"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Ýonup döredýärler ajap eseri»

Türkmenistan dünýä medeniýetine öz goşandyny goşan ýurtdur. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, biziň günlerimize ýeten bu sungatyň her bir ugry türkmen taryhyny açyp görkezýän ajaýyplyklaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zergärçilik sungatymyz özüniň many-mazmuny, ýokary hilli derejeliligi bilen has-da baýlaşýar. Ussat zergärler ýiti duýgurlygy, özleriniň döreden eserlerine ýürekden çemeleşýändikleri bilen saýlanýarlar. Türkmeniň ölmez-ýitmez baky sungatyna gulluk edýän ussat zergär Myrat Sähedow bilen şu ajaýyp sungat barada söhbetdeş bolmagy makul bildik. Türkmen halkynyň beýik medeniýeti, ajaýyp sungaty bar. Ol başy asmana uzap oturan daragt mysaly. Şol daragtyň haýsy pudagyna diň salsaň, özboluşly aýratynlygy, täsinligi bilen seni özüne bendi edýär. Türkmeniň naýbaşy senetleriniň biri-de zergärçilikdir. Zergärleriň yhlas-azaby bilen sünnälenip ýasalan bezeg şaýlary müňýyllyklara garamazdan, nepisligi, nagyşlarynyň çeperçiligi, owadanlygy bilen tapawutlanýar.Ýüzüne zer çaýylan bu şaý-seplerimiz Gün şöhlesi bilen çaknyşanda, gözüňi gamaşdyrýar. Şelpeleriniň şyňňyrdysy kalbyňy heýjana getirýär. Bu senet bilen meşgullanmak hemmelere mahsus däl. Şu gyzyklanma bilen zergäre ýüzlendik. — Myrat aga, siziň ykbalyňyz zergärçilik sungaty bilen bagly. Bu sungatyň syrly dünýäsine aralaşmagyňyza näme itergi berdi?

Dag obasynyň täsinlikleri

(dowamy, öňi žurnalyň geçen sanynda) Dumanly daglaryň kemerlerine aşmak her bir adam üçin aňsat däl. Munuň üçin çeýe, çakgan, ýeňil gopýan, hüşgär dag adamsy bolaýmasaň, darajyk ýodalar, kert gaýalar her kime eýgerdip baranok. Emma bu ukyplaryň jandarlara tebigy berilendigini bilýärsiňizmi? Sygyr, geçi, goýun sürülerine gaýalaryň erňegi bolsun, daglaryň uçudy bolsun, haçan görseň, sonarlygy gözläp, beýiklerde otlaşyp ýörendirler. Onsoňam olar hüşgär bolup, daşdan ýakynlaşyp gelýän ýagyny öňünden aňmaga ukyplydyrlar. Şol bada-da otlamagy bes edip, dessine ýere çökmek bilen bolýarlar. Bu ýagdaý çopanyň abanýan howpy aňyp, bada-bat herekete geçmegine uly kömek edýär.

Sagdyn bolaýyn diýseň.

Her bir adamyň saglygy onuň sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barşyna baglydyr. Esasy zat, gün tertibini saklap, dogry gurnalan zähmet, rahat dynç alyş we ukyny ýeterlik almak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek, pyýada ýöremek, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, arassa açyk howada gezelenç etmek, welosiped sürmek bolup, bular sagdyn durmuşyň we bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşydyr. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňliginiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Lukmanlaryň bellemegine görä, arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly ýagdaýlaryň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Şeýle hem ol bedendäki madda çalşygynyň durnukly ýagdaýda saklanmagyna, emele gelen artykmaç ýaglaryň aradan aýrylmagyna getirýär. Welosiped sürlen wagtynda bedende bolup geçýän fiziki ýagdaýlaryň täsiri sürüp bolanyňdan soň hem 2-3 sagatlap dowam edýär. Welosiped sürmek adamyň pikirleniş ukybynyň ýokarlanmagyna, ýatkeşliginiň güýçlenmegine hem-de berkemegine ýardam edýär. Welosiped dolandyrylýan pursatynda ýa-da ylganan wagty hereket etmeýän örän köp sanly myşsalar hem işläp başlaýar. Bedendäki bar bolan ähli kiçiji

Goşa sowala goşa jogap

  Aýjemal Jumanyýazowa,Türkmen döwlet medeniýetinstitutynyň talyby, «Ýaňlan,Diýarym!» telebäsleşiginiňýeňijisi:   Türkmenistan döwletimiziň mizemez ösüşleri, şöhraty halkyň bir başa sygynyp, her kimiň öz ornunda Watana tüýs ýürekden gulluk etmegi bilen baglydyr. Biz hem bu gezek ýurdumyzyň ykdysadyýet, medeniýet ulgamlary boýunça Diýarymyzyň ösüşine uly goşant goşýan döredijilik adamlarynyň zähmet üstünlikleriniň syrlaryny öwrenmek maksadynda, olara iki sowal bilen ýüzlendik.

