Sungata öwrülen senet

23 Iýun 2021
1761

Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýany. Irki döwürlerden bäri halylaryň we haly önümleriniň ýerligi, gölleri, nagyşlary, esasan, gyzyl reňkde dokalyp gelinýär. Eger siz türkmen halylaryna üns berip seretseňiz, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň aýak yzylaryny görersiňiz. Dünýäni göz öňünde janlandyrýan türkmen halysy iň meşhur geçginli haryt hasaplanylýar. Ol türkmen halky üçin diňe bir adaty senetçilik önümi däldir. Halyda özüniň döreýiş gözbaşyny gaty gadymlardan alyp gaýdýan türkmen milletiniň geçmiş taryhynyň syrly ýazgylary bar. Halynyň her göli, her çitimi, her şekili tutuşlygyna alanyňda, gyz-gelinlerimiziň elinden çykýan ajaýyp eserdir.

Häzir dünýäniň iň gadymy hem naýbaşy muzeýlerinde türkmen halysynyň asyl nusgalarynyň saklanylmagy oňa Ýer ýüzündäki ykrarnamanyň hem-de egsilmeýän gadyr-gymmatyň alamatydyr. Ylaýta-da, Ýewropa ýurtlarynda öňden bolşy ýaly, häzir hem ajaýyp türkmen halylaryna isleg uly. Muny her ýylda geçirilýän Bütindünýä haly önümleriniň sergi-ýarmarkasy anyk tassyklaýar. Türkmen halysyna nazary düşen adam aňsat onuň ýanyndan aýrylyp bilmeýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňeşdirilen ajaýyp halylarymyzdyr» diýip belleýär.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».