"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Owadan hem ýyndam

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri bolan keýik maral, jeren ýaly sözler bilen atlandyrylýar. Olar owadan bolşy ýaly, ejiz hem bolýarlar. Şonuň üçin tebigat olary beýleki ýyrtyjy haýwanlardan goranmak üçin ýyndamlyk bilen sylaglapdyr. Hiç bir ýyrtyjy olary kowup ýetip bilmeýär, eger bardy-geldi atanlykda büdräýmeseler. Keýikleriň beýleki sähra haýwanlaryna meňzemeýän ýene bir aýratyn üýtgeşikligi bar. Sähra haýwanlarynyň keýik owlagyndan başgasy dünýä gelen dessine aýak üstüne galyp bilmeýärler. Keýik owlagy bolsa dessine aýak üstüne galýar. Ilki büdreýär, ýykylýar, aýagy diýenini etmejek bolýar. Emma büdrese, dikelýär. Aýagy eplense, dogurlaýar, ilkinji ädimlerini ädýär. Enesi bolsa biraz ýöreýär, şonda owlak onuň yzyndan galmaýar. Biraz wagtdanam, entek ona çenli sanamankaň, ylgap başlaýar. Ana, şonda ony kowalap hem ýetip bolmaýar. Özem dünýä gelip, entek ene süýdünden datmadyk mahalynda şeýle bolýar. Elbetde, ýaňy dünýä inen keýik owlagynyň ýyndamlygyny beýleki ýaşly keýikler bilen deňeşdirip bolmaz. Muny beýleki ýyrtyjy haýwanlaram bilýän bolmaly. Olar aw edýän mahalynda, ilki bilen, keýik owlagynyň yzyna düşýärler.

Arkadagyň ak ýollary nurana

Täze belentlikleri nazarlap, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda döwletleri we halklary baglanyşdyrýan ulag-kommunikasiýa ulgamynyň «altyn halkasyny» döretmäge gönükdirilen döwrebap inženerçilik desgalary, şol sanda awtomobil we demir ýollary, köprüler, howa menzilleri yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär. 29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleriniň aýdyň mysalydyr. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasynda düzümleýin ýol-ulag desgalaryna laýyklyk güwänamalaryny bermek ulgamynda ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň wekilleri çykyş etdiler. Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasy tarapyndan täze düzümleýin desga degişli güwänamalar — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, «Ýol gurluşygyny taslamak» we «Gurluşyk işleri» standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalar berildi.

Ar­ka­da­gyň ajap eý­ýa­my — ösüş-öz­ge­riş­le­riň şöh­rat­ly za­ma­ny

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:—Biziň gadymy topragymyzyň özgerip, ajaýyp görke eýe bolmagy bilen bir hatarda, jemgyýetimiz hem barha kämilleşýär, özgerýär we ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, hal-ýagdaýy has-da gowulanýar. Biz öz gündelik durmuşymyzda häli-şindi «ösüşler» diýen söz bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Çünki bu zamanabap nurana söz ýaşaýyş-durmuşymyza giňden ornaşdy. Her bir gün Berkarar döwletimizi, bagtyýar milletimizi täze ösüşlere atarýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň nurana ak ýollary bilen röwşen geljege sary ynamly barýan Türkmenistan Diýarymyz ösüşleriň ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde giň meşhurlyga eýedir. Bu hakykat biziň her birimizi çäksiz buýsandyrýar we täze zähmet üstünliklerine hem rowaçlyklara ruhlandyrýar.

