"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly şa­ýoly

Mähriban okyjylar! Žurnalymyzyň şu sanynda biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik şahyryň adyny göterýän paýtagtymyzyň iň uly şaýollarynyň biri bolan Magtymguly şaýoly barada gürrüň etmegi makul bildik. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň gadymy we esasy ýollarynyň biri bolan Magtymguly şaýoly şu günlerki keşbine gelýänçä, taryhda birnäçe gezek adyny, keşbini üýtgedip gelipdir. Bu şaýoluň Merw adyny göterendigi hem taryhdan bellidir. Sebäbi ol şäheriň bütin içini kesip geçip, Merwe, häzirki Mary welaýatyna alyp barýan ýola birigipdir. Ol irki wagtlarda «Свобода» diýlip atlandyrylyp, şol döwürler bu ady uly şäherleriň, paýtagtlaryň aglabasynyň esasy köçelerine dakmak ýörgünli bolupdyr. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň her birinde şäherde söýüp dynç alýan ýa-da gezelenç edýän ýerleri örän köp. Şaýolda köp sanly medeni ähmiýetli desgalar ýerleşip, onda «Magtymguly» we «Aşgabat» sözleri bar. Köçäniň ugrunda ösýän taryhy ähmiýetli gür baglyklar we paýtagtyň ilkinji suw çüwdürimleri hut şu şaýolda döredi. Beýik Magtymguly Pyragynyň ilkinji heýkeli hem Magtymguly şaýoluna çykýan saýaly seýilgähde oturdyldy.

Watandaşlarymyz — dünýä çempionlary!

2024-nji ýylyň 2 — 8-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Pontewedra şäherinde erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 1-nji orna we altyn medala mynasyp boldy.

Yn­san­per­wer iş­ler — jem­gy­ýe­tiň da­ýan­jy

Ynsanperwerlik, Bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeke-täklik, köptaraplylyk, tarap çalmazlyk ýaly dünýewi ýörelgelerden ugur alýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzda ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik guramasydyr.  1926-njy ýyldan bäri hereket edip gelýän Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti adamlaryň janyny we saglygyny goramak, olara durmuş taýdan ýardam etmek, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ejir çeken adamlara kömek bermek, Ženewa konwensiýalaryndan we olara degişli Goşmaça teswirnamalardan gelip çykýan wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlyk etmek, halkara ynsanperwerlik hukugyny we Gyzyl Hajyň hem-de Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň esas goýujy ýörelgelerini wagyz etmek ýaly asylly işleri durmuşa geçirýär.

Yh­las­ly zäh­met — göw­ne­jaý ne­ti­je

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde obasenagat toplumy hem beýik ösüşlere beslenýär. Bu pudagyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan edermen kärendeçi daýhanlar arman-ýadaman, tutanýerli zähmet çekýärler. Ýer eýeleriniň ýylboýy çeken zähmetine olaryň gazanan netijeleri, ýetişdiren hasyllary boýunça baha berilýär. Bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçi daýhanlar Mary welaýatynda hem az däl. Tejribeli, hasyl ýetişdirmekde işiniň ussady hasaplanýan kärendeçileriň biri hem Sakarçäge etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Enegyz Amangeldiýewadyr. Kärendeçi zenan toprak bilen, ekin bilen düşünişmegi başaryp, 30 ýyl töweregi wagt bäri ene ýere hyzmat edip gelýär. Şu ýyllaryň dowamynda ol ýere hyzmat etmegiň dürli usullaryny kemsiz öwrenipdir. Şeýlelikde, her ýylda 2 gektar kärende ýerinde bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirip, bellenilen meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirýär. Ol «Ýeriň azy, malyň köpi» diýlişi ýaly, az ýerden köp hasyl almagy maksat edinýär. Saýlap alan kärine höwesli ýapyşýan Enegyz Amangeldiýewa kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Päk zähmeti bilen halal rysgyny ýerden alýar. Has dogrusy, daýhançylyk onuň rysgal, döwl

Halypa heý­kel­ta­raş

Ynsan balasy çagalykdan kalbynda beslän senedine ýürek yhlasyny, irginsiz zähmetini siňdirende, at-abraýa, uly sylag-sarpa eýe bolýar. Heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanow hem şeýle belent hormata eýe bolan ussatlaryň biridir. Orazmyrat Gurbanow 1954-nji ýylyň 15-nji maýynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda dogulýar. Kakasy Gurban aga tejribeli mehanizator bolansoň, şol wagtlar güýçli depginde alnyp barylýan «Garagum» kanalynyň gurluşygynda işlemek üçin maşgalasy bilen ol ýere göçüp barýar.

