Watan goýnunda ýaşamagyň, onda-da Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgelerini döredijilikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp ýaşamagyň özi ykbalyň ýalkadygy! Her bir gününi döwletiň, halkyň bähbidine gönükdirilen beýik maksatlara, täze üstünliklere, rowaçlyklara besleýän Watanyň raýaty bolup dogulmak, ýaş perzendi bolup terbiýelenmek, bilim almak, hünär öwrenmek, öz saýlan hünäriň eýesi bolup, eziz topragyňda zähmet çekmek, şeýlelikde, Watanyň nesli bolmak uly bagtdyr.
Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgä eýerip, baş baýramymyzyň öň ýanynda geçirilen, türkmen demokratiýasynyň özboluşly mekdebine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi ähli halkymyzy bir maksadyň daşyna jebisleşdirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşyny diňlän ähli halkymyzda taryha buýsanç, şu güne guwanç, geljege beýik ynam döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär» diýip, halkymyzyň zähmetine ýokary baha bermegi döwlet bilen halkyň jebisligini aýan etdi.