Alabaý itleri — türkmeniň ruhy gymmatlygy, baýlygy. Ahalteke bedewi we alabaý iti bilen taryhda şöhratly yz goýan pederlerimiziň bu mukaddes ýörelgeleri häzirki bagtyýar döwrümizde täzeçe röwşe eýe bolýar, netijede, alabaý itleriniň taryhy şöhraty dikeldilýär. Itşynaslar, it idedijiler, seýwanlar, kinologlar ýaly düşünjeleriň gymmaty häzirki döwürde biziň durmuşymyzda öz ähmiýetini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň şaýoluna düşen Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy juda belent. Ine, alabaý hem şeýle belent sarpa eýe bolan ruhy baýlygymyz. Biz golaýda alabaý itleriniň muşdagy, ýurdumyzda mebel öndürmekde meşhurlyk gazanan tejribeli telekeçi, «Aýbölek» mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy Meretmuhammet Täçmuhammedow bilen söhbetdeş bolup, onuň türkmen tohum itlerini ýetişdirmek bilen bagly alyp barýan asylly işleri bilen giňişleýin tanyşdyk.
— Meretmuhammet, uly döwletli işi alyp barýan mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy bolmagyňam aladasy-hysyrdysy ýetik welin, siz bu işiňiziň daşyndan alabaý itlerini köpeltmäge-de höwesek ekeniňiz. Eýsem, bu işleri utgaşdyryp alyp gitmek size kyn düşmeýärmi?