Kuw­wa­ty ýo­kar­lan­ýan pu­dak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz geljege tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni hem-de geljegi ugrundaky düýpli aladalary durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, üstünlikli netijeler gazanylýar. Şonuň ýaly elektroenergetika pudagy hem bu ösüşlere mynasyp paýyny goşýar. Milli Liderimiziň bu ulgamy ösdürmekde alyp barýan syýasaty we öňe sürýän başlangyçlary, ilkinji nobatda, energetika ulgamynyň kuwwatyny düýpli artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň durnukly depginini gazanmak bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Elektrik energetikasy ykdysadyýetimiziň ösmeginiň we ýaşaýyş üpjünçiliginiň esasy bolup durýar. Elektrik energetikasy – elektrik energiýasyny öndürmek we ibermek bilen bagly pudak bolup, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy ýurduň içine we daşyna iberilmegi üçin niýetlenen harytlyk önümi bolan elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegini, geçirilmegini, ýerlenilmegini we sarp edilmegini üpjün edýär. Onuň önümçilik-tehnologik toplumyny özünde jemleýän kärhanalary bar. Aýratynlykda her bi

San­ly ara­gat­na­şyk­da ýe­ti­len sep­git­ler

Adamzat, dünýä halkary, şol sanda türkmen halky ähli döwürlerde özüni gurşap alan daşky dünýä akyl ýetirmek, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, beýleki halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklamak ýaly ýol-ýörelgelerden ugur alyp gelipdir. Ylmyň, tehnikanyň, innowasion tehnologiýalaryň ösen häzirki zaman dünýäsinde bu asylly ýörelgeler wajyp ähmiýete eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimizde, jemgyýetçilik durmuşymyzda uly üstünlikler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamlarynda täze sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektron resminama dolanyşygyna geçmek babatda uly öňegidişlikler gazanyldy.

Ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ösüş aý­ra­tyn­lyk­la­ry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň senagatlaşdyrmaga gönükdirilen syýasatyny amala aşyrmakda, ýurduň tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak, olary senagat taýdan çuňlaşdyrylan görnüşde gaýtadan işlemekde ykdysadyýetiň ähli ugurlary depginli ösüşlere eýe bolýar. 2015-nji ýylda «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamsynyň» kabul edilmegi ýurduň önümçiligini oňyn guramak, öndürilen taýýar önümleriň dünýä bazarlaryna amatly nyrhlar bilen ýerlemäge hem-de Türkmenistanyň bazar şertlerinde bäşleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik döredýär. Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň iň möhüm ugurlarynyň biri-de uglewodorod serişdelerini eksport etmek bolup durýar. Beýik Britaniýanyň «Gaffney Сline & Assoсiates» iňlis şereketiniň hünärmenleri tarapyndan 2012-nji ýylda geçirilen garaşsyz halkara auditiniň netijesine görä, tebigy gazyň «Galkynyş» gaz ýatagynyň kuwwaty 26,2 trillion kubmetre deň bolup, Eýranyň we Kataryň serhet ýakasyndaky ýerleşen, kuwwaty 28,3 trillion kubmetre barabar bolan «Günorta Pars» ýatagyndan soňra, dünýäde ikinji orunda durýar. Umumy gazyň möçberi boýunça Türkmenistan dünýäde 4-nji orunda durýar. Tebigy gazy ulanm

Be­re­ket bol­çu­ly­gy ug­run­da

Halkymyz topragy mukaddes hasaplaýar. Ata-babalarymyzyň maňlaý deri garylan, aýak yzlary galan, ene-mamalarymyzyň ýürek mähri siňen türkmen topragynyň ykbaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterilýär. Oba hojalygyny ösdürmek, obalary galkyndyrmak meselesine aýratyn uly üns berilmegi we bu ugurdan anyk hem aýdyň çözgütleriň kabul edilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu gün halal zahmetiniň miwesini iň uly baýlyk-bereket diýip bilýän türkmen daýhany rysgal-berekediň, bolçulygyň, ýerden bol hasyl almagyň lezzetini görýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän ekerançylaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, welaýatlaryň we etraplaryň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, oba hojalyk ekinlerini görnüşleri boýunça ýerleşdirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ýerleriň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak oba hojalygyny düýpli ösdürmek barada kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilmegini, ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan, ýerli we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmagy, agrotehniki çäreleri ýokary hilli berjaý etmegi talap edýär. Agrosenagat ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen babadaýhanlarymyzyň maňlaý deri utgaşanda türkmen t

Ar­ka­da­gyň sy­ýa­sa­ty — bag­ty­ýar­ly­gyň bin­ýa­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar döw­le­ti­miz­de be­lent sep­git­ler eýe­len­ýär. Berkararlygymyzyň hem bagtyýarlygymyzyň gözbaşy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen toýlanylan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni möhüm wakalara beslenip, türkmeniň täze taryhyny altyn setirleri bilen bezeýär. Şan-şöhraty dünýä dolan bagtyýarlyk zamanamyzda üstünlikli amal edilýän döwletli tutumlar Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýen parasatly sözlerinde öz beýanyny tapýar. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde, ozaly bilen Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny aýratyn bellemek örän buýsandyryjydyr.

«Bu tyl­la top­ra­ga na­hal otur­dyň!»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz giň gerimli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi adamlaryň saglygyny goramak hem-de doly derejeli ýaşaýşy hem-de dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr. Milli Liderimiziň dünýä derejeli forumlarda, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe sürýän başlangyçlary daşky gurşawyň hemmetaraplaýyn goralmagyna gönükdirilendir. Bu başlangyçlar halkara bileleşigiň giň goldawyna mynasyp bolup, bilelikdäki ekologiýa taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetlidir. Häzirki döwürde dünýä bileleşigi ýurdumyzyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine goşýan önjeýli goşandyny ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegi, ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä garşy göreş, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny goramak we Hazaryň biologik köpdürlüligini saklamak hem-de başga birnäçe meseleleri öz içine alýar. Häzirki wagt

Wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň be­lent nus­ga­sy

Başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzyň, il-günümiziň öňünde şöhratly hyzmatlary bitiren milli gahrymanlarymyzy, edermen gerçeklerimizi hatyralamak halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan asylly däpleriniň biridir. Parasatly mugallym we edermen esger, öz topragynyň watançysy Berdimuhamet Annaýewiň manyly durmuş we zähmet ýoly, hususan-da, ýaş nesil üçin hakyky watançylygyň, maksada okgunlylygyň, belent jogapkärçiligiň, borja wepalylygyň aýdyň nusgasy bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Berdimuhamet aganyň şahsyýetiniň ýaşlary belent watançylyk ruhunda terbiýelemekde ajaýyp nusgadygyny bellemek buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Watana söýgi iň beýik söýgüdir» diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, bu mukaddeslige togap-tagzym duýgusy şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň on iki süňňüne, ganyna siňendir. Hut şonuň üçin hem türkmen derkar bolsa Watan üçin baş goýmagy özüne belent mertebe saýýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly jümleler bilen nygtaýşy ýaly: «Watan — başymyzyň täjidir», «Watan—biziň buýsanjymyzdyr».

Ar­ka­da­gyň sa­ha­wat­ly dur­muş sy­ýa­sa­ty

Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň hususy ugurlarynyň höweslendirilmegine, maýa goýum kuwwatynyň artdyrylmagyna, durmuş ugurly ulgamyň kämilleşdirilmegine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletli milli pudaklaýyn hem-de sebit maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Magtymguly

Gerkezde boý alan, eý, beýik çynar,Paýhas saýaň ýetdi ýedi yklyma.Yşk derdiňe asman, ne-de ýer çydar,Seni okan akyl goşar aklyna. Beg ýigitleň neri bolduň hatarda,Bilmedik ýok Gündogar-Günbatarda,Sözleň tümi syryp, daň deý atar-da,Köňül köşgüm çaýyp gider ýalkyma.

