"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ynam, yhlas, ykrar

Giriş ýerine. 1945-nji ýylyň 2-nji ýanwary. Magtymguly etrabyny etekläp oturan keremli daglar gar ýassanyp ýatyrdy. Sowuk habarlara ýapraklaryny tändirip, eginlerini gysyşan baglar mazaly burjy baglapdyr. Şemal, şol gün Handöwlet agalardan tapan ýakymly jägildisini aldajy sowugyna dolap oba aýlanypdy. Garasaý, perzent demine ýylynan Könekesir obasynyň ýumrugy artypdy. Könekesir. Etrap merkeziniň 90 kilometr Gündogary, deňiz derejesinden, takmynan, 1700 metr belentlik. Sumbar sakasyna eňek basan obanyň tebigy gözelligine ilaty günlükçidi. Ol ýyllar gaz entek köp obalara barmandam. Her hojalyk gyş sowugyndan goranmak üçin güýz aýlary 2-3 sany ýük ulagyna mas basylan kerkawdyr arçalary odun edinerdiler. Daglaryň ýüki ýeňlärdi. Orta mekdeplerem şeýdip ýylydardylar.

Üstünlikleriň aýdyň ady

Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi giň düşünjeli, ylymly, bilimli ýaşlary ýetişdirmegiň esasy şerti bolup durýar. Bu ösüşlerde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanlylaşdyrylan ulgama giňişleýin geçmek boýunça strategik özgertmeleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli, olary bu işe doly taýýarlamaly. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi, ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän meýiller ylmy esasda alnyp barylýar. Bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory, elektron kitaphanalar döredilýär. Çünki elektron kitaphanalar pudaklary sanlylaşdyrmakda alnyp barylýan işlerde düýpli özgertmeleri we ösüşleri amala aşyrmagy üpjün edýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmek netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak bilim syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Daglar ýeriň myhydyr

Allanyň nazary düşen bu jennet mekanyň her bir barlygy kerem-keramata ýugrulan. Bütin durky genji-hazyna beslenen tebigatymyzyň goýnunda näçe diýseň gözellik bar, gudrat bar. Onuň umman ýaly giň gujagyndaky täsinlikler sanap gutarardan aşa çäksiz. Olar aňyrsyna göz ýetmeýän ümmülmez älem mysaly. Zemin üste öz ýyly çoguny bolluk bilen çaýyp duran nurly güneşem, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uç-gyraksyz parahat gök asmanam, onuň ýüzünde tirkeş-tirkeş bolup göçüp-gonup ýören ak bulutlaram, gündogardan günbatara uzap ýatan belent-belent daglardyr mele derýalaram, yzy üzülmeýän ulgam-ulgam mele çägeli bereketli ymgyr çöllerem waspyny taryplap gutaryp bolmajak giden bir dünýä. Adamlary ýyly mähir bilen gurşaýan gözel tebigatymyzyň bu barlyklarynyň her birinde, gör, niçe syr, niçe hikmet ýatyr. Behişdi ýurdumyzdaky keramatly barlyklaryň biri-de, ençeme täsinlikleri özünde jemleýän, Zeminiň diregi bolan başy heserli, bili kemerli goja daglardyr. Adamzat döräli bäri bu gudratly daglary penalamadyk, onuň huzuryna baryp dalda tapmadyk, goýnunda mesgen tutmadyk wagty boldumyka? Süýji suwly akar-bulaklary, umgaly-jerenli awlaglary, şir-peleňli jülgeleri, bürgütli kert gaýalary gujagyna alyp, seleňläp oturan seri dumanly belent daglar öz sahawatyny ynsan balasyndan hiç wagt aýan däldir. Gör, niçe ozandyr bagşylar bu haýbatly daglaryň waspyny ýetirip, ençe aýdym-gazallary döredipdirler. Eýsem

