Garagum» myhmanhanasynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin!» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Geçirilýän halkara sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bu sergide çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we Russiýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Kanadanyň, Portugaliýanyň, Italiýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Singapuryň, Hytaýyň, Bahreýniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Türk­me­nis­tan — BMG: ählumumy parahatçylygy nazarlap

Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli halkara gatnaşyklary berkitmäge, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. 5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerdir duşuşyklar milli hem ählumumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli milli we sebit ähmiýetli taslamalarynyň ähmiýeti, türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly bütin adamzada dahylly wajyp meseleleriň çözülmegindäki işjeň orny aýratyn nygtaldy.

Me­de­ni­ýe­tiň gül­le­ýän oja­gy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW        Je­mal bag­şy siz! 

Bagtyň şäheri (Oda)

Bu şäherde Arkadagyň ady bar, Ösüşinde bedewleriň bady bar. Bir ýaş toý toýlady Arkadag şäher, Şaýollaryna seýle çykdym ir säher.

Sag­lygy goraýyş ul­gamy: tä­ze önüm­çi­lik­ler we müm­kin­çi­lik­ler

Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, aýratyn-da, ýurtda raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze derejelere çykarylyp, daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň ýerini tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze, döwrebap derman kärhanalarynyň işi ýola goýulýar. Şol kärhanalar öndürýän önümleri bilen diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlaryny üpjün etmän, eýsem, olaryň kesgitli bölegini daşary ýurtlara eksport etmek babatda-da degişli işleri alyp barýarlar. Tebigylyk saglygyň esasy şertleriniň biridir. Ekologik taýdan arassa önümleriň önümçiligi şu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda bu esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, ýerli çig mallardan önümçiligi ýola goýmak işlerine uly üns berilýär. Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlylygy, bu ýerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlere eýe bolmagy olardan alynýan ekologik taýdan arassa çig mallaryň hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Olardan degişli ö

San­ly ul­ga­myň hu­kuk bin­ýa­dy

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň esasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmagyň Meýilnamasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýär.  Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalaryny öndürmekde çalt depginler bilen gazanylýan ösüşler aragatnaşyk torlaryny taslamagy we gurnamaga bildirilýän talaplaryň gaýtadan seljerilmegini hem-de kämilleşdirilmegini talap edýär. Sebäbi sanly ulgamyň ähli pudaklarda giňden omaşdyrylmagy torda geçirilýän möhüm maglumatlaryň goraglylygyny hem-de ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini talap edýär.

Daý­ha­nyň he­re­ke­di – saçaklaryň be­re­ke­di

Agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem öz zähmeti bilen abraý gazanýar. Ata-babalarymyzyň «Adam eli — gyzyl gül» diýmegi hem ýöne ýerden däl. Çünki yhlas bilen çekilen zähmet öz miwesini berýär, yhlasly zähmet siňen işde kem-köst bolmaýar. Muňa oba zähmetkeşleri aňryýany bilen düşünip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalygyny ösdürmek üçin berýän hemaýat-goldawyndan peýdalanyp zähmet çekýärler. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy. Onda pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler bugdaý ösdürip ýetişdirmekden başlap, ony gaýtadan işlemäge çenli ýurdumyzyň gallaçylarynyň ähli iş ugurlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Durmuşa geçiri

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejesinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň sport ulgamynda ýeten belent sepgitleriniň hatarynda 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryny görkezmek bolar. Türkmenistanyň gysga taryhy döwürde dünýä we yklym derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini göz öňünde tutup, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. 2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda täze, şöhratly sahypa açyldy: Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalydyr. Bu ýokary üstünlik

