"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Sagdynlygyň we gözelligiň dünýäsinde

Türkmenistanyň Prezidenti GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:— Men ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna, merdana halkym bilen bilelikde, el-ele berip, agzybirlikde işläp, öňümizde goýan belent maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrjakdygymyza pugta ynanýaryn! Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň berk binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy.

Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

* Awstraliýa gelen ýewropalylar ýerli taýpalardan «Ine, şu böküp-böküp ýöreýän üýtgeşik haýwan näme?» diýip soranlarynda,olar «Kenguru» diýip jogap beripdirler. Aslynda, «kenguru» sözi «düşünmedim», diýen manyny aňladýar. * Afrika kepjebaşy zäherini 3,5 metr aralyga çenli pürküp bilýär.

Gömme çörek–datly hörek

Çörek bilen bagly nygmatlar türkmen desterhanynyň aýratyn bezegidir. Saçaklarda esasy nygmat hökmünde sarpaly orunda goýulýan mele-myssyk çöregiň ýaňy tamdyrdan çykanda burugsap durşy, ýakymly ysy köňülleri özüne maýyl edýär. Çörek bişirmek dessury biziň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip giden durmuş ýörelgesidir. Hut şonuň üçin çörege sarpa goýýan ilimiz: «Supradaky nan — aýdym we mukam», «Çöregim — ömre söýget höregim», «Nanly öý bereketlidir» diýlen ýaly başga-da birnäçe parasatly aýtgylary döredip, çörege we çörek önümlerine bolan çuňňur hormatyny beýan edipdir. Çörek — mukaddes nygmat. Onuň her owuntygy yrýa edilmän, eşrepi deý aýawly saklanypdyr, mukaddes saýylypdyr. Nygmatlaryň seresi bolan çörek her bir kişiniň güzeranynyň esasy hurşudyr, owkadydyr. Çörek we çörek bişirijiler baradaky söhbetleriň agramy has başgaçadyr. Çünki Güne meňzäp duran çörekleri bişirýän zenan elleri hakyky tarypa mynasypdyr. Biziň gürrüňini etmekçi bolýan zenanymyz bolsa diňe bir tamdyrda çörek bişirmäge ezber bolman, eýsem, çöregiň gömme işlekli görnüşini bişirmegiň hem ussady. Bu işjanly, işe werziş zenana Oraznabat Orazgylyjowa diýýärler. Ol Babadaýhan etrabynyň Ýusup Gurbanow adyndaky daýhan birleşiginiň Akwekil geňeşliginiň ýaşaýjysy. Oraznabat käri boýunça medeniýet işgäri. Ol birnäçe ýyl Akwekil oba medeniýet öýünde medeni çäreleri gurnaýjy bolup işledi. Häzirki wagtda hormatly dynç

Gar­lyk go­wak­la­ry

Ägirt uly giňişlige uzaýan Köýtendag Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzyň günorta-gündogarynda, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Ol Gissar gerşiniň günorta-günbatar böleginiň dowamydyr. Onuň dag gerişleri günorta-günbatara 85 — 100 kilometre çenli uzap, ini bolsa 25 — 30 kilometre ýetýär. Hojapil obasynyň golaýynda 1300 — 1600 metr belentlikde ýerleşen dinozawrlaryň yzlary, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbar dere şaglawugy, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklar, Gaýnarbaba mineral çeşmesi, Kyrk gyz gowagy we beýleki täsinlikler jahankeşdeleri haýrana goýýar. Köýtendagyň ajaýyp täsinlikleriniň biri-de karst gowaklarydyr. Karst gowaklary ýerasty suwlaryň hereketi netijesinde emele gelipdir. Olara suwda tiz ereýän gips, duz, angdrid, hek daşy ýaly jisimleriň ýaýran ýerlerinde duş gelinýär.

