Diýardan ýaýran ýollar

23 Iýun 2021
1492

Säher. Ykmanda saba ýelleri köçe syryp, yş tapan ýerine sümülýärdi. Açyk penjireden alňasap giren daň şemaly toýnaklaryň sazlaşykly dükürdisine gaplanyp, Işangulynyň ýumşak gulak etini sypaý-sypaý oýarardy. Garaderiň toýnagynyň sesi beýlekileriňkiden mese-mälim saýlanýardy. Gyz gylykly bedewe der inip, burnuny parladyp, ýyldyrym süýnüşine ýa-da kuwwatly art aýaklaryna daýanyp, çarpaýa galşyna keseden tomaşa etmek onuň üçin günüň şowly başlangyjydy. Şeýle ajap günleriň biri «Конь и конный спорт» atly rus žurnalyna göz gezdirip oturan Işangulynyň gözleri tanyş keşpde eglenýär. Sahypadaky tekstiň sagyna ýarym göwre at heýkeli, çep tarapynyň ýokarky bölegine-de, Garaderiň suraty ýerleşdirilipdir. Ol haýal-ýagallygy ýençgiläge-de, teksti okamaga girişdi. Şatlykdan şöhlelenen göreç her bir sözlemde aýlaw berýärdi. Deňeşdirme-degşirme usulynda beýan edilen tekstiň maglumata berçinlenen her bir sözlemi çözülmedik mataldy. Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan heýkeljik b.e. öňki ӏӏ asyra degişli diýlip ýazylypdyr. Tekstiň mazmuny dünýä atçylygy hakynda barsa-da, bulgurdaky Garaderiň şekilidi. Awtor şekili ýüpujy edinip, türkmen atçylygynyň, seýisçiliginiň taryhyny inçelik bilen yzarlaýardy. «Golaýdaky bagt göze ilmez» diýleni. Işangulynyň nazarynda galan bedewiň keşbi portret görnüşinde gaýtadan janlanyberdi. Gadymyýetiň öwüşginini beren ýagly reňkleriň sazlaşygynda kendirde çarpaýa galan Garader ýarym göwre at heýkeljikli riton bilen deňeşdirilýärdi. Milli äheňli suratda abstrakt pikiri beýan ediji gadymy daglary, çöl gujagyny, taryh gatyny çaňa garyp, atyny ýüzin salyp barýan mert ýigit-de şöhlelendirilipdir.

Höwes. Işangulynyň bedewe bolan yhlasy körpelikde döräpdi. Ol golaý-goltumda at çapyşyk geçiriljekmiş diýen gürrüňi eşitse dagy, öz-özünden dowul tapyp irikge bolardy. Öwran-öwran aýlawa baryp, dörediji gözbaşly baý hyýaly dünýäsindäki üsti çapyksuwarly bedewleri kagyz ýüzüne ýerleşdiriberdi.

Meýlis GARAJAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň V ýyl talyby.