"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragy — terbiýe mekdebi

Ýaş nesli terbiýelemekde türkmen halkynyň taryhyny, ruhy dünýäsini bilmekde Magtymguly Pyragynyň eserleri gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Berkarar, erkana döwlet gurmak türkmeniň aňyrdan gelýän arzuwydyr, sebäbi türkmen asudalygy, oňatlygy, parahatçylygy, özygtyýarlylygy söýýän halk. Türkmen halkynyň taryhynda we ruhy äleminde Magtymgulynyň döredijiligi mynasyp orun tutýar. Onuň döredijiligi jemgyýetiň dürli taraplaryny öz içine alýar.  Şonuň üçin-de beýik şahyryň goşgulary söýlüp okalýar, aýdym edilip aýdylýar we onuň sözleri atalar sözleri, nakyllar bilen utgaşyp gidýär. Şahyryň: «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen», «Çagyrylan ýere bar, otur-da turma, çagyrylmadyk ýere barma, görünme!» ýaly setirleri nakyla öwrülip gidipdir. Akyldar Magtymgulynyň berkarar döwletli bolmak hakyndaky arzuwlary, asylly niýetleri, öwüt-nesihatlary Watan söýgüsine ýugrulandyr. Şahyryň goşgulary we aýdyma öwrülen setirleri nesilden-nesle geçip, häzirki döwürde hem ýaşlaryň has paýhasly, ynsanperwer, aň-düşünjeli bolmagyna täsir edýär. Halkyň ruhuna siňen bu setirler dillerden düşmän, Watany, ene-atany söýmek, ulyny hormatlamak, kiçini sylamak, agzybirlik, jebislik ýaly türkmeniň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň aňymyzda ornaşmagynda türkmeniň milli mekdebi bolup gelýär.  Berkarar döwletimizde ýaşlara ylym-bilim bermek şu günki täze türkmen jemgyýetiniň we halkyň bähbitlerine, tala

Magtymgulynyň döredijiliginiň dünýä edebi mirasyndaky orny

Her bir milletiň durmuşyň dürli ugurlarynda ägirt özgerişleri amala aşyrmagy üçin onuň özüne buýsanmagy, guwanmagy gerek. Şeýle buýsanç, guwanç näçe ýokary bolsa, ol halkyň özüne bolan ynamy-da şonça artyk bolýar. Ol ynam milletiň her bir wekilini iňňän ýokary derejä göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýen dürdäne sözleri biziň geçmişimizde öçmejek yz goýan ussatlara buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Türkmen edebiýatynyň ruhy çyragy hasaplanýan Magtymguly Pyragy we onuň kämil eserleri bolsa diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Magtymgulynyň öwüt-nesihatlary halkymyzyň ruhy hazynalarynda öňe sürlen pikirler bilen ugurdaş, şolaryň döwrebap dowamy bolup ýaňlanýar. Şahyryň öz döredijiliginde gozgan her bir meselesi taryhy terbiýämiziň we milli mirasymyzyň gadymy köklerinden gözbaş alyp gaýdýar.

Pariž olimpiadasyna gatnaşýan türkmen ýygyndysyny ugratmak dabarasy geçirildi

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda türkmen türgenlerini Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ugratmak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna ugradan Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Dabara aýdym-sazly uly şowhun bilen dowam etdi.

Türkmenistanda ilkinji gezek «Mango festiwaly» geçirildi

19-njy iýulda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda «Mango festiwaly» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Geçirilen çärä Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklary hukuk taýdan kadalaşdyryş we utgaşdyryş bölüminiň başlygy, hem-de diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, mango iň gadymy tropiki miweleriň biri. Bu miwe Hindistanda 8 müň ýyldan gowrak wagt bäri ösdürip ýetişdirilýär we şu güne çenli hindi mangosynyň 1500-e golaý görnüşi beýan edildi. Hindistan üçin mango diňe bir adaty miwe däl-de bengal gaplaňy ýa-da lotos güli ýaly hindi medeniýetiniň bir nyşany bolup durýar.

Zyýaratlaryňyz kabul bolsun!

