Şygyrlary aýdym bolup ýaňlanan

4 Dekabr 2024
151

Türkmen halky sözden sungat döredýän ynsanlaryna uly sarpa goýýan halk. Jemgyýetiň ruhy galkynyşynda medeniýet we sungat ussatlaryň orny uly bolup, bu gezekki dabarada-da äşgär duýuldy. Ýagny, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet köşgünde şahyr Ilmyrat Pudakowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly duşuşyk uly ruhubelentlige beslendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralan duşuşyga medeniýet-sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar hem-de şahyryň dogan-garyndaşlary gatnaşdylar.

Halypanyň «Türkmen binasy», «Gökdepäm», «Ene ýüregi», «Aperin», «Gözleýän», «Owadan sen» ýaly şygyrlary aýdym bolup döräpdir. Haçanda şygyr kämil bolanda onuň sazy, aýdylyş äheňi bilen bile döreýär. Halypanyň ençeme goşgulary dutaryň owazy bilen bile ýaňlanýar. Duşuşyga gatnaşyjy myhmanlar gözelligiň, söýginiň, päkligiň waspçysy bolan şahyr Ilmyrat Pudakowyň goşgulary, baý döredijiligi hakynda söhbet etdiler. Meşhur döredijilik işgärleri öz çykyşlarynda täze taryhy döwrümizde türkmen edebiýatynda görnükli yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygyny nygtap, bu günki duşuşygyň hem munuň aýdyň subutnamasydygyny bellediler.

«Diýar».