Sagdynlygyň we gözelligiň dünýäsinde

29 Iýul 2021
1299

Türkmenistanyň Prezidenti
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:
— Men ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna, merdana halkym bilen bilelikde, el-ele berip, agzybirlikde işläp, öňümizde goýan belent maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrjakdygymyza pugta ynanýaryn!

Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň berk binýadydyr. Şu ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda keselleriň öňüni almakda hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmakda uly üstünlikler gazanyldy.

Mährijemal HALLYÝEWA,
«Diýar».