«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet – gel­je­giň baş we­zi­pe­si

8 Awgust 2024
231

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny aýawly saklamak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Umuman, «ýaşaýyş», «ösüş» diýen düşünjelerde, ilkinji nobatda, parahatçylyk göz öňünde tutulýar. Çünki parahatçylyk bar ýerinde, birek-birege ynam berkeýär, ynam hem adamzady gurşap alýan daş-töweregiň gözelleşmegine, gözelligi duýmaga we lezzet almaga şert döredýär. Ynam — ýaşaýşyň manysydyr. Biziň berkarar döwletimizde hem parahat durmuş gün-günden joş alýar. Ýyl-ýyldan bagy-bossanlyga öwrülýän gül Diýarymyzyň islendik künjeginde arassa we amatly ekologik zolaklara gabat gelmek bolýar. Döwlet maksatnamalarymyzyň öňünde durýan esasy wezipe hem — «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek. «Ýaşyl» ykdysadyýet diýlende, adamlaryň maddy-hal ýagdaýyny gowulandyrmak bilen ykdysadyýetiň ähli ulgamynda daş-töwerege zyýan bermeýän, ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek, ýerlemek, sarp etmek arkaly ekologiýa deňagramlylygy saklamaga düşünilýär. «Ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasy gaty giň düşünjäni özünde jemleýär, umumy maksat hem halkyň we geljekki nesilleriň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini artdyrmak bolup durýar.

«Ýaşyl» ykdysadyýetiň bütin dünýäde öňe sürülýän başlangyç bolmagynyň esasy sebäbi hem tebigy baýlyklaryň çäkliligidir. Çünki tebigy baýlyklary bisarpa, gereginden artykmaç ulanmak diňe bir ekologiýa babatda zyýanly täsiri hem döretmän, ykdysadyýetiň geljegi üçin howply ýagdaýdyr. Şol sebäpli hem «mawy ýangyjyň», «energiýa çeşmeleriniň» alternatiw görnüşlerini ulanmaga ýykgyn etmek, täze — innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly galyndysyz ýa-da az galyndyly önümçiligi ösdürmek döwrüň iňňän wajyp meselesidir. «Ýaşyl» ykdysadyýetiň ýene bir öňe sürýän taglymaty howanyň hapalanmagynyň täsirlerini gowşatmak, ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak we ulanmak, ekologiýa taýdan arassa ulag önümçiligini ösdürmek, energiýany we beýleki çig mallary netijeli ulanmak, durnukly ösüşi üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek bolup durýar.

Göwher HYDYROWA,
Arkadag şäheriniň prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň müdiri, 1-nji derejeli ýurist.