"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Eden işi nus­ga­lyk, söz­län sö­zi gü­wä­lik

Mukaddes Garaşsyzlyk! Şanly Garaşsyzlyk! Bu keramatly sözler halkymyzy dünýä ýaň saljak beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň belent dabaraly günlerinde bagtyýar watandaşlarymyzyň her biriniň köňül töründe egsilmez ruhy güýç-kuwwat bolup, altyn geljegimize çäksiz ynam döredýär. Asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten naýbaşy senetleriň biri-de haly sungatydyr. Zehindir çeper ussatlygy bilen baky sungata goşant goşýan halyçylarymyzdan Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy Annabibi Yslamowa hem döwrümiz bilen deň gadam basýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tanymal halyçynyň döredijilik älemi täze röwüşde has-da baýlaşýar. Golaýda ol «Diýar» žurnalynyň redaksiýasynda myhmançylykda boldy. Onuň bilen söhbedimiz hem şanly baýramçylyk dabarasyna syrygyp gitdi. ― Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşýar. Ine, Arkadagly türkmen ilimize şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy-da ýetip geldi. Toýuňyz gutly bolsun, mugallym!

Watan

Göz guwanjym, nury didäm,Garaşsyz hem erkin, Watan.Sen ykbalym, bagt bijäm,Meniň ýürek örküm, Watan. Ak mermere besläp durkuň,Arkadag artdyrýar görküň.Baş guwanjym - azat, erkinBolanyňy gördüm, Watan.

Owaz gel­ýär per­de­den

Saz — ýürekleri birleşdirýän jady. Sazyň bar ýerinde dost-doganlyk-da, mähribanlyk-da bardyr. Gadymy we baky juwan medeniýetimiziň hak howandary milli Liderimiziň: «Ata Watanymyz Türkmenistanda aýdym-saza, sungatyň gudratly güýjüne uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işleriň, çuň özgertmeleriň çeper many-mazmuny aýdym-sazyň, sungatyň şirin owazy bilen halka ýetirilýär, şeýle hem Ýer ýüzüne wagyz edilýär» diýen jümlelerinden ugur alyp, bu gezek sülük barmaklarynyň arasyndan ýaňlanýan ajaýyp owazlary bilen maýyl eden, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplara dutar hünärinden bilim berýän uly mugallym Laçyn Hudaýberdiýewa bilen söhbetdeş bolmagy müwessa beldik — «Iki kiriş, on üç perde, gaýgy-gamy goýmaz serde». Haçan-da, türkmen halkynyň aýdym-saz sungaty hakda gürrüň gozgalanda, ilkinji bolup, gulagyňda dutaryň owazy ýaňlanýar. Şeýle dälmi, Laçyn mugallym?

Ta­ry­hy me­da­lyň söh­be­di

Türkmen sporta, bedenterbiýä, mahlasy, sagdynlyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýän halk. Her bir döwletiň syýasy ýörelgelerinde öňe sürülýän başlangyçlaryň aýratynlygy döwrüň gadamy esasynda ýurduň ösüşini kesgitleýär. Milli Liderimiziň tagallalarynyň netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülen sport, sagdynlyk ýörelgeleri bu gün rowaçlyklara beslenýär. Türkmen türgenleri dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän ýaryşlaryň baýraklaryndan mynasyp paýyny alyp, türkmen Tuguny arşa göterdýärler. Türkmen sportunyň şu günki ýeten derejesi barasynda söhbet açylanda, milli sportumyzdaky ýene bir taryhy wakanyň halkymyzyň kalbynda guwanç duýgusyny oýarandygyny bellemek zerurdyr. Ýer ýüzüniň iň iri ýaryşynyň — Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen nobatdaky XXXII Bütindünýä Olimpiýa oýunlarynyň türkmen halkyna uly şatlygy bagyş edendigi eýýäm hemmämize mälimdir. Bu abraýly sport baýramynda türkmen sporty üçin ilkinji olimpiýa medalyny gazanan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Polina Gurýewany bu Olimpiadanyň esasy gahrymanlarynyň biri hasaplamak bolar. Polinadyr onuň tälimçilerini sylaglamak dabarasy hem aýratyn täsirliligi bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyň dakylmagy, şeýle-de oňa paýtagtymyzdan ähli amatlyklary bolan üç otag

Äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň go­ra­gyn­da

Ähli üstünliklerimiziň we rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi ugrunda amala aşyrýan giň gerimli ägirt uly işleri we döredýän şertleri ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamakda, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmakda hem-de ylmy taýdan giňişleýin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň: «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we olary köpeltmek, ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň derejesine göterildi» diýen parasatly sözleri ýurdumyzyň ekologiýa strategiýasynyň diňe bir Diýarymyzy däl, eýsem, sebiti durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge, ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Elbetde, bu ynsanperwer ýörelgeler bolsa innowasion tehnologiýalara we köp asyrlyk milli däplere daýanýandygy bilen häsiýetlenýär. Bu babatda ýurdumyzyň daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak babatda öňdebaryjy tejribelere eýedigi halkara jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýaýbaňlanýan çäreler diňe bir sport däl-de, eýsem, ekologiýa taslamalaryny we maksatlaryny goldamak üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň dünýä nusgalykdygyna güwä geçdi. Munuň özi Gahryman Arkada

«Ýaň­lan, Di­ýa­ry­myň!» ýa­ňy

Türkmen halky aýdym-sazy bilen gadymy döwürlerde hem dünýä belli bolupdyr. Halkymyzyň köňül gözgüsini, kalbynyň heýjanyny we gussasyny bu sungat mesaňa mälim görkezýär. Şeýle ajaýyp sungat türkmen halkynyň gadymy milletdigini subut edýär, halkyň ýüregine ýakyn aýdymlaryň döwrebaplaşmagyna esas berýär. Milletimiziň köpasyrlyk tejribelerinden kemala gelen milli aýdym-sazlara teleradioýaýlymda hem aýratyn üns berilýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen ajaýyp aýdym-saz bäsleşikleriniň biri hem «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigidir. «Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikleri türkmen milli telewideniýesiniň Garaşsyzlyk babatdaky ilkinji wagyz-nesihat işleriniň jemgyýete has ýakyn bolmagyna esas berdi .

Dost-doganlygyň dabaralanmasy

Jana şypaly, salkyn howaly «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurduň abraýyny halkara derejelerde has-da belende göteren ýatdan çykmajak taryhy waka bolup geçdi. Has takygy, 6-njy awgustda bu ýerde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy geçirilip, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baştutanlyk etdi. «Awaza» Kongresler merkezinde guralan ýokary derejedäki foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žabarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dagylar gatnaşdylar. Bu forum Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek baradaky syýasatynyň, dost-doganlygyň dabaralanmasy boldy. Sebäbi geçirilen bu ýokary derejedäki duşuşykda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyndan ugur alnyp, sebitde döwrüň öňe çykaran parahatçylygy üpjün etmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ar­ka­dag hem Wa­tan mer­te­be-şan­dyr

Çawy ýedi yklyma dolan şöhratly zamanamyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan gülşen günlerimizde Diýarymyzda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň agzybirlik, jebislik ýol-ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygy baradaky hakykaty Ýer ýüzüne ýaýýar. Agzybirlik, bitewülik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän ýakymlydyr. Şonuň netijesinde döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşler, eýelenýän sepgitler Watanymyzyň kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Arkadagyň ajap eýýamynda türkmen halky özüni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşaýjylary hökmünde duýmaga doly haklydyr. Munuň özi jemgyýetimiz üçin hem, döwletimiz üçin hem ädilen belent ädim, gazanylan iňňän uly taryhy ösüş, ýetilen beýik derejedir. Türkmen jemgyýeti uzak-uzak eýýamlardan soň bu günki gün ýanbermez ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen arzylanan we apalanan mukaddes arzuwynyň wysal bolandygyna guwanyp ýaşaýar, öz milli Lideriniň saýasynda döredýär, gurýar, her bir gününi zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Şeýlelikde, bu döwür, bu eýýam, ýagny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bu günki gün türkmen jemgyý

