«Ençeler gör, kitap okap»

8 Awgust 2024
161

Sözüm saňa, Pyragy! (Türkmen we beýleki ýurtlaryň şahyrlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgular ýygyndysy) – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.

2014-nji ýylda türkmen halkynyň uly söz ussady, görnükli filosof, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bütin dünýäde giňden hem dabaraly bellenilip geçildi. Söz ussady Magtymgulynyň döredijiliginden ylham alyp ruhlanan ýazyjy-şahyrlar ussadyň waspyny ýetirip, ençeme şygyrlary döretdiler. Şeýle-de beýleki halklaryň söz ussatlarynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgulary okyjylarda uly täsir galdyrar.