Biz beýik ýurduň raýatlary. Bu hakykaty halk üçin her bir raýat üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde, ruhy päkligiň, arassa ahlaklylygyň baýramy bolan mübärek Gurban baýramynyň bellenilýän aýynda ildeşlerimiziň ençemesi  haj parzyny ýerine ýetirip gelen pursatlarynda has-da aýdyň duýulýar. Yslam dininiň bäş parzynyň biri bolan haj parzyny berjaý etmek, mukaddes Käbä zyýarat etmek ildeşlerimiziň kalplarynda egsilmez kanagatnama duýgularyny oýarýar. Bilşimiz ýaly, haj parzyny berjaý etmek üçin ýurdumyzdan köp sanly zyýaratçy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Saud Arabystanyna iberildi. Ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri üçin her ýyl Saud Arabystanyna zyýarata iberilmegi ýurdumyzda medeni-ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn ähmiýet berilýändigini, milli ynsanperwer däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Ýakynda zyýaratçylar dini däpleri, keramatly ýerlere haj parzyny berjaý edip, sag-aman ýurdumyza dolanyp geldiler.

Milli senagatyň mö­hüm des­ga­la­ry

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler esasynda baý ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylýar.

Döw­let­li­lik halallygyň tugudyr

Döwlet diýmek, belli bir araçägi, esasy şerti bir milletiň dilini, dinini, ygtykadyny, çäk bitewiligini üpjün edýän ýurt, mekan, administratiw birlik diýmekdir. Türkmen döwletiniň döwletlilik diýlen düşünjäniň çygryndaky iň kämil jemgyýetiň biridigini bolsa diňe bir türkmen milleti däl, eýsem, tutuş dünýä ykrar edýär. Onsoňam, döwletiň döwletli işlerine düşünmek üçin, adamlar hakdaky aladadan çen tutmagyň özi ýeterlik. Sebäbi döwletiň uly işleri millet, halk üçin kuýaşly Güneş halkasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz yhlasdyr aladasy milletimizi diýseň mertebelendirýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän her bir işi halkyň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Çünki Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýan asylly tutumlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatdaky ägirt uly işleriniň netijesini has guwandyryjy ösüşlere besleýär.

Pyragynyň toýun toýlaýar türkmen

17-nji maýda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanda we halkara derejede geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy hökmünde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy açyldy hem-de halkara maslahatlar geçirildi. Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi. Halkynyň parahat we bagtly durmuşda ýaşamagyny arzuw eden beýik şahyr nesillere çuňňur paýhasa, arassa duýgulara ýugrulan ajaýyp şahyrana mirasy galdyrdy. Onuň geljege gönükdirilen ajaýyp goşgularyndaky çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Häzirki wagtda Magtymgulynyň arzuw eden bagtyýar geljegi hakykata öwrüldi. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýurdy hökmünde tanalýar.

Kons­ti­tu­si­ýa, Döw­let baý­dagy – döw­let­lili­giň we özyg­ty­ýar­ly­ly­gyň ny­şan­la­ry

Her bir halkyň, döwletiň özygtyýarlylygyny aňladýan nyşanlary bar. Olar döwletleriň, halklaryň milli aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Olaryň biri-de Döwlet baýdagydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşany – Döwlet baýdagy. 2017-nji ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilelikde dabaraly bellenilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr. Garaşsyz Türkmenistan dünýäde häzirki emele gelen ähli hakykatlary ykrar etmek bilen, şol bir wagtda gadymy taryhy köklere daýanyp, syýasy, ykdysady, durmuş, medeni, täze filosofiýany döretdi. Bu syýasat taryhy geçmişi öz içine aldy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkiniň saýlanyp alynmagynda we ondaky alamatlaryň ýerleşdirilmeginde türkmen halkynyň ýüregine has ýakyn bolan niýetlerinden, ynamyndan, däp-dessurlaryndan, milli aýratynlyklardan we taryhy köklerimizden ugur alnandygy görünýär. Ýaşyl reňk tebigatyň joşan iň ajaýyp reňkleriniň biri. Ýaşyl öwüsýän ösümlikli meýdanlar gözelligi, bolçulygy, abadançylygy, asudalygy alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyzda Aý bilen bäş ýyldyz ýerleşdirilen. Alymlar we hünärmenler Aýyň alamatlandyrylmagynyň birnäçe manysynyň bardygyny belleýärler. Aý doganda, adamlar gadymy döwürde

Ter­bi­ýe bag­ty­ýar­ly­gyň göz­ba­şy

Bagtyýar zamanada ruhubelent, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli, watansöýüji ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biridir. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda watansöýüjilik, ýokary ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Türkmen halky hemme wagtlarda-da nesil terbiýesine çuňňur hem-de köptaraplaýyn çemeleşipdir.

