Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
― Magtymgulynyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitledi. Onuň parahatçylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we ähli halklara hormat goýmak baradaky düýpli pikirleri beýleki döwletler bilen özara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmenleriň milli häsiýetiniň kemala gelmeginde uly hyzmaty bitiren akyldar şahyr köp ýurtlara aýlanyp görüp, dünýä akyl ýetiripdir. Bu bolsa onuň aň-düşünjesinde öçmejek yz galdyrypdyr. Dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna, halklaryň arasynda medeniýetleriň, bilimleriň özara baýlaşmagyna getiripdir.
Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygrynda: «Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne» diýip, akyldar şahyrymyzyň dür suwundan dury çuňňur many-mazmunly setirlerine, sözlerine uly baha berýär. Adamlary birek-birege ýakynlaşdyrýan sözleriň, halklary biri-birine jebisleşdirýän paýhaslaryň ömri bakylyk bilen ölçelýär. Biz olary mukaddeslik mertebesine göterýäris. Saglyk, agzybirlik, abraý, parahatçylyk we ynanyşmak ýaly arzyly maksatlary özünde jemleýän öwüt-ündewlerde, pähim-parasatlarda üýtgeşik bir keramat bar ýaly duýulýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ähli adamzada nusgalyk mirasy hut şeýle aýratynlyklara we artykmaçlyklara eýedir.