Mil­li ma­na­dy­myz — döw­le­ti­mi­ziň berk bin­ýa­dy

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär. Türkmenistanda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi pul dolanyşygynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Çünki bu hereketlendiriji maliýe guraly, bank ulgamynyň işiniň ýokarlanmagyna we tutuş ykdysadyýetiň üstünlikli ösmegine netijeli ýardam berdi. Türkmen manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Milli manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň pul kepilidir.

Hor­ma­ta my­na­syp mu­ga­llym

Mugallymyň tutanýerliligi, bilesigelijiligi, hünärine höwesi okuw-tejribe döwründe oňa mallaryň keselleri we öňüni alyş çäreleri barada ylmy maglumatlary toplamaga mümkinçilik berýär. Mal lukmançylygy ylmynda ädilen ilkinji ädimler kärdeşleriniň, professor-mugallymlaryň ünsüni özüne çekýär. Irginsiz gözlegleriň, ýadawsyz çekilen zähmetiň netijesinde professor N.G.Ponirowskiniň ýolbaşçylygynda onuň geçiren barlaglary boýunça ylmy makalalary çap bolup ugraýar. Ol bolsa ýaş ýigitde ylym bilen has içgin meşgullanmaga höwes döredýär. 1965-nji ýylda Gara Baýmyradow professor N.G.Ponirowskiniň ýolbaşçylygynda mal lukmançylygy ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejäni almak üçin «Tetrosiklin we sintomisin topar dermanlary sulfantrol we gemosporidin bilen utgaşdyryp ulanylanda sag we teýloroz keselli gölelere edýän täsirini deňeşdirmek» diýen temadan ylmy işini goraýar. Şondan soň ýaş alym bu ugra degişli ylmy-barlaglara düýrmegi bilen berilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda çekilen argynsyz zähmetiň netijesinde halypa mugallym, tejribeli alym mal lukmançylygynyň wajyp meselelerine bagyşlap, 70-den gowrak ylmy makalalary, okuw-ylmy gollanmalary ýazýar. Onuň ylymda öňe sürýän kesel bejeriş, keselleriň önüni alyş usullary ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda giňden ulanylýar we özüniň oňyn netijelerini berýär.

Türk­me­nis­tan — Öz­be­gis­tan: dost-do­gan­ly­gyň kä­mil ýo­lun­da

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz dost-doganlygyň mekanyna öwrüldi. Häzirki wagtda uly rowaçlyklara beslenýän Türkmenistan döwletimizde gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna sarpa goýup ýaşamak ýurduň daşary syýasatynyň baş ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň ýakyn we özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki tapgyryndaky düýpli esasy, ilkinji nobatda, öz köklerini taryhy, ruhy-medeni umumylykdan alyp gaýtmagydyr. Bu iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewral aýyndan bäri ýola goýlup, häzirki wagtda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga giň mümkinçilik berýär.

Ha­ly hak­da söh­bet

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 192 döwletiň we birnäçe halkara guramalaryň gatnaşmagynda 182 gün dowam etjek «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň işe başlamagy köňüllere ruhubelentlik çaýdy. Onuň sebäbi ýokary derejede guralan bu sergidäki Türkmenistanyň pawilýony hemmeleriň ünsüni çekjek derejede owadan hem gelşikli edilip bejerilipdir. Pawilýonyň öňünde türkmeniň ahalteke bedewiniň bäşisiniň heýkeli oturdylan bolsa, onuň girelge tarapyndaky diwarynda bolsa häzirki zaman usulynda bedewiň kellesi şekillendirilipdir. Pawilýonyň tutuş çep gapdalyny bolsa äpet türkmen halysynyň suraty bezeýär. Ýeri gelende aýtsak, onuň sag diwarynda şekillendirilen suratlaryň düşeginde hem türkmen halysy şekillendirilipdir. Onuň bolsa sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretjekdiginiň ujy iki däl. Şol bir wagtda hem türkmen halysynyň äpet suratlary bu pawilýonyň haýsy ýurda degişlidigini mälim edip dur. Çünki bu gün türkmen halysy hem bedewi bilen Ýer ýüzünde meşhurdyr. Bu waka, bu görnüş seni türkmen halylary hakyndaky oýlara atarýar. Dessine-de türkmeniň halyda doglup, halyda ömür sürýändigi hakyndaky pikirler sere dolýar...

