Türkmen halky aýdym-sazy bilen gadymy döwürlerde hem dünýä belli bolupdyr. Halkymyzyň köňül gözgüsini, kalbynyň heýjanyny we gussasyny bu sungat mesaňa mälim görkezýär. Şeýle ajaýyp sungat türkmen halkynyň gadymy milletdigini subut edýär, halkyň ýüregine ýakyn aýdymlaryň döwrebaplaşmagyna esas berýär. Milletimiziň köpasyrlyk tejribelerinden kemala gelen milli aýdym-sazlara teleradioýaýlymda hem aýratyn üns berilýär. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen ajaýyp aýdym-saz bäsleşikleriniň biri hem «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigidir.
«Ýaňlan, Diýarym!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikleri türkmen milli telewideniýesiniň Garaşsyzlyk babatdaky ilkinji wagyz-nesihat işleriniň jemgyýete has ýakyn bolmagyna esas berdi .