Şu gün 3-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly XII halkara sergisi we maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanan bu halkara ginişlikde geçirilýän sergi dünýäniň dürli künjeginden 100-den gowrak kompaniýany bir ýere jemledi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan döwletimizde medeni we ykdysady halkara gatnaşyklary has-da giň gerime eýe bolup, şolaryň çäklerinde halkara ylmy-amaly maslahatlar we halkara sergiler hem-de bilelikdäki dürli çäreler guralýar.