Nebitçilerimiz ynamy ödeýärler

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda», şeýle hem bu ulgama degişli döwlet derejesinde kabul edilýän kararlardyr çözgütlerde türkmen topragynyň esasy ýerasty genji-käni – «gara altyny» we «mawy ýangyjy» çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, olary taýýar haryt görnüşinde içerki we daşarky sarp edijilere ýetirmek boýunça uzak möhletli wezipeler anyk kesgitlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran beýik işlerini hem-de dünýä nusgalyk başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän parasatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly durmuşa geçirýän täze ýangyç-energetika syýasatynyň möhüm şerti hem ylmyň we tehnikanyň, öňdebaryjy tejribäniň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, önümli gatlaklary has netijeli peýdalanmakdan, pudagyň kärhanalaryny toplumlaýyn kämilleşdirmekden, täze, ýokary kuwwatly häzirki zaman önümçilikleri ýola goýmakdan ybaratdyr. Ençeme asyrlaryň goýnunda ynsana ýylylyk we ýagtylyk berýän «gara altynda» dörän ody gudrat saýan ata-babalarymyz nebitiň çykarylyşynyň taryhynda hem ajaýyp sahypalary ýazypdyrlar. Biz bu gün bu ajaýyp sahypalary guýulardan alynýan nebitdir gazy döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hyzmatynda goýmak, şeýle hem umumadamzat derejesinde bähbitli peýdalanmak arkaly zere beslemegi başarmaly. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, täze,

«Ol şygy Fuzulyga sözüm bolsa barabar»

Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy özünden öňki ýaşap geçen ägirtleriň döredijiligine ýygy-ýygydan salgylanypdyr. Munuň şeýledigine şahyryň ençeme şygyrlary hem şaýatlyk edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä edebiýatynyň wekilleriniň çeper döredijiligi bilen deňeşdirsek, olaryň şygyrlarynda diliň çeperçilik serişdeleriniň, söz düzümleriniň we tematikasynyň meňzeşligini görmek bolýar. Muňa mysal edip, Pyragy bilen ondan iki asyr ozal Yrakda ýaşap geçen türkmen şahyry Muhammet Fuzuly Baýatlynyň şygyrlaryndaky umumylyklary agzamak bolar.  Magtymguly Pyragy Yrakda ýaşap geçen türkmen şahyry Muhammet Fuzuly Baýatla uly hormat goýupdyr we onuň edebi döredijiliginden täsirlenipdir. Dana şahyr «Ol şygy Fuzulyga sözüm bolsa barabar» diýen setirleriniň üsti bilen Muhammet Fuzuly kimin aryf, akyldar derejesine ýetmegi höwes edipdir.

Maksada okgunly hereket

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:  — Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda ähli ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösüşine giň mümkinçilikler açyldy. Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmekde hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak babatda oňaýly şertleri döretmek hususy kärhanalaryň döwrebaplaşmagyny, olaryň innowasion işlere çekilmegini we halkara derejede tejribe alyşmaklaryny üpjün edýär.

Landşaft binagärliginiň kämil nusgasy

Köpetdagyň etegindäki gadymy toprakda bina bolan ak mermerli Arkadag şäheri ýurdumyzyň binagärlik buýsanjyna öwrüldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bina bolan bu döwrebap şäher milli binagärlik sungatynyň kämil nusgasydyr. Gysga döwrüň içinde bina bolan bu şäheriň binagärlik gurluşy, desgalaryň daşky keşbi taýsyz gözelligi bilen haýrana goýýar. Arkadag şäheriniň binagärlik gurluşy ylmyň we sungatyň soňky gazananlaryna kybap gelýär. Şäheriň desgalarynyň ýerleşdiriliş taslamasy türkmen binagärliginiň özboluşly ösüşini görkezýär. Esasan-da, bu şäherde landşaft binagärliginiň milli aýratynlyklarynyň ulanylmagy şäheriň gözelligini artdyrýar.