Gözelligiň ajaýyp nusgasy

Dünýä ýurtlary bilen medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýän ýurdumyz adamzadyň ählumumy gymmatlyklaryna, her bir halkyň mertebesine hormat goýulmagyna esaslanan gatnaşyklary ösdürmek hem berkitmek, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn, özboluşly ugrunyň çuňňur ynsanperwerlik däpleri esasynda öňe ilerledilmegi ugrunda uly tagallalar edýär. Medeniýetimizi, sungatymyzy gaýtadan dikeltmek, ösdürmek barada düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan medeni-ruhy däpleri häzirki ösüşlerimiziň esasy hökmünde täze mazmuna eýedir. Diýarymyzda medeniýeti ösdürmegi hemmetaraplaýyn goldamaga, türkmen taryhyny, şol sanda milli medeniýetiň taryhyny ylmy taýdan öwrenmäge, dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki medeniýet hem-de medeni gatnaşyklar ähli döwürlerde halklary ýakynlaşdyrmaga, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam beriji köpri bolup hyzmat edipdir. Olaryň hemmesi häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegine öwrülmegine getirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 97,12% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 97,68%, Balkan welaýatynda 97,29%, Daşoguz welaýatynda 96,80%, Lebap welaýatynda   97,13%, Mary welaýatynda 96,97%, Aşgabat şäherinde 97,51% ses berdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 17-ä çenli saýlawçylaryň 93,19% ses berdi

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 93,22%, Balkan welaýatynda 95,39%, Daşoguz welaýatynda 92,78%, Lebap welaýatynda  92,37%, Mary welaýatynda 93,57%, Aşgabat şäherinde 93,58% ses berdiler. Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 82,37% saýlawçylar ses berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 15-е çenli saýlawçylaryň 86,34% ses berdi

Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 87,22%, Balkan welaýatynda 89,71%, Daşoguz welaýatynda 85,15%, Lebap welaýatynda  85,39%, Mary welaýatynda 86,70%, Aşgabat şäherinde 86,76% ses berdiler. Şeýle hem, daşary ýurtdaky saýlaw uçastoklarynda 74,16% saýlawçylar ses berdi.

Saýlawçylaryň ses bermegi dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 13-e çenli saýlawçylaryň 71,90% ses berdi. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 71,86%, Balkan welaýatynda 73,46%, Daşoguz welaýatynda 70,73%, Lebap welaýatynda  71,29%, Mary welaýatynda 72,71%, Aşgabat şäherinde 72,83% ses berdiler.

Ses bermek dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça sagat 11-e çenli saýlawçylaryň 51,05% ses berdi. Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek barada merkezi toparyň resmi web-saýtynda habar berilýär. Has takygy, saýlawçylaryň Ahal welaýatynda 50,72%, Balkan welaýatynda 50,39%, Daşoguz welaýatynda 51,89%, Lebap welaýatynda  51,17%, Mary welaýatynda 49,67%, Aşgabat şäherinde 52,15% ses berdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermek başlandy!

2022-nji ýylyň 12-nji martynda saýlaw uçastoklarynyň 2577-siniň hemmesinde sagat 7-de ses bermek başlandy we 19-da tamamlanýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça saýlawçylaryň jemi 3435950-si hasaba alyndy.

Bedew batly, şan-şöhratly Diýarym!

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ajaýyp çapyksuwar. Behişdi bedewleriň gadyryny bilip we olara uly sarpa goýup, işiniň örän köpdügine garamazdan, at üstünde çapmagyň ussatlygyny kämilleşdirmäge yzygiderli üns berýär. Türkmen atlary milli Liderimiziň edebi döredijiliginde hem aýratyn orun tutýar. Häzirki zaman resminamalarynyň hem-de taryhy, ylmy maglumatlarynyň we çeşmeleriň yhlasly öwrenilmegi esasynda ýazylan deňsiz-taýsyz ahalteke bedewleri baradaky ajaýyp kitaplaryň hormatly Prezidentimiziň galamyna degişlidigi guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylyň milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşmagy, alabaýlarymyza guwanmagy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullanmagy, şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmaga, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň ýüze çykmasy boldy. Milli Liderimiz türkmen halkymyzyň iň oňat atşynaslyk däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegi we kämilleşdirilmegi, ahalteke tohumlaryny köpeltmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, ýurdumyzyň atçylygynyň bu ugurda halkara nusgalyk derejä çykmagyna şert döredýär. Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, ähli welaýatlarda g

Milli gymmatlyklara belent sarpa

Milli senenama boýunça togsan dolup, bahar paslynyň ilkinji gününde Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşmagy, milli mirasymyza, alabaýlara guwanyp, özüniň durmuş ýoly baradaky ýatlamalaryny, pikir garaýyşlaryny jemläp, täze eseri döretmäge girişmegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň möhüm taryhy wakalaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, şu ýylyň 18-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine barýan pursadynda täze dünýä inen we atşynaslaryň haýyşy boýunça Zaman diýip at goýan taýçanagy bilen didarlaşdy. Şol pursatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan Zaman atly taýçanak bilen bir günde dünýä inen alabaýa at dakyp bermegi haýyş edenlerinde  Gahryman Arkadagymyz täze doglan güjügi synlap, alabaýlaryň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyz ýaly, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygyny belläp, Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze tapgyryny öz içine alýan we halkymyz bilen bilelikde maslahatlaşylyp kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýen şygaryň hormatyna täze dünýä inen alabaýa Eýýam diýip  at goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Goý, bu alabaý ýurdumyzyň  durmu