Çaý çorba

Il arasynda şeýle aýtgy bar: «Ertirki iýip-içeniň özüňki, günortankysy dostuňky, agşamkysy duşmanyňkydyr». Hudaýa şükür, bolçulyk, dokçulyk, abadançylyk. Sähel salymda bişirmäge, gowurmaga, kaklamaga gaz plitalary, tok bilen işledilýän kaşaň-kaşaň, hil-hil gap-gaçlar, gazan-taganlar we beýleki enjamlar öý bikeleriniň gol astynda dur. Emma ýeňil bolmadyk durmuşda ýaşan ene-mamalarymyz, ata-babalarymyz hem her edip, hesip edip, aýtgyda nygtalyşy ýaly, «özüňki» saýylýan ertirlikden näumyt galmazlygyň çäresini tapypdyrlar. Ol neneňsi çärekä?! Çaýçorba! Çaýçorbany taýynlamak üçin, ozaly bilen, süýtli gara çaý demlärdiler. Ýöne ol ýüzünde suw durlanyp duran sowuk däl-de, goýy, goňrumtyl reňkde bolmalydy. Çaýçorba iýilýän käse adatdakylardan iki-üç esse töweregi uly bolardy. Oňa düýekäse diýýänlerem, pyýala diýýänlerem bardy. Şol düýe käsä her kes öz maddy ýagdaýyna, keşdiniň çekişine görä, gant bilen mal ýagyny atardylar. Goýnuň guýruk ýagy bolsa-ha has gowy, onuň derejesine ýetip biljek mal ýagy barmy! Indiki gürrüň dograljak çöregiň mukdary barada. Çümhörekler onuň bir käsesinden kanagatlansalar, işdämenler piýalany 2-3 gaýra çörekden doldurman doýdum diýmezdiler. Çaýçorbanyň ahyrynda adaty käseler bilen süýtli çaý içerdiler. Çaý huruşlaram gurt, balgaýmak, sargan, peýnirdir. Çaýçorbadan ertirlik edinenler ylla seýislenen at mysalydyr, ne ajygarlar, ne suwsarlar, ne-de ýadarlar. So

«Nesiller äkider seni uzaga»

Uzak ülkeden gelen toý habary Zaman işany ragbatlandyrdy. Bada-bat ogullarynyň bäşisini daşyna jemläp, ýol şaýyny tutmagy berk tabşyrdy. Ýola düşüp, çöl-beýewany syryp geçip, ýol azabynyň ýarysyndan dynansoňlar, Zaman işan egbarlady. Şol barmana-da bir düýş görýär. Düýşünde ýetmeli menziline gowşansoň, ýurduny täzelejegi oraşan göründi. Ogullaryny çagyryp, düýşi göreniňki däl, ýoranyňky edip, iň soňky sargydyny aýdýar. Zaman aganyň pendine görä, ol myhman çagyrylan obasynda jaýlanylmalydy. Bu tabşyryk aýdylyşy ýaly-da ýerine ýetirilýär. Yzlaryna gaýtmazyndan öňinçä, özara maslahatlaşylyp, bäşiň ikisi gonak bolnan ýerde galmaly edilýär. Şeýdip Hudaýberdidir Ylýasyň duz nesibesi ýat illere çekýär duruberýär. Uly oba Zaman işanyň hormatyny tutup, bulary öýli-işikli etmek üçin kimse gyzyny berýär, kimse-de duzuny. Garaz, aýaga galnynça goltgy kemini goýmandyrlar. Şeýde-şeýde doganlar bu ülkä öz dogduk perzendi kimin goşulyp garylyberipdir... Syrgyn oba söýget bolup ýören aga-ini 1937-nji ýyllaryň nähak aýyplanmasyna duçar bolup sürgün edilende, Ylýasyň ýaňy bir dokuz aýa gadam basan, dünýäniň gamu-şatlygyndan bihabar ýekeje oguljygy, Hudaýberdiniň bolsa 2 gyzy, yzynda galypdy.

Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde pul hakynda

Adamzadyň durmuşynda maddy taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan pullar taryhda haýsy döwletleriň bolandygyna, haýsy hökümdaryň höküm sürendigine şaýatlyk edýän iň esasy delillerdir. Gadymy pullar belli bir döwletiň ykdysady gatnaşyklaryny öwrenmegiň çeşmesidir. Dolanyşygyň serişdesi bolan gadymy pullaryň daş görnüşiniň, keşbiniň özüneçekijiligi, şol döwrüň nakgaşlarynyň ussatlygyny, ussahanalaryň tehniki mümkinçiliklerini-de görkezýär. Türki halklaryň durmuşynda pullar baradaky maglumatlar Mahmyt Kaşgarlynyň eserinde hem öz beýanyny tapýar. Orta asyrlarda dünýä taryhynda uly yz goýan, Türkmenleriň Seljuklylar döwletiniň iň pajarlap ösen döwri bolan Soltan Mälikşanyň döwründe (1072 — 1092) «Türki dilleriň diwany» atly sözlügi bilen tanalan Mahmyt Kaşgarly bu eserini 1077-nji ýylda Apbasy halyfy Abulkasym Abdylla ibn Muhammet Muktady Biemrilla sowgat edýär. Bu eser türki halklaryň diliniň taryhyny öwrenmekde tapylgysyz hazynadyr. Şeýle-de, alym eseriniň başynda: «Türki diline öçmejek şöhrat, tükenmez hazyna bolsun» diýip, bu diwany ýazmagynyň sebäbini aýdyp geçýär.

Sungatyň aşygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkymyzyň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgerişlikler türkmen ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny açmaklaryna uly mümkinçilikleri döredýär. Ýaş aýdymçylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýändiginiň subutnamasydyr. Biz hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, opera sungatynda dürli keşpleri üstünlikli janlandyrýan, Diýarymyzyň sungat ojagy bolan M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Aýna Seýitkuliýewa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik

Goşgular toplumy

Saňa ýüregimi açasym gelýär Durmuşyma diýip bilmen, «Bu ne gün?!»,Çoýup başarmajak bolsa, ol ne Gün?!Belki, nesibedir, bir günden bir gün,Saňa ýüregimi açasym gelýär.

Fotosuratyň taryhy

Biziň gündelik durmuşymyzda birentek täsin, gyzykly wakalar we pursatlar bolup geçýär. Şolary soňlugy bilen ýatlamakda, olardan käbir pursatlary saklap galmakda bolsa fotosuratlaryň ähmiýeti uludyr. Olar biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Çünki janly suratlar özümizi şol wakanyň içinde ýaly duýmagymyza ýardam edýär. Ilkinji fotoapparatlaryň döredilenine, iki ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Fotoapparat baradaky maglumatlar XVI asyr bilen senelenýär. Jerolama Kardana atly ugurtapyjy bir ýigit dörtburç gutynyň içine linza ýerleşdirip, ilkinji fotosuraty çykarmagy başarýar. Ýöne şol surat onçakly dury bolmandyr. Bu ugurda edilen gözlegleriň netijesinde 1727-nji ýylda ilkinji synanyşyklar başlanýar. Iogan Şuls atly bir adam duz bilen kümüşden peýdalanyp, has dury görnüşdäki fotosuratlary çykarmagy başarýar. Häzirki döwürde görýän fotosuratlarymyza çalymdaş ilkinji suraty bolsa 1820-nji ýylda Neps atly suratkeş köpçülige görkezýär. Emma fotoapparatyň tehniki enjamyny döredijiler hökmünde ilkinji gezek taryha giren Luiý Žan bilen Monde Dagerdir. Bu enjam döredilenden soň, Germaniýada satuwa çykarylan gabarasy kiçi, ýokary hilli fotosuratlary bermek mümkinçiligine eýe bolan fotoapparatlaryň ýasalmagy, öňe tarap ynamly ädilen ädimleriň biri bolýar. Soňlugy bilen kem-kemden fotosuratlar dürli habar beriş serişdelerinde ulanylyp başlanýar. Žurnalistika hünäriniň fotožurnalistika

Üstünlik hakynda

Haçan-da, göwnüňe bütin dünýä seniň garşyňa hereket edýän ýaly bolanda, uçaryň ýeliň garşysyna uçýandygy elmydama ýadyňda bolsun!Genri Dewid Toro. Dünýä togalakdyr. Soňudyr öýdýän ýeriňiz başlangyjy bolup biler.Luiza Meý Olkott.

Tebigy baýlyklaryň sährasy

Garagum sährasynyň özboluşly, gaýtalanmajak ekologiýa ulgamy, tebigy baýlyklary bar. Häzirki zaman ösen jemgyýetde tebigy ösümlik baýlyklaryny gorap saklamak, olary rejeli peýdalanmak meselesi esasy derwaýyslyklaryň birine öwrüldi. Bu mesele ösümlik dünýäsine we aňyrsy-bärsi görünmeýän tebigy öri meýdanlara eýe bolan Türkmenistan Diýarymyz üçin hem wajypdyr. Tebigaty goramak boýunça Milli strategiýanyň maksady ekoulgamlaryň ewolýusion ýaşaýyş ukyplylygyny üpjün edýän çärelerden, olaryň san, hil häsiýetnamasyny dikeltmekden ybaratdyr. Garagum çölüniň çürt-kesik kontinental klimat häsiýetleri ösümlikleriň agyr şertlere uýgunlaşmagyny, ýagny olaryň yssa, sowuga çydamlylygyny, süýşýän çägelere, güýçli ýellere, tozanly gaýlara durnuklylygyny, ösümlikleriň ýaşaýan gurşawyna ýokary derejede uýgunlaşmagyny talap edýär. Çölüň ösümlik dünýäsiniň özboluşlylygy çägiň hojalyk taýdan peýdalanylyşynyň, hatda mallaryň bakylyşynyň meýilleşdirilmeginiň zerurlygyny orta çykarýar.

Folkloryň içindäki folklor

Ýaşuly nesliň özünden soňky nesle goýup biljek iň uly gymmatlyklarynyň biri ruhy mirasdyr. Ol görüm-göreldäni, milli däp-dessurlary, durmuş tejribesini, terbiýe bermek medeniýetini, döredijilik dünýäsini, pähim-paýhasy özünde jemleýär. Ençeme asyr aşyp, nesilleriň paýhasyndan, döredijilik zehininden kämillik derejesine ýeten halk döredijiligi ruhy mirasyň edebi nusgasydyr. Başgaça aýdylanda, halk döredijilik eserleri halkymyzyň özi hakynda döreden edebi-taryhy ensiklopediýasydyr. Halk döredijilik eserlerine milletimize mahsus dünýägaraýyş, hüý-häsiýet, ýaşaýyş-durmuş, däp-dessur, edim-gylym aýratynlyklary siňdirilipdir. Älemgoşaryň 7 reňkiniň başga onlarça reňki emele getirmäge esas bolşy ýaly, türkmen halk döredijilik eserleriniň 3 žanry hem halkymyzyň ruhy dünýäsini häsiýetlendirmekde, suratlandyrmakda, beýan etmekde edebi gönezlik bolup hyzmat edýär. Türkmen halk döredijilik eserleriniň çuň mazmunly, köp öwüşginli häsiýeti, onuň köp žanrlylygynyň, köp görnüşliliginiň üsti bilen açylýar. Olaryň tas ählisiniň mazmunynda ata-babalarymyzyň nesil terbiýesine aýratyn ähmiýet berendigine göz ýetirmek bolýar.

Käşir

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda gök ekinleriň adam üçin dermanlyk häsiýetleri barada anyk maglumatlar berilýär. Olaryň dürli keseller üçin ulanylyş aýratynlyklary beýan edilýär. Käşir dürli naharlarda ter we guradylan görnüşde, şeýle-de konserwa senagatynda ulanylýar. Käşiriň suwy gymmatly iýmit önümidir. Adaty käşiriň miwe şiresi bagyr, böwrek, holesistit, böwrekde we ötde daşyň emele gelmegi ýaly dertleri bejermekde peýdalydyr. Onuň düzüminde mämişi pigment-karotin saklanýar. Ondan bolsa bedende A witamini sintezlenýär. Ylaýta-da, ol çagalar üçin ähmiýetlidir. Adaty ekilýän käşirler dünýä ýurtlarynda giňden ýaýrandyr. Biziň ýurdumyzda medeni käşir bilen bilelikde ýabany käşire hem gabat gelinýär. Olar, esasan, ýaz, güýz aýlary ösdürilip ýetişdirilýär.

Dost-doganlyk ýollary bilen

Halkymyz «Aý dogsa, Älem görer» diýip, hak aýdýar. Jeýhun bilen Bahry-Hazaryň arasyndaky ymgyr sährany tutup duran türkmeniň bu gadym ýurdy dünýäde ykrar edilen milli Lideriniň beýik tutumlary netijesinde halkara bileleşikde deňli-derejeli, arzylanýan, sözi diňlenilýän döwlete öwrüldi. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Baştutanynyň parahatçylygy döretmek sungaty dünýä ýaň saldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip, yglan edilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda, Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy dabaralandy. Bu şanly ýylda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini mynasyp amal etmäge bagyşlanan halkara we okuw maslahatlary giňden ýaýbaňlandy. Olarda baky bagtyýarlygyň mekany bolan Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda her bir ulgamyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 2020-nji ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şan-şöhratynyň gaýtadan dünýä dolan, ýurdumyzyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de pugtalanan ýyly boldy. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatynyň düýp özeninde türkmen Bitaraplygy dur. Taryhda dünýäniň dürli künjegine göç edip, ol ýerlerde döwlet guran ata-babalarymyza mahsus bu ýörelgäni häzirki günde Türkmenistan dünýä nusgalyk taglymat dere

Innowasion geljege tarap müň ädim

Rowaçlyklaryň ak ýoluna düşen ata Watanymyz bu gün dünýä döwletleriniň arasynda kuwwatly we durnukly ösýän ýurt hökmünde öz mynasyp ornuny eýeledi. Hormatly Prezidentimiz: «Iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirkizaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde hem-de zähmetiniň netijesinde jemlenendir» diýmek bilen innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýete ähmiýet berýär. Milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025 nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Sanly serişdeleriň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyna uly itergi berdi.

Dö­wür we ma­ha­bat

Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyby gün-günden ýaýbaňlanýar, olara bolan isleg içerki hem-de daşarky bazarlarda has-da köpelýär. Köp harytlarymyz daşary ýurt bazarlarynda öz orunlaryny tapdylar. Hormatly Prezidentimiz milli önümlerimiziň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň eksportynda paýyny artdyrmak, olary ýerlemek boýunça ösen marketing gullugyny döretmek, eksporta gidýän taýýar önümleriň möçberini artdyrmak, öndürmekde we eksport etmekde hususy telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek meselelerini birjikde üns merkezinden düşürmeýär.

Oňaýly hem owadan (Telekeçilik)

Hormatly Prezidentimiziň: «Men telekeçilerimiziň ylmyň gazananlaryny ulanmak bilen, ýurdumyzda häzirkizaman tehnologiýalaryna esaslanýan, düýbünden täze önümçilikleri we kärhanalary döredip, dürli görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürmekde hem gowy netijeleri gazanjakdyklaryna berk ynanýaryn!» diýen sözleri türkmen telekeçilerini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň goldaw bermegi we uly ynam bildirmegi netijesinde bu günki gün telekeçilik ulgamy barha ösýär. Hususy pudak ýurdumyzyň sarp edýän bazarynda harytlaryň bolçulygyny döredip, milli ykdysadyýetimiziň pugtalanmagynda öz mynasyp ornuny tapýar. Ilatyň iş bilen üpjünçiliginde-de hususy ulgama uly orun degişlidir. Hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň, telekeçileriň öndürýän önümleri ýurdumyzda bazar bolçulygyny döredýär. Bu babatda türkmen telekeçileriniň ýeten sepgitleri guwandyryjydyr. Türkmen telekeçileri täze tilsimatlara daýanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini birkemsiz tutup biljek önümçiligi döredýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary döwletlere çykarylyşynyň artdyrylmagynda-da türkmen işewürleri yhlaslylyk görkezýärler.