Magtymgulyşynas halypalaryň ýürek buýsanjy

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde ruhlandyrmaga gönükdirilendir. Biz hem žurnalymyzyň bu sanynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge degişli ylma uly goşant goşýan, halkymyzyň köpasyrlyk medeni gymmatlyklaryny öwrenmekde, gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde hem-de edebi ösüşleriň ugurlarynda köp ýyllaryň dowamynda şahyrana taglymatlary wagyz edip gelýän birnäçe magtymgulyşynas halypalaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Taryhy wakalar — okgunly ösüşlere itergi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda, halkara giňişlikde uly üstünlikler gazanylýar. Muňa ildeşlerimiziň şu üstünlikleri bilen tanşanyňda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. «Ak pil» küşt ýaryşynyň ýeňijisi

Pyragynyň Britaniýadaky golýazmasy

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary dürli ýyllarda dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrapdyr. Dana akyldaryň Ýewropada üç sany golýazmasynyň saklanýandygy mälimdir. Olar Arminiý Wamberiniň Budapeşte elten golýazmasy, Germaniýanyň Bremen golýazmasy hem-de Britan muzeýindäki golýazmadyr.  Britan muzeýiniň Gündogar bölümine indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri iňlis alymy Džon Hartli ýolbaşçylyk edip gelýär. Rus, arap-pars dillerinden ýeterlik baş çykarýan, musulman dinini kabul edip, Muhammet Isa Weýli diýen ady alan bu alym bilen biz eýýäm birnäçe ýyl bäri döredijilik gatnaşygyny saklap gelýäris. Bu gatnaşygymyzyň düýp özeni Pyragynyň muzeýde saklanýan golýazmasy bilen baglanyşyklydyr. Beýik akyldaryň golýazmasynyň gymmatynyň egsilmezligi bizi bu ugurda yzygiderli söhbet etmäge iterýär. Şu jähetden, Muhammet Isa Weýliniň beren gürrüňleri esasynda taýýarlan makalamyzy okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.

Azadynyň gymmatly mirasy

 Akyldar şahyrlarymyz Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwürlerine ser salsaň, türkmenleriň agyr durmuşy, galagoply döwri başdan geçirendigine göz ýetirýärsiň. XVIII-XIX asyryň sepgitlerinde halkymyz daşky hökümdarlaryň gazaply syýasatyna, rehimsiz urgulara, talaňçylyklara sezewar bolupdyr. Türkmen halkynyň şeýle agyr jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy, çylşyrymly zamanasy parasatly Azadyny we akyldar Magtymguly Pyragyny orta çykarypdyr. Döwletmämmet Azady «Wagzy-azat» atly taryhy eserinde özbaşdak döwlet gurmak baradaky pikirleri we ýörelgeleri ündän, ötgür galamy bilen halkynyň bagtly geljegi üçin ynamly we batyrgaý hereket eden beýik şahsyýetdir. Azady bu kitabyny ýazmakda Gündogaryň Firdöwsi, Nyzamy, Sagdy, Nowaýy ýaly beýik şahyrlarynyň wagyz-nesihat beriji «Şanama», «Syrlar hazynasy», «Gülüstan», «Bossan», «Haýratul-ebrar» eserlerinden we beýleki traktatlaryndan, poemalaryndan görelde alyp, olary döredijilikli özleşdiripdir. «Wagzy-azat» eseri hem beýleki birnäçe orta asyr eserleri ýaly, Allatagala, Muhammet pygambere we dört çaryýara mynajat sözleri bilen başlanýar. Eseriň ilkinji baby, däp bolşy ýaly, hökümdarlar we olara mahsus bolmaly gylyk-häsiýetler hakyndadyr. Akyldar şahyrymyz bu eserinde taryhda uly yz galdyran Gaznaly hökümdarlary Söbüktegini hem-de soltan Mahmydy nusgalyk hökümdarlaryň keşbinde wagyz edýär. Mahmyt Gaz

Dur­muş mu­hab­be­ti (hekaýa)

Güljahan Garaýewanyň çeken suraty. Toý sowuldy. Iki günden bäri hysyrdysy ýeten toý dabarasy bu gün birneme kiparlady. Ýeke dikraryny gözli-başly eden Oguldöndi ýeňňäniň gerdeninden agyr ýük aýrylyp, arkasyna birneme ýel çalan ýaly boldy. Säheriň sergin howasy aýnanyň perdelerini ikiýana galgadyp: «Hany, Aý gelni menem bir synlaýyn» diýen terzde ýuwaşjadan şuwwuldaýardy. Güýz günlerem bolsa, howa entek çigreklemändi. Bady-saba jana hoş ýakýardy. Öýe täze gelin gelende, howasy täzelenip, otaga müň bir gülüň müşki-anbary pürkülen ýaly bolaýýar. Megerem, ol päk söýginiň, mähir-muhabbetiň ysydyr.