Ala­w keşpli ga­ýa­lar

Millionlarça ýyl ozal gadymy Tetis ummanynyň düýbünde hek daş çökündili gaýalar emele gelipdir. Häzirki Hazar deňzi uzak geçmişdäki bu ymgyr suwuň mirasdüşeridir. Şeýle gözel ýerleriň biri «Otly gaýalar» adyny alan daglaryň süňňüne ýerleşen Ýangy galanyň täsin gaýalarydyr. Balkanabat şäherinden 165 kilometr demirgazykda we Türkmenbaşy şäherinden 160 kilometr günbatarda ýerleşen bu taryhy ýer ýerli ýaşaýjylar we jahankeşdeler tarapyndan meşhurdyr. Kert gaýadaky darajyk köwe çyksaň, akylyňy haýran edýän peýzažy synlap ganyp bolmaýar. Ençeme asyr mundan ozal gyzyl, ak, sary we mämişi gatlaklardan emele gelen bu gaýalar tebigy taýdan ajaýyp gurluşy bilen tapawutlanýarlar. Dik eňňitli dar derýa jülgesi bolan bu gaýalaryň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň, ýerli ilat oňa Gyzyldag diýip at beripdir. Gadym döwürlerde dik eňňitli dar derýa jülgesine Garabogaz kölüniň suwy gelip ýetipdir. Syýahatçylar bu ýerlerde balykgulaklaryň we birgeňsi şekillerdäki reňkli daşlaryň bardygyny, onda ençeme gezek gaýtalanýan ýaňlary hiç unutmaýandyklaryny belleýärler.

Mag­tym­gu­ly we Omar Haý­ýam

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň taryhyndan oňat habarly bolandygyna, onuň beýik wekillerine uly sarpa goýandygyna şahyryň onlarça goşgusy şaýatlyk edýär. Şahyr ussatlaryň ýoluny tutmagy, olara eýermegi hemişe arzuwlap gezipdir. Onuň: «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy // Är yzynda gezseň, är dek bolar sen» ýada «Yhlas bile bir kämile gol beren // Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz» ýaly setirleri beýiklere, ussatlara bolan ýokary derejedäki hormatsarpasyndan habar berýär. Şahyryň umumadamzat medeniruhy hazynasyna giren şygyrlarynyň biri bolan «San bolsam» onuň ýürekde beslän arzuwlaryny beýan edýän ajaýyp goşgularynyň biridir. Şahyr bu goşgusynda Abu Sagyt Abulhaýyr, BediguzZaman Ahmet ibn Hüseýni Hemedany, Abulkasym Ferdöwsi, Nyzamy Genjewi, Hafyz Şirazy, Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Babyr ýaly edebiýat äleminde özüni tanadan şahyrlaryň atlaryny beýik halypalar hökmünde tutýar. Bu meşhur goşguda Gündogaryň uly söz ussady Omar Haýýamyň ady hem uly hormat bilen ýatlanylýar. «Horasanyň ymamy», «Hakykatyň subutnamasy» ýaly abraýly lakamlary göteren belli alym we şahyr Omar Haýýamyň doly ady Kyýaseddin Abulfeth Omar ibn Ybrahym Haýýam Nyşapurydyr. Omar Haýýamyň dünýä inen döwri, çagalygy, ýetginjekligi 23 ýyl hökümdarlyk eden seljuk soltany Togrul begiň zamanasyna gabat gelse, ömrüniň ahyrky gojalyk döwürleri 39 ýyl hökümdarly

Han didaryn gören suw

Adam özüniň daş-töweregini gurşap alan tebigat bilen bir bitewi göwredir. Tebigat ynsan ýaşaýşynyň düýp özenidir. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty, şol sanda Hazar deňziniň ekologik arassalygyny, onuň balyk baýlyklaryny gorap saklamakda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda adamyň saglyk ýagdaýynyň gowy bolmagynyň möhüm şertleriniň biriniň onuň ulanýan suwunyň hiline baglydygyny nygtap: «Ýurdumyza mahsus ýokary temperatura, ýagyşly howanyň az mukdarda bolmagy, Türkmenistanyň arid zonasynda ýerleşmegi bilen bagly tebigy-klimat şertlerinde ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesine — suwa has aýawly çemeleşmegi öwretdi» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz bu pikirini «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda dowam etdirip: «...milli terbiýeçilik ulgamymyzda tebigaty söýmegiň, ýere, suwa aýawly çemeleşmegiň ähmiýeti uludyr» diýmek bilen, her bir ynsanyň tebigaty söýmelidigini, onuň adama eçilen gymmatlyklaryny seresaply, aýawly ulanmalydygyny jaýdar belleýär. Ata-babalarymyz suwa bolan garaýyşlaryny, arzuw-isleglerini, suwuň gadyr-gymmatyny halk döredijilik eserlerine siňdirip, şolaryň üsti bilen öz ýürek telwaslarynyň, küýsegleriniň biziň günlerimize gelip ýetmegine mümkinçilik