Saz äleminiň pälwany

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň ösmeginde hyzmatyny gaýgyrmadyk halypa bagşydyr sazandalaryň sarpasy belentden tutulýar. Olaryň arasynda ussat sazanda Pürli Saryýew mynasyp orun eýeleýär. Pürli Sary diýlende diňe bir dutarçy däl-de ezber gyjakçy, mukamçy kompozitor göz öňüňe gelýär. Pürli Sary 1900-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda türkmeniň meşhur bagşysy Sary bagşynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan aýdym-sazyň içinde kemala gelýär. Eýýäm 12 ýaşyna ýetende ol uly toýlarda öz kakasy Sary bagşa gyjakda sazandarlyk edip başlaýar. Pürli Sarynyň ikinji halypasy halkyň içnide Kel bagşy lakamy bilen tanalan Allaberdi Aýdogdy ogludyr. Pürli 6 ýylyň dowamynda Bamydan halypasynyň ýaşan obasy Yzganda gatnap, ondan milli sazlarymyzy, mukamlarymyzy yhlaslylyk bilen öwrenipdir. 1916-njy ýylda halypasy Kel bagşy şägirdiniň adaty bolmadyk aýratyn ukybyny nazarda tutup: «Men munuň ýaly zehin gören däldirin. Indiden beýläk hem saz diňlemekçi bolsaňyz, Bama baryberiň» diýen eken. 1923-nji ýylda Kel bagşy aradan çykansoň, Magtymguly Garlyny Hywa topragyndan halypasy: «Bar Ahala aýlanyp gel. Sungatda näme üýtgeşik täzelikler bar, bilip gel!» diýip, Ahala ýollapdyr. Magtymguly Garly Ahala gelip, sazandalary görüp, diňleýär. Yzyna dolanyp baranda halypasy ondan

Ösümlik dünýäsi ýaşaýşyň gözbaşy

Adamzadyň ýaşaýşyny ösümliksiz göz öňüne getirip bolmaýar. Ösümlik dünýäsi ýaşaýşymyzy özüniň ajaýyp gözelligi bilen bezeýär. Dürli ösümlikleriň ýapragynyň, gülüniň we miwesiniň täsin reňki, ysy diňe adamzady däl, eýsem, haýwanat dünýäsini hem özüne imrikdirýär. Ýer togalagynda «ýaşaýyş» diýen düşünjäniň emele gelmeginde ösümlik dünýäsiniň ähmiýeti örän uludyr. Adamzat ýaşaýşynyň dowamynda ekerançylygyň döremegi, ýagny ýabany ösümlikleriň müňýyllyklaryň dowamynda medenileşdirilmegi ösümlik dünýäsiniň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ösümlikleriň tebigatda iýmit zynjyryny döretmekde, howanyň arassa bolmagynda, ýakymsyz sesleriň ýaýramagynyň öňüni almakda, daşky giňişlikde kislorod bilen kömürturşy gazynyň deňagramlylygynyň saklanmagynda orny uludyr. Olar beýleki janly bedenlere mahsus bolmadyk täsin hadysany, ýagny fotosintezi amala aşyrýar. Beýik rus alymy, fiziolog K.A.Timirýazow fotosintezi öwrenmek bilen «Fotosintez — biosferada Günüň energiýasyny toplaýan ýeke-täk ajaýyp hadysa» diýip belleýär. Bu hadysanyň kömegi bilen tebigatymyzda ähli janly bedenler üçin gerek bolan organiki madda (iýmit) toplanýar. Toprakda bitýän ösümlikler fotosintez hadysasynyň netijesinde bir ýylyň dowamynda 100-172 milliard tonna, suwda bitýän ösümlikler bolsa 60-70 milliard tonna ýaşyl bölegi (biomassany) emele getirýärler. Häzirki döwürde Ýer ýüzündäki ähli ösümlikleriň umumy agramy 2402,7 milliard

Oňurgasy odundan, her kim içer süýdünden

Guýular halkymyzyň ata-baba ýaşaýyş-durmuş şertiniň aýrylmaz bölegidir. Olar gadymy suwaryş hem-de agyz suwy bilen üpjünçilik desgalarynyň bir görnüşi hökmünde bellidir. Tutuş çägi boýunça alnanda, Jeýhun, Murgap, Tejen, Etrek ýaly ululy-kiçili derýalar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň tebigy suw üpjünçilik desgalarynyň üstüni ata-babalarymyzyň paýhasy bilen oýlanyp tapylan we ösdürilen daglyk ýerlerden pese inýän kärizler, düzlük, sähralyk ýerlerde gazylan guýular uly orun tutupdyr. Häzirki günlerimizde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen suw üpjünçilik desgalary has-da kämilleşdirilýär. Ata-babalarymyzyň nesilden-nesle geçirip, miras galdyran guýy gazmak sungatynyň hünärmenleriniň gürrüňlerini diňläniňde, onuň hem juda çylşyrymly senetdigine göz ýetirmek bolýar. Guýy gazmaga örän sagdyn hem ussat, dogumly adamlar saýlanypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji kitabynda Garagumuň jümmüşinde müňlerçe guýularyň bardygy, ýöne şolaryň süýji suwlularyny bilýän ýörite ýolbelet adamlaryň bolandygy bellenilýär. Ol ýoldan geçen söwda kerwenleriň süýji suwly şol guýularyň ýerleşýän ýerini bilýän ýolbeletleri ýanlary bilen alyp gidendigini Gahryman Arkadagymyz öz kitabynda belläp geçýär.