Türkmenistan — Ýunesko: köpugurly hyzmatdaşlyk işjeňleşýär

Ta­ryh her bir hal­kyň dur­mu­şy­ny, me­de­ni­ýe­ti­ni, ru­hy dün­ýä­si­ni açyp gör­kez­ýän tä­sin aý­na­dyr. Bu aý­na­da şöh­le­len­ýän ta­ry­hy wa­ka­lar bi­ziň her bi­ri­mi­zi ýur­du­my­zyň alys­la­ra uza­ýan geç­mi­şi, hal­ky­my­zyň her hi­li kyn­çy­lyk­la­ra se­ret­mez­den ge­çip ge­len şöh­rat­ly ýo­ly bi­len iç­gin ta­nyş­dyr­ýar. Ta­ry­hy has düýp­li öw­ren­me­giň iň amat­ly we ynam­ly ýo­ly onuň jan­ly şa­ýat­la­ry bo­lan gadymy ýa­dy­gär­lik­le­ri­dir bi­na­la­ry we kö­nel­di­gi­çe öw­şün at­ýan, göz­le­ri ga­maş­dyr­ýan me­de­ni mi­ra­sy çuň­ňur öw­ren­mek­dir.

Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ro­waç men­zil­le­ri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri hem halkara guramalary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli amala aşyrýar. Milli Liderimiziň bütin dünýäde parahatçylygyň berkidilmegine, halkara gatnaşyklaryň netijeli ösdürilmegine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bütin dünýäde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzalarynyň biri bolan Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ykdysadyýet, durmuş, daşky gurşawy goramak, ylym, bilim, medeni we beýleki ugurlarda umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp, uzak möhletli maksatnamalarydyr taslamalary işläp düzmeklige we amala aşyrmaklyga mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň saýlap alan daşary syýasy ugry bütin dünýäde parahatçylygyň we halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýan gönükdirilendir. Türkmenistan bilen dünýäniň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlygy özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap nusgalaryny dikeltmek, ulag-üstaşyr gatnawlarynyň ýola goýulmagyny, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýakyn-u-alysdaky döwletler bilen söwda, ykdysady, ylym-bilim we beýleki ugurla

Garaşsyzlyk miwesi

Bu Diýaryň asudadyr asmany,Şol bagtymyz – Garaşsyzlyk miwesi.Akyl edip, oýlan, gör-de al many,Şol bagtymyz – Garaşsyzlyk miwesi. Her şanly senede açylýar öýler,Däpler dowam bolup, tutulýar toýlar.Munda ene-mama, atalar söýler,Şol bagtymyz – Garaşsyzlyk miwesi.

Ösüşiň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady

Ata Watanymyz Türkmenistanyň daşary syýasaty oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanylýar. Bitarap döwletimiz daşary syýasatda sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Diýarymyz halkara giňişliginde bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ählumumy abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna gönükdirilen daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrýar. Dünýewi, demokratik, hukuk döwletimiz bilen uzak möhletli we köpugurly gatnaşyklary ýola goýmaga bildirilýän gyzyklanmalaryň barha artmagy Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara ähmiýetli çäreleriň ählisinde öz aýdyň beýanyny tapýandygyna güwä geçýär. 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangy

Ösen tehnologiýalar eýýamy

Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça öňe sürýän döwlet syýasaty ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge düýpli itergi berýär. Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler bilimli jemgyýeti kemala getirmek, ähli pudaklarda maglumat giňişligini döretmek, döwrebap we iň täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, öndürilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak arkaly ilatyň hal-ýagdaýyny we durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegidir. Ikinji maksady, önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanm

«Türkmenşöhläniň» ýalkymy

Telekeçilik işi haýyrly we il-güne nep getirýän iş. Hormatly Prezidentimiziň telekeçilige aýratyn üns bermegi netijesinde, ýurda peýda getirýän telekeçileriň sany barha artýar. Olar halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmekde, binalary we azyk önümlerini hem-de ýol gurmakda we beýleki işlerde ýeterlik tejribe toplap, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly: «Ýurduň altyn gaznasyna» öwrüldiler. Döwletimiziň kuwwatly ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan hususy kärhanalaryň biri hem Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmenşöhle» hojalyk jemgyýetidir. Biz golaýda bu ýerde bolup, hojalyk jemgyýetiniň zähmet durmuşy barada içgin gyzyklanyp, «Türkmenşöhle» hojalyk jemgyýetiniň direktory Döwletmuhammet Annadurdyýew bilen söhbetdeş bolduk. — Döwletmuhammet, «Türkmenşöhhläniň» şuglasy tutuş Diýarymyza düşüp başlady. Siziň öndürýän önümleriňiz ýurdumyzyň ähli künjeginde uly islegden peýdalanýar. Gürrüňdeşligimiziň başyny bu asylly işe başlaýşyňyz, ilkinji ädimler we görkezijiler baradaky söhbet bilen başlap beräýseňiz.

Şygyrlar

BU GIJEDE Hoş ýaksa-da üýşmeleňler, y:gmalar,Barybir deregni tutanok öýüň.Del ünjüler ýüregime tyg salar,Ylhamyň meýlinde bar köçäm-küýüm.

Te­le­ke­çi­lik hu­kuk gat­na­şyk­la­ry­nyň düz­gün­leş­di­ri­li­şi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly Baştutanlygynda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň telekeçilik çygrynyň ösüşi barha batlanýar. Bu babatda döwlet tarapyndan ähli zerur çäreler maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 47-nji maddasynda bolsa: «Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr» diýip bellenilýär. Häzirki wagtda döwletimizde telekeçilik işini hukuk taýdan ösdürmek ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Telekeçilik işi konstitusion kada esasynda döwlet goldawyna eýe bolýar. Munuň subutnamasy hökmünde eýeçiligiň görnüşine we ýurduň haýsy welaýatynda ýa-da şäherinde alnyp barylýandygyna garamazdan, telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahslara döwlet tarapyndan zerur goldawyň beriljekdigi Konstitusiýada kepillendirilendir. Esasy Kanunymyza telekeçilik barada ýörite maddanyň girizilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde «kiçi we orta telekeçilik» diýen düşünjäniň peýda bolmagyna getirdi. Şol bir wagtyň özünde, bazar gatnaşyklarynda bäsleşigi saklamakda, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin zerur bolan syýasy, kanuny we maliýe ýardamyny bermegiň konstitusion esasy işlenilip taýýarlanyldy. Dünýä ykdysadyýetinde bolşy ýaly, kiçi we orta telekeçilige ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy hökmünde garalý

Şeýhpany

«Bilmeýän bolsaň, bilmeýänligiňi-de bilmeýän bolsaň, onda sen bilmeýänligiňi bilmek islemeýänlerdensiň!» Gysgadan manyly jümleler halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, iki gezek hyrka geýen we il içinde Mäne baba ady bilen tanalýan Abu Sahyd (Seýid) Mähneýä degişlidir. Göräýmäge, çylşyrymly görünýän bu logiki jümläni gaýta-gaýta okanyňdan soň, onuň manysyna birkemsiz göz ýetirýärsiň. Mäne baba ony ylymda yzagalak, ýalta, ylymsyz adamlara ýüzlenip aýdypdyr. Olary ylym dünýäsine aralaşmaga çagyrypdyr. Paýhasy bilen daşy ýarýan Mäne baba 967-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda, her hili müşk-anbar we däri-derman ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dünýä inýär. Mäne babanyň doly ady Abu Sahyd Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýi bolupdyr. Ýöne halk oňa hormat goýup Mäne baba diýipdir. onuň kakasy Abul Haýyr Gaznalylar imperiýasynyň hökümdary Mahmyt Gaznalynyň ýakyn dostlarynyň biri hasaplanypdyr. Ol patyşa hazynasynyň hasabyna ýörite bellenilen ýokary aýlygy alypdyr. Sebäbi Abul Haýyr Mahmyt Gaznalynyň özüni, maşgalasyny, köşk emeldarlarynyň ählisini müşk-anbar we däri-derman bilen üpjün edipdir.