Gel, Täze ýyl!

Gel, Täze ýyl, müňýyllykdan söhbet aç,Ýüzýyllyklar bizden uzak sähelçe,Seň şowhunyň dälmi aýlanyp ýören,Il içinde obalarda, şäherde?! Gel, Täze ýyl, ätle biziň Diýara,Gadamlaň mübärek, düşümli bolsun!Sen geleňde öýde şatlyk hem gülki,Yzy tükenmeýän bagt dogulsyn!

Akmuhammet Hemidowyň «Küýseg» atly täze neşiri

Golaýda ýazyjynyň döredijiliginiň dürli ýyllaryna degişli hekaýalaryny we nowellalaryny bir ýere jemleýän «Küýseg» atly täze kitaby halk köpçüligine ýetirildi. Kitapda «Ilkinji hekaýa» atly hekaýasynyň ýazylan senesi onuň mekdepde okaýan döwürlerine gabat gelýän bolsa, «Ketjallar» atly nowellasy 2023-nji ýyl bilen senelenýär. Şunlukda okyjylar awtoryň eserlerden eserlere kämilleşendigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda Garaşsyzlykdan galkynyp, has-da öndümli işländigini okap, görüp bilerler. Akmuhammet Hemidow indi ençeme ýyllardan bäri söýlüp okalýan ýazyjylaryň hatarynda tanalýar. Onuň dürli döwürlerde metbugat sahypalarynda çap bolan hekaýadyr nowellalary giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. «Gyz ýüregi» (1991), «Saňa garaşýan» (1992), «Gyzyl alma kimiňki» (1992) atly yşky nowellalar ýygyndylary belli bir döwürlerde söýlüp okalýan kitaplaryň hatarynda tanaldy. Ol bolsa ýazyjynyň täze kitabynyň hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna güwä geçýär. Bu kitapda ýerleşdirilen eserleriň aglabasy hem söýgi temasyndan, ýaşlaryň durmuşundan, olaryň durmuşda gabat gelýän garşylyklaryndan söhbet açýar. Okyjylary gyzykly durmuş wakalarynyň içinden geçirip, durmuşda öz ýoluňy, öz ornuňy, öz taýyňy tapmak hakdaky pelsepewi pikirlere atarýar. Kitaba ýerleşdirilen eserleriň ählisinde hem adam ruhunyň ahwallarynyň, aýratynam, adamyň inçe duýgusynyň suratyny çekm

Pyragy

Bagyş edip ömrüňi, şirin janyňyHalkyň geljegine — ýagty ýoluna.Agyr geçip ömrüň jebri-jepaly,Adyň baky ýaşar, ölmez, Pyragy. Setirleňde umman ýaly many bar, Halk ykbaly, geçen, geljek ýoly bar.Goşgylaryň kalp içre ornaýar,Olar hakydadan gitmez, Pyragy.

Beýik ösüşleriň röwşen menzilleri

Şu gün 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmentel ─ 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlady. Bu giň möçberli halkara çäresine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň, hojalyk jemgyýetleriniň, hususy kärhanalaryň we telekeçileriň 40-dan gowragy hem-de Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Fransiýa Respublikasy, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa, Azerbaýjan Respublikasy ýaly döwletlerden 70-e golaý kompaniýalar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda maglumat tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «Huawei», «Nokia», «Motorola», «Thales Alenia Space», «Delta Telecom Ltd», «Space Systems International Monaco», «Cisco», «Azertelecom» ýaly kompaniýalar hem bar.

Gurluşyk senagaty we energetika ulgamyndaky halkara gatnaşyklar –– täze ösüşlere badalga

Şu gün 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly XII halkara sergisi we maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan bu halkara ginişlikde geçirilýän sergi dünýäniň dürli künjeginden 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi. Soňky ýyllarda Türkmenistan döwletimizde medeni we ykdysady halkara gatnaşyklary has-da giň gerime eýe bolup, şolaryň çäklerinde halkara ylmy-amaly maslahatlar we halkara sergiler hem-de bilelikdäki dürli çäreler guralýar.

Paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär

Bilşimiz ýaly, bu günler ýagny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär. Medeniýet günleriniň çäginde ýagny, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Ermenistanyň Tatula Altunýan adyndaky döwlet aýdym-saz ansamblynyň çykyşy boldy. Oňa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri we myhmanlar gatnaşdylar.