Sport–saglyk, ruhubelentlik, dostluk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli rowaçlyklaryň, belent sepgitleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiz şahsy göreldesi bilen watansöýüjiligiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň belent nusgasyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň sowatly, watanperwer, kämil ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin amala aşyrýan giň göwrümli we aýdyň maksatly işleri, oňyn özgertmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň» ýylynda öz ajaýyp netijelerini berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem wagyzçysy bolan hormatly Prezidentimiz adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirdi. Şonuň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmak ýurdumyzyň raýatlarynyň, esasan-da, ýaş nesliň gündelik durmuş kadasyna öwrüldi. Çünki, ruhubelentlik, belent ahlaklylyk, kämil bilim we dury akyl saglykdan gözbaş alýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parahatçylygyň, abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem-de sport diplomatiýasynyň möhüm orny bardyr. Parahatçylygyň, dostlugyň kepili bolan sport ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklar barha giň gerime eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzda bedenterbiýäni hem-de

Döwrüň täze hünäri

Arkadag Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, adamzat paýhasynyň gazanan ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri ylymdyr. Häzirki döwürde ösen ylmyň, bilimiň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagyny gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şu jähtden ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, hilini ýokarlandyrmak, döwrebaplaşdyrmak we dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek ugrunda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň gözýetimli, sagdyn pikirlenmegi başarýan we özleriniň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary üçin gönükdirilendir. Häzirki wagtda döwür bilen aýakdaş gitmek, döwrüň talabyny ödemek üçin tehnologiýalar dünýäsine aralaşmak we onuň soňky gazananlaryndan baş çykaryp bilmeklik hem-de dünýä dilleri bolan, iňlis we ýapon dillerinde öz pikiriňi erkin beýan edip bilmeklik esasy meseleleriň biri bolup durýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda şeýle ýokary taýýarlykly hünärmene bolan isleg häzirki döwürde has hem artýar. Bu bolsa mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň aglaba böleginiň inženerçilik hünärine ýykgyn etmeklerine getirýär we bu hünäre bolan isleg has-da artýar.

«Sary altyn»

Adamzat jemgyýeti özüniň ösüş taryhynda oba hojalyk ekinleriniň müňlerçe görnüşlerini ösdüripdir. Olaryň arasynda has gymmatly görnüşiniñ biri-de şalydyr. Däneli ekinleriñ arasynda şaly iñ ýokary mukdarda krahmaly saklaýşy we ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Şalynyñ dänesindäki krahmal örän ýokumlylygy, aňsat özleşdirilýändigi bilen hem beýleki dänelilerden tapawutlanýar Şaly ekininiň duza çydamlylygynyň ýokary bolmagy ony şor ýerleriň duzuny ýuwup özleşdirmekde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Şalynyň basdyrylyp suwarylmagy netijesinde, şol topragyň duzy ilkinji gününden başlap ýuwlup başlaýar. Şonuň üçin ony täze özleşdirilýän şor ýerlerde ösdürip ýetişdirmek has peýdalydyr. Şeýle edilende, şor ýeriň duzy gowy ýuwulýar we ony ekin dolanyşygynda has netijeli ulanyp bolýar. Şor ýerleri şaly ekmek bilen özleşdirmek suwy rejeli peýdalanmaga hem ýardam edýär. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzda dürli derejede şorlaşan ýeriň duzuny ýuwmak güýz-gyş aýlary geçirilýär. Şorlaşan ýerleri ýuwmak üçin köp mukdarda suw gerek bolýar. Şeýle köp suwy meýdana bir wagtda berip bolmaýar. Şeýle hem ýuwuş suwunyň howanyň salkyn we sowuk döwri geçirilýändigi zerarly, eremesi kyn bolan käbir duzlary toprakdan ýuwup aýryp bolmaýar. Şaly ekilmegi bilen şorlaşan ýerleri ýuwmagyň yssy döwründe geçirilýändigi zerarly duzlaryň eremesi we ýuwulmagy aňsat bolýar.