Mährem gelin-gyzlarymyzyň elinden çykan her bir keşdäniň süňňüne türkmeniň dünýägaraýşy, ýaşaýşa bolan yhlasy, söýgüsi, gözellige buýsanjy siňdirilendir.
El işleriniň arasynda keşde çekmek däbi aýratyn bir ussatlygy talap edýär. Ene-mamalarymyz özleriniň sungat derejesine ýetiren el hünärleri bilen milli lybaslary bezäp, sünnäläp tikipdirler. Keşde, köjüme, pugtama, basma, alaja we başga-da birnäçe el işleriniň görnüşleri bilen milli egin-eşiklerimiz has-da gözel görke gelipdir. Gelin-gyzlarymyz diňe bir toý köýneklerini däl, eýsem gündelik durmuşdaky öý geýimlerini hem el keşdeleri bilen bezäpdirler. Keşdeçilik sungaty çeperçilik taýýarlygy, irginsizligi, sabyr-takatlylygy talap edip, ýaş gyzlaryň sungata garaýyşlaryny kämilleşdirip, häsiýet aýratynlyklaryny hem terbiýeläpdir. Şeýle-de ene-mamalarymyz ýaşlygyndan gyzlarymyzyň ökde hünärli, çeper elli bolmaklaryny arzuwlap, eýýäm olar sallançakda wagty oňa hüwdüleriň üsti bilenem terbiýe berip başlapdyrlar. Muňa biz islendik döwürdäki edebiýatymyza, taryhymyza, ylmy, edebi çeşmelerimize salgylananymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris.