Türk­me­nis­tan – bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­dy

23 Iýun 2021
1233

Täze taryhy eýýamda Diýarymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň talabalaýyk, döwrebap terbiýelenmegi hem bilim almagy, sagdyn bolmagy, wagtynyň gyzykly, şadyýan geçmegi üçin ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp barýan ýaş nesliň çuň bilimine, zehin-yhlasyna baglydyr. Biz ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösüp, kemala gelmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertleri döredip, olara ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, kämilleşmäge we döredijilik dünýäsine içgin aralaşmaga giň ýol açdyk. Häzir Garaşsyz hem-de Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalary, ýaşlary bilimleriň çuňluklaryna aralaşýarlar, öwrenýärler, döredýärler we geljege ynamly gadam urýarlar» diýen parasatly sözleri bu günki gün hakykata öwrüldi. Dogrudan hem, bagtyýarlyk zamanamyzda ýurdumyzda çagalar baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Ýaş raýatlarymyz bolan çagalar hakyndaky alada döwletimiziň geljeginiň has röwşen hem bagtyýar bolmagynyň kepilidir. Çünki şu günki çagalar ertirki gün ýurdy dolandyrmaly, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin işlemeli, döretmeli, gurmaly hünärmenlerdir.

Çaga — durmuşyň güli, ýaşaýşyň bezegi, geljegimiziň eýesi. Şonuň üçin hem berkarar döwletimizde dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglary we mekdepler yzygiderli ulanylmaga berlip, olarda ýaş nesillerimiziň müňlerçesi terbiýe we bilim alýarlar. Kaşaň köşkleri ýatladýan bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň ak mermerli belent binalarynyň ählisiniň ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi diýseň guwandyryjydyr. Munuň özi ýaş neslimiziň okuw sapaklaryny oňat özleşdirmegine we bilimleri çuňňur ele almagyna ýardam edýär.

Täçnabat GULBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.