Nepisligiň nusgasy - türkmen halysy

Türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, yzygiderli tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär.  Halkymyzyň baý taryhynyň, milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren, milli sungatymyzy, medeniýetimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaplary hem aýdyň mysaldyr. Adamlaryň ruhy kämilligi öz halkynyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de, öz halkyň taryhyny, sungatyny bilmek, ýürekden söýmek, oňa hormat goýmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.

Inçe iňňeden dörän sungat

Mährem gelin-gyzlarymyzyň elinden çykan her bir keşdäniň süňňüne türkmeniň dünýägaraýşy, ýaşaýşa bolan yhlasy, söýgüsi, gözellige buýsanjy siňdirilendir. El işleriniň arasynda keşde çekmek däbi aýratyn bir ussatlygy talap edýär. Ene-mamalarymyz özleriniň sungat derejesine ýetiren el hünärleri bilen milli lybaslary bezäp, sünnäläp tikipdirler. Keşde, köjüme, pugtama, basma, alaja we başga-da birnäçe el işleriniň görnüşleri bilen milli egin-eşiklerimiz has-da gözel görke gelipdir. Gelin-gyzlarymyz diňe bir toý köýneklerini däl, eýsem gündelik durmuşdaky öý geýimlerini hem el keşdeleri bilen bezäpdirler. Keşdeçilik sungaty çeperçilik taýýarlygy, irginsizligi, sabyr-takatlylygy talap edip, ýaş gyzlaryň sungata garaýyşlaryny kämilleşdirip, häsiýet aýratynlyklaryny hem terbiýeläpdir. Şeýle-de ene-mamalarymyz ýaşlygyndan gyzlarymyzyň ökde hünärli, çeper elli bolmaklaryny arzuwlap, eýýäm olar sallançakda wagty oňa hüwdüleriň üsti bilenem terbiýe berip başlapdyrlar. Muňa biz islendik döwürdäki edebiýatymyza, taryhymyza, ylmy, edebi çeşmelerimize salgylananymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Halk bilen Watan berkarar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:— Döwletimiziň adamlar hakyndaky aladasynyň mazmuny hem adamlaryň ýagşy edim-gylymlaryna, adalata garaýyşlaryna, halal we dogruçyl ýaşaýşyna aýratyn üns bermekdedir. Adamkärçiligiň asyly nusgalaryny ýaşaýşyň baş ýörelgesi hökmünde ykrar etmekdedir. Watan — mizemez binýat. Bu binýadyň köküni guranlar bolsa biziň merdi-merdana ata-babalarymyz. Geçmişiň gatlarynda yz galdyran beýik-beýik döwletler bu günki gün bir Watanda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, beýik akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, özbaşdak, agzybir döwlet bolmak hakynda eden arzuwy bu gün wysal boldy. Magtymguly Pyragynyň ömri we ummanlara deňelýän döredijilik dünýäsi, beýik taglymatlary bu gün dünýä ýüzünde wagyz edilýär. Ýurdumyzda beýik filosofyň, Gündogaryň ýagty ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede bellemek babatda alnyp barylýan işler akyldar şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Dok­ma­sy bo­lan dok bo­lar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berkarar Watanymyzy ösen senagat ýurduna öwürmek ugrundaky taýsyz tagallalary Ahal welaýatynyň senagat pudagynda alnyp barylýan işlerde, gazanylýan üstünliklerde anyk beýanyny tapýar. Welaýatyň senagat pudagynyň ösüşinde innowasion tehnologiýaly döwrebap kärhanalaryň orny uludyr. Şeýle döwrebap kärhanalaryň hatarynda Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumyny agzamak bolar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu dokma toplumy mundan sanlyja ýyl ozal gurlup ulanylmaga berlendigine garamazdan, öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýýan wezipelerine bu gün kärhananyň agzybir zähmetkeş topary saldamly goşant goşýar. Kärhanada işçi-hünärmenleriň müňden gowragy zähmet çekip, şonuň aglabasynyň ýaş gelin-gyzlar bolmagy, olaryň her biriniň işine yhlasly ýapyşmagy has-da guwandyrýar. Ýaşlar ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata ýaly önümçilik bölümlerindäki innowasion tehnologiýalary ezberlik bilen dolandyrmagy başarýarlar.

