«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 3-nji iýunynda Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Munuň özi milli Liderimiziň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edýän tagallalaryna halkara derejesinde ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk we raýdaşlyk, sagdynlyk we ruhubelentlik ýaly wajyp gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýan halkara baýramdyr. Ol parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda Halkara Olimpiýa Komiteti we sport federasiýalary bilen ýygjam gatnaşyklar, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakyndaky Kararnamasynyň netijesinde dünýä jemgyýetçiligi welosiped sportunyň ösdürilmegine, şeýlelikde, dünýäniň sport, jemgyýetçilik we maglumat toparlarynyň ýurdumyzyň tejribesini we Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem-de bu ugurda degişli çäreleri yzygiderli geçirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär. Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamasynda dünýäniň ähli ýurtlarynyň ösüş strategiýasynda welosiped sportuna aýratyn üns bermek we ony halkara, sebitara, milli maksatnamalara goşmak baradaky çagyryş öz beýanyny tapýar.