Türk­men ar­heo­lo­gi­ýa yl­my­nyň göz­ba­şy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda bolup geçýän düýpli ösüşler ylmy, medeni mirasa bolan garaýyşlary hem öz içine alýar. «Ylmy, medeni miras» ýaly düşünjeler giň düşünjedir, ol halkymyzyň taryhyny, akyl-aňynyň ösüş ýollaryny, diliniň, edebiýatynyň taryhyny, döreýiş aýratynlyklaryny, sözüň giň manysyndaky medeniýetini öz içine alýar. Şu günki günde halkymyzyň taryhyna, medeni mirasyna has düýpli, milli ülňüler bilen seretmek, ylmy taýdan öwrenmek üçin oňa halkymyzyň taryhy döwürleri bilen aýrylmaz baglanyşykda çemeleşmek babatda edilýän talaplar döwrebap häsiýete eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle ýazýar: «Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan medeni-ruhy gymmatlyklary, binagärlik we arheologik ýadygärlikleri, geçmişiň köp taraplaryny özünde jemleýän medeni-taryhy mirasy ylmy jähtden öwrenmek, gorap saklamak, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek döwletimiziň ylmy syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir». Hakykatdan-da, berkarar, bagtyýar, parahat hem asuda döwrümizde halkymyzyň taryhy geçmişini, ähli medeni gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan düýpli öwrenmek boýunça ägirt uly tagallalar edilýär we bu babatda biziň günlerimizde gazanylan hem gazanylýan üstünlikler örän guwandyryjydyr. Türkmen halkynyň syýasy-etniki ylmynyň we edebiýatynyň t

Tebigat we zähmet hakynda

Bag – barsyz bolmaz, at – timarsyz.* * * Bag – ekeniňki, ýap – çekeniňki.* * *

Söw­da sy­ýa­sa­ty­nyň ka­da­laşdyryl­ma­gy

Garaşsyzlyga eýe bolmak bilen, Türkmenistanda täze bazar ykdysadyýetiniň esaslaryny döretmäge gönükdirilen ykdysady özgertmeler amala aşyrylyp başlandy. Garaşsyz maliýe we karz syýasatyny alyp barmaga esas döreden milli manadyň 1993-nji ýylyň 1-nji noýabryndan dolanyşyga girizilmegi Türkmenistanyň geljekki ykdysady özgertmeleriniň wajyp şerti boldy. Şeýle hem eýeçilik, telekeçiligiň ösüşi, ilaty iş bilen üpjün etmek meselelerini kadalaşdyrýan ykdysady kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Beýleki çäreler bilen bir hatarda, bu işler ýurduň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýurduň tebigy hem-de ykdysady mümkinçiligini ýeterlik derejede ulanmaga giň ýol açdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň söwda senagat işi «Daşary ykdysady iş hakynda», «Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakynda», «Söwda işi hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Sertifikatlaşdyrmak hakynda», «Standartlaşdyrmak hakynda», Türkmenistanyň kanunlary, Salgyt kodeksi, Gümrük Kodeksi, Sanitariýa Kodeksi we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalar bilen kadalaşdyrylýar.

Ýazuwlar nämäni habar berýär?

Biz öz ýazuwymyz barada nämeleri bilýäris? Olaryň üsti bilen biz adamlary tanap bilerismi? Elbetde, bu sowala gönüden-göni hawa ýa-da ýok diýip jogap berip bilmeris, ýöne adamlary tanamakda azda-kände mümkinçilik gazanyp bileris. Geliň, biz öz ýazuwymyza syn edip göreliň! Ýazuwyny has çep tarapa egrip ýazýanlar: