Syrly äleme bagyşlanan ömür
Alym astronom, syrly älemiň aşygy Hojamuhammet Meläýew türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köpetdagyň keremli daglarynyň gujagynda, datly suwly Sumbar derýasynyň gözbaşyndaky Magtymguly etrabynyň Könekesir obasynda 1946-njy ýylyň 4-nji maýynda dünýä inýär. Ol talyplyk döwrüniň 1-nji ýylyndan başlap ömrüniň ahyryna çenli astronomiýa ylmy bilen gyzyklanyp, gündizlerine şol ugra degişli çap edilen materiallar bilen tanyşdy. Gijelerine merjen däneleri dek lowurdap duran ýyldyzlar, aýry-aýry ýyldyz toparlary hem-de olar baradaky ajaýyp rowaýatlar, şol lowurdaýan ýyldyzlara meňzäp duran we olara görä hereket edýän ýeriň emeli hemralary, Günüň, Aýyň tutulmalary, Aýyň dürli çärýeklerde görünmegi, gije-gündiziň hem-de pasyllaryň çalyşmagy, ýyldyz asmanynyň wagta görä üýtgemegi we başga-da şunuň ýaly asman gümmezi bilen bagly bolan hadysalar ünsüni ýüpsüz baglapdy. Teleskopda asmanyň syrly älemine seretmek Hojamuhammediň söýgüli pişesidi. Ol ýerde däl-de, asman äleminde gezip, şol älemdäki syrlar bilen dostlaşan ýalydy. Alymyň çagalyk ýyllaryna ser salsaň, onuň bu pişe üçin dünýä gelendigine ynanýarsyň. Onuň babasy Myratberdi ahun türkmende ady belli Goçmyrat ahun bilen bir döwürde Buharada okap, ahunlyk derejesine ýeten, ýaşan döwründe il-halka köp ýagşylyklary eden, ýaşlary ylym-bilime çagyran, aý-günüň hasabyny ýöretmegi, ýyldyzlar we beýleki asman jisimleri barada dürl