«Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

1 gün öň
76

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň ähli arzuwlary wysal boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň sarpasynyň belent tutulmagy, onuň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilmegi türkmen halkyny buýsandyrýar. Şunuň bilen bagly düýn 23-nji dekabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüni we dürdäne eserlerini, parasatly pikirlerini täzeden öwrenmekde hem-de onuň at-owazasynyň waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak çäresi geçirildi.

«Diýar»