«Alym­lar ýa­nyn­da söh­bet ýag­şy­dyr»

Mälim bolşy ýaly, «Diýar» žurnaly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň, hususan-da, paýtagtymyzyň çäginde beýik şahyryň adyny göterýän edara-kärhanalaryň zähmet durmuşyndan ýörite sahypalary taýýarlap, okyjylaryň dykgatyna ýetirip gelýär. Bu gezekki ýörite sahypamyz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alyp barýan işlerine bagyşlanýar. Biz bu ylmy ojakda alnyp barylýan işler, institutyň taryhy we şu güni hakynda gürrüň bermegini sorap, alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, institutyň direktorynyň orunbasary Hezretguly Durdyýew bilen söhbetdeş bolduk. Şol söhbetdeşligi hem okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi makul bildik. — Hezretguly halypa, siz hem ençeme ýyllardan bäri Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda zähmet çekýärsiňiz. Ilki bilen, institutyň taryhyna nazar aýlasak.

«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet – gel­je­giň baş we­zi­pe­si

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny aýawly saklamak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Umuman, «ýaşaýyş», «ösüş» diýen düşünjelerde, ilkinji nobatda, parahatçylyk göz öňünde tutulýar. Çünki parahatçylyk bar ýerinde, birek-birege ynam berkeýär, ynam hem adamzady gurşap alýan daş-töweregiň gözelleşmegine, gözelligi duýmaga we lezzet almaga şert döredýär. Ynam — ýaşaýşyň manysydyr. Biziň berkarar döwletimizde hem parahat durmuş gün-günden joş alýar. Ýyl-ýyldan bagy-bossanlyga öwrülýän gül Diýarymyzyň islendik künjeginde arassa we amatly ekologik zolaklara gabat gelmek bolýar. Döwlet maksatnamalarymyzyň öňünde durýan esasy wezipe hem — «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek. «Ýaşyl» ykdysadyýet diýlende, adamlaryň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmak bilen ykdysadyýetiň ähli ulgamynda daş-töwerege zyýan bermeýän, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýerlemek, sarp etmek arkaly ekologiýa deňagramlylygy saklamaga düşünilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasy gaty giň düşünjäni özünde jemleýär, umumy maksat hem halkyň we geljekki nesilleriň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini artdyrmak bolup durýar. «Ýaşyl» ykdysadyýetiň bütin dünýäde öňe sürülýän başlangyç bolmagynyň esasy sebäbi hem tebigy baýlyklaryň çäkliligidir. Çünki tebigy baýlyklary bisar

Gysga sözüň gymmaty kän

Gahryman Arkadagymyzyň Magtymgulynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmak üçin edýän aladalary netijesinde şahyryň döredijiligi dünýäniň edebiýaty öwreniş ylmyny bitewüleşdirýär. Magtymgulynyň eserleriniň özboluşly edebi hyzmatdaşlygy döretjekdigine doly ynanýarys. Magtymgula ylham gökden inenem bolsa, onuň eserleriniň dabany topragyň tagamyny dadyp, soň göge göterildi. ***Magtymgulynyň «...asal zybanym bar meniň» diýen sözleri onuň bütin Gündogarda çeper dil meselesinde etjek öwrülişiginiň jarnamasydy.***Pyragynyň goşgulary garybyň köňlüni deprenmez baýa öwrüp, ýykylan göwne ganat, armanly göwne umyt baglap bilýär. Ynsana göwünlik bermekde Magtymguly ýeke-täkdir.***Magtymgulynyň eserlerini on iki süňňi bilen kabul edip bilen adamdan ýamanlyga garaşmasaňam ýalňyşmarsyň.***Magtymgulyny Magtymgulynyň dilinde okamak kiçi-girim bagt däl.***Ejizräk galamyň setirlerini pytradyp goýberýän özdiýenli, kejir, boýny ýogyn sözler bolýar. Şol başyna gidesi gelip duran sözleriň Magtymgulynyň galamynyň gaşynda mumly ýüplüge öwrülip, gol gowşuryp duruşlaryna haýran galaýmaly.***Magtymguly bagtyň suratyny sabryň gerşinde çekipdir.***Halkyň ýüreginde dörän umyt şahyryň setirleriniň ýüreginden ynam bolup daman bolsa, halkyň galagoply döwründe dörän kynçylyklar Magtymgulynyň setirleriniň köňlünden gözýaş bolup döküldi. ***Şahyryň «

