Saz äleminiň pälwany

29 Iýul 2021
1312

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň ösmeginde hyzmatyny gaýgyrmadyk halypa bagşydyr sazandalaryň sarpasy belentden tutulýar. Olaryň arasynda ussat sazanda Pürli Saryýew mynasyp orun eýeleýär. Pürli Sary diýlende diňe bir dutarçy däl-de ezber gyjakçy, mukamçy kompozitor göz öňüňe gelýär. Pürli Sary 1900-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda türkmeniň meşhur bagşysy Sary bagşynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan aýdym-sazyň içinde kemala gelýär. Eýýäm 12 ýaşyna ýetende ol uly toýlarda öz kakasy Sary bagşa gyjakda sazandarlyk edip başlaýar. Pürli Sarynyň ikinji halypasy halkyň içnide Kel bagşy lakamy bilen tanalan Allaberdi Aýdogdy ogludyr. Pürli 6 ýylyň dowamynda Bamydan halypasynyň ýaşan obasy Yzganda gatnap, ondan milli sazlarymyzy, mukamlarymyzy yhlaslylyk bilen öwrenipdir. 1916-njy ýylda halypasy Kel bagşy şägirdiniň adaty bolmadyk aýratyn ukybyny nazarda tutup: «Men munuň ýaly zehin gören däldirin. Indiden beýläk hem saz diňlemekçi bolsaňyz, Bama baryberiň» diýen eken.

1923-nji ýylda Kel bagşy aradan çykansoň, Magtymguly Garlyny Hywa topragyndan halypasy: «Bar Ahala aýlanyp gel. Sungatda näme üýtgeşik täzelikler bar, bilip gel!» diýip, Ahala ýollapdyr. Magtymguly Garly Ahala gelip, sazandalary görüp, diňleýär. Yzyna dolanyp baranda halypasy ondan: «Ýeri nämeler görüp, eşitdiň?» diýende, ol: «Üç sany sazanda gördüm. Olardan Täçmämmet han atly ak sakgally biri bar. Ol giden bir akar-aryk. Bol-elinçilik. Mylly atly şar gara sakgally biri bar. Ol bal bilen şeker ýaly. Ýene Pürli atly ýaşajyk biri bar weli, ol alym» diýip jogap beripdir.

Ýazmyrat REJEPOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory.