Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň netijesinde Berkarar döwletimizde belent sepgitler eýelenýär.
Berkararlygymyzyň hem bagtyýarlygymyzyň gözbaşy bolan beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen toýlanylan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni möhüm wakalara beslenip, türkmeniň täze taryhyny altyn setirleri bilen bezeýär. Şan-şöhraty dünýä dolan bagtyýarlyk zamanamyzda üstünlikli amal edilýän döwletli tutumlar Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýen parasatly sözlerinde öz beýanyny tapýar. Şol bir wagtda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň netijesinde, ozaly bilen Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny aýratyn bellemek örän buýsandyryjydyr.