Bakylygyň beýany (oçerk)

Oramat ussanyň ýasan gazma dutarlary uly iliň toý-tomgusynda bagşylaryň elinden düşmändi. Olardan çykýan hoş owazlar köplere özbaşyňa dutar edinäýmeli diýdiripdi. Abdymuhammediň hem gözüni açyp göreni kakasynyň süňňüne agaç ysy siňen ussahanasydy. Dutar ýasamak her kese başardaýanok. Sabyr-kanagaty, ilgezikligi bir ýere jemläp, bar pikiriňi eliňdäki teşedir törpä gönükdirmegi başarmasaň, eýgerdibermez. Ine, şol häsiýetler oglanyň çagalykdan süňňi bekemänkä aňyna ornapdy. Şeýdibem ol kakasynyň ýasan dutarlaryny dürli keşpleriň üsti bilen baýlaşdyryp, müdimilik heýkele öwrüpdi. Asyl onuň hä diýmän başyny tutup, döreden işlerinde milli äheňleriň öwşün atmasy oglanlykdan kalbyna siňen milli saz guralymyzdan gözbaş alyp gaýdýan bolsa nätjek?! Oramat agalaryň nesil daragtyna ýüzlenseň, özüniň dutar ussasy, ogullaryndan Abdymuhammediň ediljek jan giren ýaly heýkelleri ýasaýan ussa, agtygy Döwranyň bolsa şaý-sep ýasaýan ussa-zergär bolmagy ussaçylyk kesbiniň bu maşgalanyň emer-damaryna siňendigine sözsüz şaýatdyr.

Çykanmyzda obamyzyň çetine…

Çykanmyzda obamyzyň çetine, Al şapakdan ot alypdy bar zemin.Men özümiň nirdedigmi bilemok –Barýaryn seň bilen birleşen kimin. Üşedýändir öýdüp çyg damjalary,Otlar seniň aýagyňa dözenok.Assa öwsüp geçýär duşuňda şemal,Timar beren saçlaryňy çözenok.

«Ejeň saňa aýtjaklary bar» (hekaýa)

Güýz günleri ahyrlap ýördi. Meýdanlardan hasyl doly ýygnalyp gutarylypdy. Howa-da mazaly sowapdy. Gyş pasly hem indi uzakda däldi, eýýäm haçandan bäri öz hökümini ýöretmäge häzirlenýän ýaly, bosagadan jyklap durdy. Mydama nowbahar oglunyň ýokary okuw mekdebini tamamlap gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşan Annatäç ejäniň bu günki gün oglunyň oba mekdebinde mugallym bolup işläp ýörenine üç ýyl bolupdy. Hemme eneler ýaly, Annatäç eje-de ogluny gözli-başly etmegiň, agtyk söýmegiň aladasy bilen ýaşaýardy. Ýöne ogly Selimiň ata-enesine ýüregini açan, olaryň ýanynda öýlenmek, özbaşdak durmuş gurmak hakda dil ýaran gezegi bolmandy. Bardy-geldi bu barada gepden gep çykaýanda-da, heniz özüniň öýlenmekçi däldigini çürt-kesik aýdýardy. Bu boluş, elbetde, Annatäç ejäni otursa-tursa ynjalykdan gaçyrman durmaýardy. Onsoň uzakly gününi lapykeç halda oturyp, içini gepledip geçirýärdi. Ýaman ýeri, onuň pikirini goldap, adamsam tijeniberenokdy. Ýogsam, aýalynyň goňşynyň bala-çagalaryny dyzynda oturdyp, oýnadyp, käte-käteler aýaklarynda ýatyryp, wagtynyň köpüsini şolara gümra bolup geçirýändigini göre-göre gelýärdi. Onda-da kelam agyz gep goşanokdy.