«Aş­ga­bat-si­ti» iňňän döwrebap şäher düzümi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýan taryhy wakalar Bitarap döwletimiziň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatçylyksöýüji, zähmetsöýer halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň aýdyň ýüze çykmasy bolup, Arkadagly Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine ajaýyp öwüşgin çaýýar. 25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni we onuň döredilmeginiň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak hem-de iki gatly täze ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek boýunça guralan dabaralara gatnaşdy. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan ägirt uly, täzeçil mega-taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu taslamada dünýä tejribesinde giňden ulanylýan şähergurluşyk çözgütleri we ýurdumyzyň milli binagärlik ýörelgeleri öz beýanyny tapdy. Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplumy «şäheriň içindäki şäher» diýip atlandyrmak bolar. Çünki, ol dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň iki ýüzden gowragyny öz içine alyp, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün edilen tutuş şäher düzümini emele getirer. Bu ýerde etrap häkimligidir beýleki edara binalarynyň we durmuş ulgamyna degişli desgalaryň köpsanlysy gurlar. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çag

Umumadamzat gymmatlygy

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ählumumy ösüşi we abadançylygy üpjün etmekdäki ornunyň dünýä ykrarnamasy Ata Watanymyz Türkmenistan daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak Bitarap ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. Şuňa laýyklykda, Türkmenistan soňky ýyllarda halkara giňişliginde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Bu bolsa Türkmenistana goňşy hem-de beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artýandygy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetli çäreleriň ählisinde öz aýdyň beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Energetika ulgamy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda beýik özgertmeler durmuşa geçirilip, ägirt uly netijeler gazanylýar. Geçirilýän taryhy ähmiýetli işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýy yzygiderli ýokarlanýar.Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni hem geljegi baradaky düýpli aladalary durýar. Täze taryhy döwürde ýangyç-energetika toplumy has-da uly ösüşlere eýe bolup, ýurdumyzyň öňdebaryjy pudaklarynyň birine öwrüldi. Bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrebap we talaba laýyk kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle hem milli Liderimiziň ählumumy energiýa howpsuzlygy üpjün etmek boýunça yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlary, olary üstünlikli amala aşyrmak ugrundaky tagallalary, ýangyç-energetika toplumynyň, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösdürilmegi, ýurdumyzda maýa goýumlary boýunça oňaýly mümkinçilikleriň döredilmegi hem-de munuň halkara düzgünlerine laýyk gelýän milli kanunçylyk we anyk taslamalar arkaly berkidilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň in­no­wa­sion ösü­şi

Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Her bir adam gündelik durmuşda ykdysady meseleler bilen meşgullanmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetçiler tarapyndan ulanylýan adalgalary peýdalanýar hem-de ykdysady ulgama degişli bolan maddy gymmatlyklary döredýär we sarp edýär. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär. Hormatly Prezidentimiz durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň wezipesini şeýle beýan edýär:

Türk­me­nis­tan – bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­dy

Täze taryhy eýýamda Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň talabalaýyk, döwrebap terbiýelenmegi hem bilim almagy, sagdyn bolmagy, wagtynyň gyzykly, şadyýan geçmegi üçin ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp barýan ýaş nesliň çuň bilimine, zehin-yhlasyna baglydyr. Biz ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösüp, kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertleri döredip, olara ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, kämilleşmäge we döredijilik dünýäsine içgin aralaşmaga giň ýol açdyk. Häzir Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalary, ýaşlary bilimleriň çuňluklaryna aralaşýarlar, öwrenýärler, döredýärler we geljege ynamly gadam urýarlar» diýen parasatly sözleri bu günki gün hakykata öwrüldi. Dogrudan hem, bagtyýarlyk zamanamyzda ýurdumyzda çagalar baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Ýaş raýatlarymyz bolan çagalar hakyndaky alada döwletimiziň geljeginiň has röwşen hem bagtyýar bolmagynyň kepilidir. Çünki şu günki çagalar ertirki gün ýurdy dolandyrmaly, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin işlemeli, döretmeli, gurmaly hünärmenlerdir. Çaga — durmuşyň güli, ýaşaýşyň bezegi, geljegimiziň eýesi. Şonuň üçin hem berkarar döwletimizde dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar

Me­de­ni­ýet —bag­ty­ýar dur­mu­şyň bin­ýa­dy

Türkmen medeniýeti. Bu sözde halkymyzyň millet hökmünde ýaşaýyş gözbaşyndan gaýdyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne çenli gelip ýeten ruhy gymmatlyklary ýatyr. Ol gymmatlyklar birtaraplaýyn bolman, eýsem halkyň durmuşynyň ähli tarapyny öz içine alýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, gadymy gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby-da artýar. Onuň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Medeniýet — halkyň köpasyrlyk geçmişiniň beýany. Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Islendik halkyň Ýer ýüzündäki orny, at-abraýy onuň medeniýeti bilen ölçelýär. Medeniýetiň üsti bilen halkyň parahatsöýüjilik taglymaty, edermenligi, batyrlygy, ýürek owazy, göwün maksady ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet ulgamy, ol babatda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Medeniýeti ösdürmäge döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär.

Ýu­nus Em­re we Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy: umumylyk, bitewülik, arabaglanyşyk

Taryhy çeşmelere ser salsak, türki halklar ýaly geografik taýdan köp ýerlere ýaýran, bitewülik üçin uly tagallalar eden halky tapmak örän kyn. Bu tagallalaryň aglaba böleginiň türkmenlere degişlidigi welin, gümansyz hakykatdyr. Bu pikirimizi edebiýata, sungata syrykdyrsak, şeýle tagallalara öz sözi hem-de çuň pelsepä ýugrulan döredijiligi bilen bütin dünýä edebiýatyna uly goşant goşan, XIII — XIV asyrlarda Anadoly (Türkiýe) topragynda ýaşap, türkmen dilinde, şeýle-de, türkmen ruhunda şygyr ýazan Ýunus Emrä aýratyn orun degişlidir. Türki dünýäsiniň welisi, aşyk-ozany, pelsepeçisi Ýunus Emräniň halkyň hakydasynda ebedilik galyp, ýatdan aýdylyp gelnen döredijiligi uly mekdep bolup, özünden soňky türkmen şahyrlaryna ýiti täsirini ýetiripdir.

Diýardan ýaýran ýollar

Säher. Ykmanda saba ýelleri köçe syryp, yş tapan ýerine sümülýärdi. Açyk penjireden alňasap giren daň şemaly toýnaklaryň sazlaşykly dükürdisine gaplanyp, Işangulynyň ýumşak gulak etini sypaý-sypaý oýarardy. Garaderiň toýnagynyň sesi beýlekileriňkiden mese-mälim saýlanýardy. Gyz gylykly bedewe der inip, burnuny parladyp, ýyldyrym süýnüşine ýa-da kuwwatly art aýaklaryna daýanyp, çarpaýa galşyna keseden tomaşa etmek onuň üçin günüň şowly başlangyjydy. Şeýle ajap günleriň biri «Конь и конный спорт» atly rus žurnalyna göz gezdirip oturan Işangulynyň gözleri tanyş keşpde eglenýär. Sahypadaky tekstiň sagyna ýarym göwre at heýkeli, çep tarapynyň ýokarky bölegine-de, Garaderiň suraty ýerleşdirilipdir. Ol haýal-ýagallygy ýençgiläge-de, teksti okamaga girişdi. Şatlykdan şöhlelenen göreç her bir sözlemde aýlaw berýärdi. Deňeşdirme-degşirme usulynda beýan edilen tekstiň maglumata berçinlenen her bir sözlemi çözülmedik mataldy. Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan heýkeljik b.e. öňki ӏӏ asyra degişli diýlip ýazylypdyr. Tekstiň mazmuny dünýä atçylygy hakynda barsa-da, bulgurdaky Garaderiň şekilidi. Awtor şekili ýüpujy edinip, türkmen atçylygynyň, seýisçiliginiň taryhyny inçelik bilen yzarlaýardy. «Golaýdaky bagt göze ilmez» diýleni. Işangulynyň nazarynda galan bedewiň keşbi portret görnüşinde gaýtadan janlanyberdi. Gadymyýetiň öwüşginini beren ýagly reňkleriň sazlaşygynda kendirde çarpaýa g

Adam­za­dyň iň uly baý­ly­gy

Her bir ösen ýurduň ösüşiniň syry bilen gyzyklanyp göreniňde, ozaly bilen, ilkinji orunda ylmyň durandygyna göz ýetirýärsiň. Jemgyýetiň ruhy we ahlak medeniýetiniň ýokarylygy-da şu hakykat bilen baglanyşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ylym adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň özenini düzýän gymmatly baýlyklaryň biridir» diýen parasatly sözleri çuňňur many-mazmuny özünde jemleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli ylym ulgamynyň özünde uly mümkinçilikleri jemleýändigi şübhesizdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, dünýäde ylmyň soňky gazananlary esasynda döredilen innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda bu ugurlara düýpli maýa goýumlary gönükdirilýär. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşynyň täzelenmegi, innowasiýa ugurly t

Täsinliklerden täsirlenip

Ýer ýüzünde arylaryň 21 müň görnüşi bolup, olar 520 maşgala bölünýär. Alymlar 2006-njy ýylda Mýanmada tapylan arynyň gatap galan görnüşine 100 million ýyl dagy bolandyr diýip çaklaýarlar. Ol ary ýabany bolup, entek balara öwrülmedik görnüş eken. Arylaryň hemmesi gadymy döwürde ýabany çäge arysyndan gelip çykandyr. Günorta Hindistan balarylaryň Watany hasaplanylýar. Arylar 60 kilometr tizlik bilen uçup bilýärler. Balarylar uly maşgala bolup ýaşaýarlar we her toparyň öz aýratyn ysy bolýar. Arylar baradaky ylma apiologiýa diýilýär. Dünýäde ady belli alymlaryň ençemesi köp ýyllaryň dowamynda arylary öwrenipdirler we täze görnüşlerini açypdyrlar. Arylaryň tebigatymyzdaky ösümliklerdir oba hojalygyna örän uly täsiri bar. Balarylary bary-ýogy 30-35 gün ýaşaýar. Gülleri tozanlandyrýan wagtlary olary belläp, ikinji gezek şol güle gonmaýar. Olar hatda adamyň ýüzüni ýatda saklamaga-da ukyplydyr. Arylar murtjagazlary, şol sanda dürli sesler arkaly habarlaşyp bilýärler. Ýene-de täsin bellemeli zatlaryň biri, bol gülli ýer ýa-da öz maşgala agzalary bilen täze ýaşar ýaly ýer tapan wagtlary dürli hereketleriň üsti bilen şol ýeri salgy berýärler. Şol ýeriň ölçegini hem aňladyp bilýärler.

Dün­ýä sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň düri-mer­je­ni

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:  —«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmegimiziň baş maksady deňiz kenarynyň tebigy serişdelerinden netijeli peýdalanmakdan we syýahatçylygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, bu ýerde türkmenistanlylaryň we daşary ýurtly raýatlaryň döwrebap dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Çünki adamlar, olaryň saglygy we abadan, asuda, bagtyýar durmuşy hakyndaky alada biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Üç-dört ýyl mundan ozal «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara ähmiýetli çäreleriň birinde ummanyň aňyrsynda ýerleşýän ýurtlaryň birinden gelen jahankeşde kärdeşim bilen tanyşmak hem özara pikir alyşmak miýesser edipdi. Şonda halkara syýahatçylyk merkezine öwrülen zolagyň ertekilerdäki Erem bagyny ýatladyp duran gözelliklerini gözügidijilik bilen synlap duran gaýry ýurtly galamgär özüniň dünýäniň köp ýurtlarynda bolandygyny, Bitarap döwletimize ilkinji gezek gelendigini aýdyp:

Mizemez ruhly türkmen

Tugrasy agzybirlikden, syýasaty adalatdan, tugy ruhubelentlikden bolan döwletiň binýady mizemez bolýar. Berkarar döwletli bolmak şöhratly ata-babalarymyzyň arzuwlan menzilidir. Bu barada oýlananyňda, Watan azatlygy, türkmen iliniň berkararlygy, erkinligi üçin taryhda yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Togrul beg, Baýram han, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýaly unudylmaz şahsyýetleri ýatlamak lazymdyr. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy: Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy

Aşgabat

Ozalynda söýgi bilen yşykdan dörän, dörände,Eziz Watanymyň paýtagty şöhrat-şanly Aşgabat.Kalba ajap ylham dolar gül keşbini göreňde,Gözelligiň göwheri sen, tylla köşkli Aşgabat. Ynsanperwer Arkadagym beýik binagäriňdir,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Berkararlyk ýoluňdyr,Ajaýypsyň, ýeke-täksiň, keşbiň gözde nurumdyr.Bu gün şanly menzil geçen ýüz kyrk ýaşly Aşgabat.