Ba­şa­gaý­lyk (Hekaýa)

Ýylyň iň soňky günüdi. Serdar baýramçylyk saçagy üçin bazardan gök önümler, süýji-kökedir miwe şireleri bilen ýüklenip geldi-de, 4-nji gatdaky gapylarynyň jaňyna basdy. Gapy salym bermän jarka açyldy. Serdara gujagyndaky goşlaryň aňyrsyndan aýaly Bossanyň gahardan doly gözleri, çytylyp duran ýüzi göründi. — Hä, geldiňmi? Nirelerde entediň, gelmelem däl ekeniň! — diýlip, özüne gönükdirilen sözlere Serdar ör-gökden geldi. Gözlerini tegeläp, aýalyna ýüzlendi:

Halkyň Arkadagly zamanasy

Asman – Zemin arasyndaÝaň salýandyr owazasy —Tarypyny etsem,Halkyň               Arkadagly zamanasy. Bu türkmeniň zandynda barDostuny gaýmak saýmasy.Törde toý suprasy —Halkyň               Arkadagly zamanasy.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­men hal­ky­na tä­ze ýyl gut­la­gy

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ýene-de az salymdan biz üstünliklere beslenen şu ýyl bilen hoşlaşyp, täze — 2022-nji ýyly uly şatlyk we arzuw-umytlar bilen garşylarys.

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 Jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan! Be­ýik döw­let, eziz ül­ke, dog­duk de­pe, as­ly me­kan,Äh­li­je­si se­niň özüň, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!Ke­rem­li­dir ene top­rak, ke­ra­mat­dyr ma­wy as­man,Eder­men­dir ogul-gy­zyň, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!

Bagta beslenýän röwşen ýyllar

Çawy ýedi yklyma dolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir röwşen ýyly kalplara şatlyk, mähir-nur çaýyp, gülgüzar Diýarymyza mübärek gadamyny goýdy. Asyl-ha, ýyllar sahawat-keremli ülkämize bagt bolup gelýär. Çünki döwür bagtyýar, döwlet berkarar bolanda ruhubelentlik bilen garşylanýan ýyllar düşümli bolup, bagta beslenýär. Bagtyýarlyk zamanamyzyň her bir ýylynyň mysalynda şu hakykata şaýat bolmagyň üýtgeşik lezzeti we çäksiz buýsanjy Arkadagly Diýaryň bagtyýar raýatlary bolan biziň göwnümizi ganatlandyrýar, eşretli durmuşymyzy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň giň gerimler bilen amala aşyrylmagyna, halk häkimiýetiniň esaslarynyň berkidilmegine, hakyky raýat jemgyýetiniň döredilmegine, onuň ösüş ugurlaryny, görnüşlerini kesgitlemäge, ýurdumyzda alnyp barylýan köptaraply hem-de uzakmöhletleýin maksatnamalary amala aşyrmaga raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Elbetde, geçen ýylda Milli Geňeşiň — iki palataly parlamentiň döredilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny nygtamak guwandyryjydyr.

Dokma senagatynyň rowaç gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler halk hojalygynyň ähli pudaklaryny we ulgamlaryny gurşap aldy. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýeňil senagatymyz hem aýratyn goşant goşýar. Şoňa görä-de, ýeňil senagatymyzyň pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmak örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň esasy pudaklarynyň biri bolan dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak, dokma önümlerimiziň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegini gazanmak, görnüşlerini artdyrmak, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli mahabat-maglumat taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de güýçlendirmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn wezipeler amala aşyrylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlyk ýolundaky ynamly gadamlary bolup durýar.

Ösüş­le­riň yg­ty­bar­ly ke­pi­li

Eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmeklige ähli zerur şertleriň döredilendigi guwandyryjy hakykatdyr. Häzirki wagtda alym Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar döwrebap tehnikalar, kompýuterler, barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Türkmenistan döwletimizde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň binalary hem diňe bir bilim bermek işlerini amala aşyrmaga däl, eýsem, ylmy-amaly barlaglary geçirmeklige hem giň mümkinçilikleri berýär. Bu babatda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty möhüm ähmiýete eýedir. Binagärlik gurluşy, ylym-bilimi utgaşykly alyp barmaga mümkinçilik berýän barlaghana enjamlary, dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen maglumat-kommunikasiýa abzallary, innowasiýa tehnologiýalary professor mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň bilim babatdaky işlerini ylmy-amaly işler bilen utgaşykly guramagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda innowasiýalara möhüm ähmiýet berilýär. «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny berkitmäge, innowasiýa işi çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirmäge uly itergi berdi. Innowasiýa — bu «täzelik», «täze girizilen» diýen manylary aňlatmak bilen,