Tehnologiýalaryň döwrebap usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşleriň nurana geljegini nazarlaýan ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli bilim we ylym ulgamyna hem döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berlip, ol hil taýdan kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda bilimli ýaş nesilleri kemala getirmäge, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamaga uly mümkinçilikler döredilýär.

Magtymguly etraby

Da­na akyl­da­ryň dog­lan me­ka­ny,Pä­him-paý­has bo­lup aň­da be­kä­ni,Yl­ha­ma duş eder kö­ňül sa­ka­ňy,Gül-gun­ça­ly Mag­tym­gu­ly et­ra­by. Seýl et­seň, gö­rü­ner Py­ra­gyň keş­bi,Te­bi­ga­ty haý­ra­na go­ýar çeş­mi,Hik­met­li söz­le­re örk­le­nen tes­bi,Zer par­ça­ly Mag­tym­gu­ly et­ra­by.

Şa serpaýly etrabym

Py­ra­gy­nyň ady­ny gö­ter­ýän et­rapösüş-öz­ge­riş­den al­ýar be­lent bat. Mäh­ri­ban oky­jy­lar! Mä­lim bol­şy ýa­ly, žur­na­ly­my­zyň her sa­nyn­da «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly hem-de aja­ýyp söz us­sa­dy­my­zyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň çä­gin­dä­ki Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ady­ny gö­ter­ýän eda­ra-kär­ha­na­lar­dan, zäh­met ojak­la­ryn­dan ýö­ri­te sa­hy­pa taý­ýar­lap, Si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris. Bi­ziň bu ge­zek­ki sa­hy­pa­myz bol­sa akyl­dar şa­hy­ryň ady­ny uly mer­te­be bi­len gö­ter­ýän Mag­tym­gu­ly et­ra­by barada taý­ýar­la­nyl­dy.

Mag­tym­gu­ly Pyragynyň köňül aýnasy

Goşgyny şahyryň göwün manzarasyndan aýry göz öňüne getirip bolmaýar. Adamyň köňli juda çylşyrymly. Göwün bipeýan giňişlige eýe bolup, ol arzuw-isleglerden püre-pür bolýar. Onda adamyň ähli duýgy-düşünjeleri joş urýar. Şonuň üçin-de, yşk, küýseg, gaýgy, şatlyk, gorky, ýigrenç... ýaly duýgular haýsydyr bir «lybasyny» geýip, daşyna çykýar.

San­ly ul­gam bol ha­sy­lyň gi­re­wi­dir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyz ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalyk ulgamynda hem uly ösüşlere eýe bolýar. Ata-baba daýhançylyk ýörelgelerinden ugur alnyp, häzirki günde ýerleri gurplandyrmak, baýlaşdyrmak, her bir ekilýän ekinlerden bol hasyl almak babatda uly aladalar edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Sanly tehnologiýalara esaslanýan ekin dolandyryş ulgamy oba hojalygyny ösdürmegiň häzirki döwründe önümçilik prosesleriniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler oba hojalyk önümlerini öndürijileri ýokary hilli we ygtybarly önüm öndürmegiň täze ýollaryny we gurallaryny gözlemäge iterýär. Iň oňat tejribe, oba hojalyk önümçiliginiň sanlylaşdyrylmagy onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we pudagy innowasiýa ösüş ýoluna geçirmäge kömek edýär. Sanly tehnologiýalar durnukly agrosenagat toplumynyň emele gelmeginiň, oba ýerleriniň ösmeginiň, topragy gurplandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň açarydyr. Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga oba hojalygynda esasy ugurlaryň biri hökmünde seredilýär.

Magtymguly egin deňläp daglara...(Pub­li­sis­tik oý­lan­ma)

Göwnüňe bolmasa, hezreti Magtymguly myhyny ýere uran daglaryň gujagyndan çykyp gelýäne meňzeş. Eli kitaply, dili kelamly, köňli halatly kişi geriş-geriş daglara egin deňläp, jülge-zawlaryň depesinden seredip: Hydyr kimin çöllerde,Ylýas kimin suwlarda, Kowus kimin daglarda,Ýagşy-ýamany görsem —