Şalgam (brassica rapa) kelemler maşgalasyna degişli ikiýyllyk ösümlikdir. Onuň birýyllyk görnüşi hem bar. Şalgam tiz ýetişýän, azyklyk gymmaty ýokary ekin bolup, onuň düzüminde az mukdarda kleçatka, köp mukdarda gant we witamin С saklanýar. Ekilýän görnüşleriniň içinde iň köp ýaýrany sary we ak etli görnüşleridir.
Adamyň şalgamy ekip, ösdürip ýetişdirip başlany bäri 4000 ýyl geçipdir. Geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri şalgam köpçülikleýin ekilmeýär diýsek hem bolýar. Ýerleriň hususyýetçilere berilmegi, öz topragymyzda bitýän önümleriň hiliniň ýokary derejededigi we sagdynlygy, häzirki günlerde diňe bir şalgamy däl, beýleki ekinleri, meselem, mäş, dary ýaly ösümlikleri hem ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilik döretdi.