Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

4 Dekabr 2024
262

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Geçirilen sergä Türkiýäniň dürli ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň hem-de birleşmeleriň 70-den gowragy gatnaşdylar. Onda esasan hem tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlary, himiki we gurluşyk serişdeleri, dokma, azyk senagat önümleri, derman serişdeleri, öý hojalyk harytlary öndüriji, logistika hyzmatlar ulgamy hödürlenildi. Sergi iki ýurduň işewürleri üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Bu sergi täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança boljakdygy şübhesizdir. Çünki bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we maýa goýumlary özüne çekmäge gönükdirilendir.

Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze mümkinçilikleriň açary boljak bu geçirilýän sergä gatnaşýan birnäçe işewürler bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».