Akmuhammet Hemidowyň «Küýseg» atly täze neşiri

21 Noýabr 2024
305

Golaýda ýazyjynyň döredijiliginiň dürli ýyllaryna degişli hekaýalaryny we nowellalaryny bir ýere jemleýän «Küýseg» atly täze kitaby halk köpçüligine ýetirildi. Kitapda «Ilkinji hekaýa» atly hekaýasynyň ýazylan senesi onuň mekdepde okaýan döwürlerine gabat gelýän bolsa, «Ketjallar» atly nowellasy 2023-nji ýyl bilen senelenýär. Şunlukda okyjylar awtoryň eserlerden eserlere kämilleşendigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda Garaşsyzlykdan galkynyp, has-da öndümli işländigini okap, görüp bilerler.

Akmuhammet Hemidow indi ençeme ýyllardan bäri söýlüp okalýan ýazyjylaryň hatarynda tanalýar. Onuň dürli döwürlerde metbugat sahypalarynda çap bolan hekaýadyr nowellalary giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. «Gyz ýüregi» (1991), «Saňa garaşýan» (1992), «Gyzyl alma kimiňki» (1992) atly yşky nowellalar ýygyndylary belli bir döwürlerde söýlüp okalýan kitaplaryň hatarynda tanaldy. Ol bolsa ýazyjynyň täze kitabynyň hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna güwä geçýär. Bu kitapda ýerleşdirilen eserleriň aglabasy hem söýgi temasyndan, ýaşlaryň durmuşundan, olaryň durmuşda gabat gelýän garşylyklaryndan söhbet açýar. Okyjylary gyzykly durmuş wakalarynyň içinden geçirip, durmuşda öz ýoluňy, öz ornuňy, öz taýyňy tapmak hakdaky pelsepewi pikirlere atarýar. Kitaba ýerleşdirilen eserleriň ählisinde hem adam ruhunyň ahwallarynyň, aýratynam, adamyň inçe duýgusynyň suratyny çekmäge synanyşyklar edilýär. Şol synanyşyklaryň şowly bolandygyny bolsa kitaby okan her bir okyjy göz ýetirer.

«Diýar».