"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Kitap halklary dostlaşdyrýar: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem çagyryldy.

Şowly netijeler

Golaýda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň taryhy dersinden onlaýn bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň harby talyplary baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Olardan Atajan Momatow, Şöhrat Durdynazarow, Yhlas Şirmetow 1-nji, Hydyr Altyýew 2-nji, Bahramjan Begenjow bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle-de institutymyz toparlaýyn jemlemede iň ýokary netije gazanmagy başardy. Bu üstünlik hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen harby talyplaryň ukyp-başarnyklaryna laýyklykda gulluk borçlaryny berjaý etmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Bilim — bossan, döwür — dessan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bagtyýar halkymyz şanly ösüşleriň täze belentliklerine gadam goýup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Täze taryhy döwürde amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde bilim ulgamyny özgertmek, hemmetaraplaýyn bilimli, täzeçe pikirlenýän hem-de maksada okgunly ýaş nesliň kemala gelmegini gazanmak ugrunda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda-da durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli özgertmeler, bilim işgärleri, ýaşlar barada edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, bilim-terbiýe almagy, ylym we hünär öwrenmegi, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere mynasyp goşant goşmagy üçin ähli zerur şertleri döredip berýär. Bilim ulgamyna dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlarynyň, öňdebaryjy tejribäniň, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili has-da ýokarlanýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bolsa orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga, hünär öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzda orta

Deňizçi harby talyplaryň üstünlikleri

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramaklarynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda fizika dersi boýunça IV Halkara internet olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Bu olimpiada-da TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby talyplary hem üstünlikli çykyş edip, olardan Allaýar Serdarow, Dawut Nuryýew, Kerim Akmyradow, Amanýaz Begjanow we Daýanç Hangeldiýew dagy diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Maksadymyz — ýaşlaryň sowatlylygy Ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam edilýär. Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sowatly, giň dünýägaraýyşly, terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Has takygy, üstümizdäki ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Röwşen geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ösüşleriň we özgerişleriň netijesinde täze üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler hem döwletiň geljekki ösüşleriniň aýdyň kepilidir. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde berkarar Diýarymyzda bilim ulgamyny has-da ösdürmäge örän uly ähmiýet berilýär. «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçýär. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesiller üçin döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzyň ýagty geljegini üpjün edýär. Berkarar ýurtda ýaşamak, döretmek, gurmak, zähmet çekmek bagtlylykdan nyşandyr. Ata Watanymyzy beýik ösüşler, belent sepgitler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, päk ýürekden zähmet çekmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Kämil nesil kemala gelýär

Berkarar Diýarymyzda körpe nesliň abadan durmuşy baradaky aladalar örän giň gerimlidir. Ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi durnukly döwlet ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Şundan ugur alnyp, çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly okamagy, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, tebigy zehin-başarnyklarynyň ösdürilmegi babatda ähli şertler döredilýär. Okatmagyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklary bilen birlikde, çeperçilik we sungat mekdepleriniň çagalaryň hyzmatynda bolmagy olaryň köpugurly döredijilige höweslerini artdyrýar. Munuň özi köpöwüşginli sungatymyzyň geljekki mynasyp wekillerini terbiýeläp ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Medeniýetiň, sungatyň watansöýüji, belent ahlakly, kalby arassa nesilleriň kemala gelmeginde hem mynasyp orun eýeleýändigini nygtamak gerek. Ýurdumyzyň buýsanjy bolup durýan ýaş zehinleriň kemala gelmeginde wajyp ähmiýete eýe bolan sungatymyzyň gülläp ösmegi babatda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Suratlarda körpeleriň buýsanjy

Çärjew etrabyndaky 23-nji çagalar bakja-bagynda etrap bilim bölüminiň guramagynda etrabyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda «Bitarap Watanyň körpe nesli biz» atly bäsleşik geçirildi. Oňa etrabyň çagalar bakja-baglarynyň mekdebe çenli taýýarlaýyş toparynyň zehinli körpeleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady çagalarda suratlaryň üsti bilen Watanymyza, gözel tebigatymyza söýgini artdyrmakdan, maşgala mukaddesligi bilen bagly düşünjeleri berkitmekden ybarat bolup, onda başarjaň körpeler öz döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

Barha kämilleşýän ulgam

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ýaş ne­sil­le­ri­mi­ze be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça ba­dal­ga be­ril­ýän öz­gert­me­ler ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär.

Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryny öwretmek

Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgelerimizdir. Şunda ene diline bolan sarpany kemala getirmek, nusgawy edebiýatymyzy öwretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem türkmen dili dersi boýunça sapaklarda dilimiziň ylmy esasda öwrenilişi hakynda giňişleýin maglumatlary berýäris. Asyrlardan asyrlara geçip gelen türkmen dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup, häzirki döwürde ylmy esasda öwrenilýär, ýaş nesillere ýetirilýär. Şonuň üçin hem her bir sapagy täsirli, döwrebap şertlerden peýdalanyp guraýarys. Munuň özi okuwçylaryň öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Türkmen dili dersi boýunça guran sapagymda okuwçylara özbaşdak many aňladýan söz toparlary hakynda giňişleýin düşünje berdim. Özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna işlikleriň hem degişlidigini, okuw kitabynda bu barada ýörite kesgitlemeleriň berlendigini gürrüň berdim. Şeýlelikde, gymyldy-hereketi aňladýan sözlere işlikler diýilýändigini okuw kitabyndan labyzly okaýarys. Şeýle hem multimedia tagtasynda taýýarlanan slaýd şekillerinden giňişleýin peýdalanýarys. Bu şekillerde türkmen dilinde işlikler hakynda kesgitlemeler ýerleşdirilendir. Şeýle hem slaýdyň dowamynda birnäçe mysallar, sözler getirilýär. Okuwçylar bu mysallary depderlerine ýazyp alýarlar. Bu bolsa olaryň sapaga bolan işjeňligini artdyrýar, geçilýän tema düşünmeklerine oňat täsir edýär.

Okuwçylarda ýagşy häsiýetleri terbiýelemek

Ýaş nesle maşgala mukaddesligini düşündirmek, olara sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, tebigatymyzy we daşky gurşawy aýawly saklamagy öwretmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şol maksat bilen orta mekdeplerde ýaşaýyş-durmuş esaslary dersi boýunça okuwçylara çuňňur bilim we terbiýe berilýär. 4-nji synpda ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden «Ýaşlarda ýagşy häsiýetleri terbiýelemek. Mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünleri» diýen tema boýunça gyzykly sapagy guradym. Sapakda okuwçylaryň ünsüni peýdaly maslahatlara çekdim. Multimedia tagtasynda arassaçylyk kadalaryny dogry berjaý etmegi, ony berkitmegi, öýde, ýolda, mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, durmuşda gabat geläýjek kynçylykly ýagdaýlardan aljyraman baş alyp çykmagy ündeýän slaýd şekillerini görkezdim. Munuň üsti bilen okuwçylara gündelik durmuşymyzda howpsuzlyk we şahsy arassaçylyk düzgünlerini ýerine ýetirmegiň şertlerini hem düşündirdim.

Bilim — ösüşleriň binýady

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala gelmegine gönükdirilip, döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýady, kuwwatly hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine uly üns berilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Şeýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär. Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelikde, özgertmeleriň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralar

Öwüt-ündew çyragy

Umumybilim berýän orta mekdeplerde zähmet çekýän ähli mugallymlaryň öňünde bilim-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, okuwçylara döwrebap bilim-terbiýe bermek wezipesi durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik akyldar şahyrymyza goýýan belent sarpasy, döredijiligine berýän ýokary bahasy netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň eserlerini çap etmek, döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça örän köp işler edilýär. Nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny öwretmek boýunça ýurdumyzyň bilim ojaklarynda-da giň gerimli işler alnyp barylýar. Sapakda dürli görnüşli terbiýeçilik çärelerini gurap, şahyryň şygyrlaryndaky türkmen halkynyň edim-gylymlarynyň, milli häsiýetleriniň durmuş keşbini okuwçylaryma düşündirýärin.

Usulyýeti kämilleşdirmegiň möhüm ugry

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde 2024—2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymýyllygy boýunça mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem birnäçe okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işleri ýerine ýetirildi. Konsepsiýanyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmekde biz hem çagalar bakja-bagymyzda meýilnamalaýyn işleri alyp barýarys. Rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda çagalaryň umumy hereketiniň, medeni we arassaçylyk endikleriniň sazlaşykly ösüşini gazanmakda netijeli işleri alyp barýarys. Terbiýe we bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramak dowam etdirilýär.

