Ar­ka­dag hem Wa­tan mer­te­be-şan­dyr

22 Noýabr 2021
1034

Çawy ýedi yklyma dolan şöhratly zamanamyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan gülşen günlerimizde Diýarymyzda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň agzybirlik, jebislik ýol-ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygy baradaky hakykaty Ýer ýüzüne ýaýýar. Agzybirlik, bitewülik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň bagtyýarlyk zamanamyzda has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän ýakymlydyr. Şonuň netijesinde döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşler, eýelenýän sepgitler Watanymyzyň kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär.

Arkadagyň ajap eýýamynda türkmen halky özüni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly ýaşaýjylary hökmünde duýmaga doly haklydyr. Munuň özi jemgyýetimiz üçin hem, döwletimiz üçin hem ädilen belent ädim, gazanylan iňňän uly taryhy ösüş, ýetilen beýik derejedir. Türkmen jemgyýeti uzak-uzak eýýamlardan soň bu günki gün ýanbermez ynam, egsilmez hyjuw, bimöçber joşgun bilen arzylanan we apalanan mukaddes arzuwynyň wysal bolandygyna guwanyp ýaşaýar, öz milli Lideriniň saýasynda döredýär, gurýar, her bir gününi zähmet ýeňişlerine, rowaçlyklara, belent sepgitlere besleýär. Şeýlelikde, bu döwür, bu eýýam, ýagny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bu günki gün türkmen jemgyýetiniň we türkmen döwletiniň öňe çykaran iňňän kämil döwlet syýasatyny, ylmy-filosofik jähetden taraşlanan we esaslandyrylan aýdyň hem röwşen ýörelgesini baýdak edinip, täze çuňňur many-mazmun, göwünleri gülledýän täzeçe röwüş bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşlarynda yzygiderli belleýşi ýaly, zähmetsöýer we intellektual derejeli türkmen halky bu ýörelgäniň biziň döwrümize aýdyň mahsusdygyny doly duýýar hem-de gyzgyn goldaýar.

Ýagmyr NURYÝEW,
«Diýar».