Sy­ýa­hat­çy­ly­gyň tä­sin gör­nü­şi

Häzirki wagtda syýahatçylygyň halkara derejede giň gerime eýe bolýandygyny her ýyl dünýä ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň ýüzlerçesiniň zähmet rugsady döwrüni syýahatçylykda geçirýändikleri bilen baglanyşdyrmak bolar. Halkara syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) berýän maglumatlaryna esaslansak, her ýylda dünýä ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň 1 milliarddan gowragy halkara derejede syýahatçy hökmünde hasaba alynýar. Diýmek, syýahatçylygy depginli ösýän we köplerde uly gyzyklanma döredýän pudak hasaplamak bolar. Syýahatçylygyň dürli ugurlary bolup, olar dünýä tejribesinde giňden ulanylýar. Şolaryň çalt depginler bilen ösýänleriniň biri hem suw syýahatçylygydyr. Bu syýahatçylyk iň ýaş we täze-täze hyzmatlar bilen özüne çekiji ugur hökmünde hem bellidir. Suw syýahatçylygynyň taryhy ХХ asyryň 20-nji ýyllaryndan başlanýar. Suw syýahatçylygy dynç alşyň suwda ýüzýän gaýyklaryň dürli görnüşlerini (baýdarkalary, katamaranlary we beýleki ýüzüji ulaglary) suwasty ýüzüşlerde ulanmak bilen geçirilýän görnüşidir. Häzir dünýäniň köp ýurtlarynda suw syýahatçylarynyň ulanýan enjamlaryny, egin-eşiklerini, aýakgaplaryny öndürmek boýunça önümçiligiň uly gerim bilen ýola goýulmagy amala aşyrylýar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hyzmatlaryň görnüşleriniň kämilleşmegi hem wajyp hasaplanýar. Sebäbi hyzmatlaryň derejesi näçe ýokary bolsa, olara isleg bildirýänleriň sany yzygiderli artmak bilen bolýar. Biziň ýurdumyzy

«Ençeler gör, kitap okap»

Magtymgulynyň goşgulary (iňlis dilinde). Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň birnäçe goşgulary iňlis diline terjime edildi. Kitapda şahyryň goşgulary türkmen we iňlis dillerinde deňeşdirme görnüşinde terjime edilip ýazylan. Bu bolsa iňlis dilini öwrenýän ýaşlarymyza uly ýardam berjek kitaplaryň biridigini görkezýär. Neşiriň kömegi bilen, iňlis okyjylary Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dilinde tanşyp bilerler. Munuň özi XVIII asyryň görnükli şahyrynyň şygryýetine has gowy düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik berýär.

«Ençeler gör, kitap okap»

Sözüm saňa, Pyragy! (Türkmen we beýleki ýurtlaryň şahyrlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgular ýygyndysy) – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014. 2014-nji ýylda türkmen halkynyň uly söz ussady, görnükli filosof, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bütin dünýäde giňden hem dabaraly bellenilip geçildi. Söz ussady Magtymgulynyň döredijiliginden ylham alyp ruhlanan ýazyjy-şahyrlar ussadyň waspyny ýetirip, ençeme şygyrlary döretdiler. Şeýle-de beýleki halklaryň söz ussatlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgulary okyjylarda uly täsir galdyrar.

Pähim-paýhasyň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygy bolan eserleri dolulygyna täzeden öwrenilip başlandy. Bu iş türkmen halky bilen bir hatarda, dünýä jemgyýetçiliginde-de çuňňur gyzyklanma döredýär.  Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň her bir eseriniň aňyrsynda giden many gory ýatyr. Şonuň üçin-de ol eserler müň öwüşgine eýe. Biz şu işimizde şahyryň döredijiliginde ýygy-ýygydan gabat gelýän «ýar» sözüniň asyl manysy hakynda söhbet açmagy makul bildik.