Kitap — kalbyň açary

Şu gün kitaplaryň dünýäsine aralaşyp, olar hakynda giňişleýin gürrüň edesim geldi. Asyrlar aýlanyp, döwürler üýtgese-de, kitaplar her döwrüň öz ýüzüni, öz wakalaryny saklap galýar. Ýazyjy-şahyrlaryň ýürek sesi bolan eserlerini okanyňda hyýalyňda olaryň ýaşan döwrüne düşüp, olaryň başyndan geçiren wakalaryna ulaşmak tötänlik däl. Çünki kitap okaýan wagty okyjy şol kitaba bendi bolup, ony söýýär, kalby-ýüregi bilen kitabyň içine siňýär. Esasan hem, halka iň ýakyn bolan nusgawy edebiýatymyz adamlary durky bilen özüne kökermegi başarýar. Sebäbi milletiň, diniň-diliň, durmuşyň olardan üzňe däldigi üçin kitabyň awtorlarynyň ykbaly okyja öz ykbaly ýaly täsir edýär. Käýarym uzynly gije kitabyň yşkyna örklenen wagtymyz, bir-de tolgunyp, bir-de ýylgyryp oturyşymyza daňyň nädip agarandygyny duýman galýarys. Kitabyň yşky gijäňi gündiz etmäge mejbur edýär. Okyjy uly gyzyklanma bilen kitaba siňip, daň atýança ondaky gyzykly wakalardan, ondaky gahrymanlaryň ykbalyndan aýrylyp bilmän kitap okamagy dowam edýär. Şonuň üçin hem kitaplar täsin dünýädir. Onuň yşkyna düşene gutulma ýok. Ony söýen adam ykbalyna öwürýär. Kitabyň aşyklaryna owadan geýim-gejimlerdir naz-u-nygmatlar ilkinji zerurlyk däldir. Çünki olar ruhy taýdan iýmitlendiriji güýje, aň taýdan kämmilleşdiriji melheme, akyl-paýhasyň tükenmez hazynasyna eýedirler. Beýle adamlary dünýäniň maddy baýlygy imrindirip bilmeýär. Olar durmuşda e

Döredijilik duşuşygy

Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Okuwçylaryň ukyplaryny we zehinlerini ösdürmek maksady bilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Geçirilýän şeýle çäreler özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen ýaşlaryň arasynda geçirilýän edebi-döredijilik agşamlary, duşuşyklar möhüm ähmiýete eýedir. Baý röwüşe, many-mazmuna eýe bolýan duşuşyklar, edebi-döredijilik agşamlary ösüp gelýän nesliň okamaga bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň döredijilik dünýäsine gadam basmaklaryna, medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlarynda öz ukyp-başarnyklaryny, mümkinçiliklerini synap görmeklerine itergi berýär. Olaryň dowamynda mekdep okuwçylary okuw derslerinde alan bilimlerini has-da ösdürýärler, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap alýarlar, ýazyjy – şahyrlaryň ömür we döredijilik ýoly bilen ýakyndan tanyşýarlar. Döredijilik wekilleriniň berýän gürrüňleriniň täsiri bilen okamaga, bilim almaga has-da höwesli çemeleşýärler. Şunda ýaş nesliň kalbynda döredijilik başlangyçlary şineleýär.Ýakynda mekdebimizde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen döredijilik duşuşygy ge

Innowasion ösüşleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işi barha giňeýär. Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek, biz  bilim işgärleri üçin  möhüm wezipe bolup durýar. Bu belent wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem-de döwrebap pikirlenmegi başarýan, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýelemekde ýurdumyzdaky we dünýädäki ylym

Bilim bermegiň döwrebap usullary

Milli ykdysadyýetimizde alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda ýokary netijeleri görkezendikleri bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sanda dil biliminiň kämil derejede ösdürilmegine, daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, dünýä dilleriniň çuňlaşdyrylmagyna ähmiýet berilýär. Çünki bilim ulgamynyň çalt ösýän döwründe mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerine erk edişini kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Şu jähetden, çagalar baglaryndan başlap, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda täze usullardan peýdalanylýar.

Ylmy-usuly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda ylmy-usuly maslahat geçirildi. Nebitgaz toplumynyň arhiw işlerine usuly kömek bermek maksadynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi bilen bilelikde guran maslahatyna degişli toplumyň arhiwleriniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwiniň pudaklaýyn arhiwler bölüminiň müdiri Azymmuhammet Ataýew, baş hünärmeni Anna Şabalina, uly ylmy işgäri Jennet Annaçaryýewa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň arhiw müdiri Laçyn Ýarmämmedowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň arhiwiniň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji Oguljemal Gylyçdurdyýewa dagy çykyş etdi.

Gowulyklara beslenen ýyl

Täze ýylyň öňüsyrasynda edilen işlere buýsanç bilen göz aýlaýarsyň. Il-ýurt bähbitli edilen işler sanardan köp. Hoşlaşýan ýylymyzyň üstünliklere beslenýändigine güwä geçýän begençli we buýsançly wakalarymyz ýeterli. Ýurdumyzda döwrebap enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň sany artýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalaryň, şol sanda sanly we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ösüşlerimizi ilerletdi. Bu bolsa milli baýlyklarymyzy il-ýurt üçin has-da ýerlikli ulanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Biziň ykdysady-durmuş ösüşlerimizi kesgitleýän Milli Maksatnamalaryň, meýilnamalaryň we konsepsiýalaryň uly topary herekete girizildi. Olar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ilerledip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgerdýär. Durmuş-ynsanperwer ylymlary ösdürýär. Ylymda gazanylanlar önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi giňelýär, şol bir wagtyň özünde öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberleri artýar.